15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti Yslamabatda bolar

15–16-njy ýanwarda DIM-niň wekiliýeti iş sapary bilen Yslamabatda bolar. Şol ýerde türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleri geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri we ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi giriziler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny we beýleki bilelikdäki möhüm taslamalary, hususan-da, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berler. Iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.