Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň käbir häkimlikleriniň atlaryny we gurluşyny üýtgetmek hakynda Karara gol çekdi

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

- Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap häkimligini döretmeli we gurluşyny tassyklamaly;

- Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap häkimliginiň, Kaka, Tejen we Sarahs etraplarynyň häkimlikleriniň işgär sanyny tassyklamaly;

- Ahal welaýatynyň Baharly etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrap häkimligi diýip atlandyrmaly;

- Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap häkimligini hem-de Kaka şäher häkimligini ýatyrmaly;

Ahal welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

* * *

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

- Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi diýlip atlandyrmaly;

- Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap häkimlikleriniň gurluşy hem-de işgär sanyny tassyklamaly;

- Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplarynyň häkimliklerini ýatyrmaly;

Aşgabat şäheriniň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.