Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowint, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, Surinam Respublikasynyň Prezidenti Dezire Delano Bauterse maşgalasy bilen, Botswana Respublikasynyň Prezidenti Seretse Khamaýan Khama öz gutlaglarynda Täze ýylda parahatçylyk, şatlyk, bagt hem-de asylly maksatlaryň hasyl bolmagyny arzuw edýärler.