Hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.