TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
Te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio­gep­le­şik­ler ha­kyn­da

Şu Ka­nun Türk­me­nis­tan­da te­le­wi­de­ni­ýä­niň we ra­dio­nyň iş­le­me­gi­niň hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk, yk­dy­sa­dy we dur­muş esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio­gep­le­şik­ler ba­bat­da ýü­ze çyk­ýan gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­ýär.

I BAP. UMU­MY DÜZ­GÜN­LER

1-nji mad­da. Şu Ka­nun­da ula­nyl­ýan esa­sy dü­şün­je­ler


Şu Ka­nu­nyň mak­sat­la­ry üçin aşak­da­ky esa­sy dü­şün­je­ler ula­nyl­ýar:

1) abo­nent — te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan fi­zi­ki ýa-da ýu­ri­dik şahs;

2) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek — köp­çü­lik­le­ýin ka­bul edil­me­gi üçin te­le­ra­dioö­nüm­le­ri ýaý­ra­dy­jy ta­ra­pyn­dan ýaý­ly­ma goý­be­ril­ýän do­ly ýa-da üýt­gew­siz te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) ýa-da şeý­le top­lum­la­ryň (gep­le­şik­le­riň) esa­sy bö­lek­le­ri­niň ula­ny­lan ýaý­ra­dy­jy teh­ni­ki se­riş­de­le­re ga­ra­maz­dan ka­bul edil­me­gi we şol bir wagt­da gaý­ta­dan (ýa-da ýaz­gy­da) ýaý­ra­dyl­ma­gy. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) ter­ji­me edil­me­gi (dub­lir­le­mek ýa-da sub­titr­ler bi­len üp­jün et­mek ar­ka­ly), eger ol bu te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­na (te­le­ra­dio­gep­le­şi­ge) hu­kuk­ly eýe­si­niň ra­zy­ly­gy bi­len ama­la aşy­ryl­sa, maz­mu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek diý­lip ha­sap edil­me­ýär;

3) gö­ni ýaý­ly­ma ber­mek — des­lap­dan ýaz­gy we mon­taž et­mez­den te­le­ra­dioö­nüm­le­riň gös-gö­ni ýaý­ly­ma ber­li­şi;

4) köp­çü­lik­le­ýin paý­la­ýyş to­ry — te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­ny eme­li hem­ra­dan, ýaý­lym­dan we ka­bel to­run­dan ka­bul et­mek we ola­ry abo­nent­le­riň ara­syn­da paý­la­mak;

5) te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio (mun­dan beý­läk — te­le­ra­dio) — te­le we (ýa-da) ra­dio­ýaý­lym­la­ry­nyň — (mun­dan beý­läk — te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) dö­re­dil­me­gi (top­la­nyl­ma­gy we (ýa-da) buk­ja­lan­ma­gy) we dur­muş­da ula­nyl­ýan te­le we ra­dio ka­bul edi­ji­le­ri­niň kö­me­gi bi­len ýaý­lym (ra­dio­ýy­gy­lyk), eme­li hem­ra, ka­bel we beý­le­ki ýaý­ra­dy­jy­la­ry peý­da­lan­mak bi­len, adam­la­ryň çäk­len­di­ril­me­dik to­pa­ry ta­ra­pyn­dan köp­çü­lik­le­ýin (öz­baş­dak) ka­bul edil­me­gi üçin açyk ýa-da kod­laş­dy­ry­lan usul bi­len ola­ryň te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş to­ry bo­ýun­ça ýaý­ra­dyl­ma­gy;

6) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş to­ry — ýö­ri­te rug­sat (te­le­ra­dioö­nüm­le­ri ýaý­ly­ma goý­ber­mä­ge yg­ty­ýar­na­ma) bo­ýun­ça kes­git­le­nil­ýän we te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­rat­mak üçin peý­da­la­nyl­ýan ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň je­mi;

7) te­le­ýaý­lym, ra­dio­ýaý­lym (mun­dan beý­läk — te­le­ra­dio­ýaý­lym) — te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ýaý­ly­ma ber­liş me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da dö­re­di­len we he­mi­şe­lik at hem-de bel­le­ni­len dö­wür­le­ýin­lik bi­len ýaý­ly­ma çyk­ýan de­giş­li­lik­de te­leö­nüm­le­riň, ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň je­mi;

8) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my — he­mi­şe­lik ady bo­lan we önü­miň bel­li bir te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ýaý­ly­ma ber­liş me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy ta­ra­pyn­dan ýaý­ly­ma be­ril­ýän, ýe­ke-täk dö­re­di­ji­lik kon­sep­si­ýa­sy bi­len bir­leş­di­ri­len te­le­ra­dioö­nüm­le­riň je­mi bo­lan te­le­ra­dio­ýaý­ly­myň bir bö­le­gi, ol onuň beý­le­ki bö­lek­le­ri­ne bag­ly bol­maz­dan peý­da­la­ny­lyp bil­ner;

9) te­le­ra­dioö­nüm — gu­ra­ma­çy­lyk, dö­re­di­ji­lik we te­ma­tik ba­bat­da aý­ra­tyn, ta­mam­la­nan te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­nyň bir bö­le­gi bo­lan we ady, ýaý­ly­my­nyň möç­be­ri, aw­tor­lyk ny­şa­ny bo­lan te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin taý­ýar­la­ny­lan we ni­ýet­le­ni­len ha­bar­la­ryň we ma­te­rial­la­ryň je­mi;

10) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ýaý­ly­ma ber­liş me­ýil­na­ma­sy — te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) sa­na­wy­ny, yzy­gi­der­li­li­gi­ni, ady­ny, an­no­ta­si­ýa­sy­ny, ýaý­ly­ma çyk­ýan wag­ty­ny özün­de sak­la­ýan we anyk dö­wür üçin ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny gör­kez­ýän res­mi­na­ma;

11) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy — önü­mi ýaý­rat­ma­gyň çak­la­nyl­ýan mo­de­li­ni gör­kez­ýän, te­le­ra­dioö­nü­mi ýaý­rat­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma hök­ma­ny go­şun­dy, on­da te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­rat­ma­gyň esa­sy maz­mun­ly hä­si­ýet­na­ma­la­ry (esa­sy te­ma­ti­ka­sy, ug­ry, gör­nüş­le­ri, žanr gur­lu­şy we beý­le­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry) we şu Ka­nu­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ola­ry taý­ýar­la­ma­gyň we ýaý­ly­ma ber­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry kes­git­le­nil­ýär;

12) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy — te­le­ra­dioö­nü­mi­ni ýaý­rat­ma­ga yg­ty­ýar­na­ma­sy bo­lan fi­zi­ki ýa-da ýu­ri­dik şahs;

13) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş sig­na­ly — te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) iber­ýän elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry;

14) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dü­ri­ji — ýaý­rat­mak üçin göz öňün­de tu­tu­lan te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) dö­ret­mek bi­len meş­gul­lan­ýan fi­zi­ki ýa-da ýu­ri­dik şahs;

15) te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dioö­nüm­le­ri­ni ýaý­ra­dy­jy gu­ra­ma (mun­dan beý­läk — te­le­ra­dio­gu­ra­ma) — te­le­ra­dioö­nüm­le­ri ýaý­rat­ma­ga ber­len yg­ty­ýar­na­ma­nyň esa­syn­da te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) dö­red­ýän (top­la­ýan we (ýa-da) buk­ja­la­ýan) we ola­ry ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň kö­me­gi bi­len ýaý­rad­ýan ýu­ri­dik şahs;

16) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ope­ra­to­ry — te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­ly­ma ber­mek hem-de ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek bo­ýun­ça te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny ber­mä­ge yg­ty­ýar­na­ma alan ara­gat­na­şyk ope­ra­to­ry;

17) ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri — ra­dioelekt­ron se­riş­de­ler we teh­ni­ki en­jam­lar, ola­ryň kö­me­gi bi­len te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my (te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler) sarp edi­ji­le­re ýe­ti­ril­ýär;

18) ýaý­ly­ma ber­mek — açyk ýa-da kod­la­nan gör­nüş­de ýe­rüs­ti ýaý­ra­dy­jy en­jam­la­ryň, ka­bel tor­la­ry­nyň ýa-da eme­li hem­ra­la­ryň kö­me­gi bi­len köp­çü­lik­le­ýin ka­bul ediş­lik üçin te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) il­kin­ji ýaý­ra­dyl­ma­gy;

19) ýaý­lym wag­ty — te­le­ra­dioö­nü­mi ýaý­rat­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma la­ýyk­lyk­da te­le­ra­dio­gu­ra­ma ta­ra­pyn­dan te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­niň (ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­niň) ama­la aşy­ryl­ýan wag­ty.

2-nji mad­da. Te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio­gep­le­şik­ler ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy

Te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio­gep­le­şik­ler ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esas­lan­ýar we şu Ka­nun­dan hem-de te­le­ra­dio ba­bat­da me­se­le­le­ri düz­gün­leş­dir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­dan yba­rat.

3-nji mad­da. Şu Ka­nu­nyň he­re­ket ediş çyg­ry

1. Şu Ka­nu­nyň he­re­ke­ti te­le­ra­dio ba­bat­da eýe­çi­li­gi­niň gör­nüş­le­ri­ne, şeý­le hem adam­la­ryň çäk­len­di­ril­me­dik to­pa­ry ta­ra­pyn­dan köp­çü­lik­le­ýin (öz­baş­dak) ka­bul edil­me­gi­ne ni­ýet­le­nen te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­rat­ma­gyň usu­ly­na ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ry­nyň işi­ne de­giş­li­dir.

2. Şu Ka­nu­nyň düz­gün­le­ri, eger Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra şert­na­ma­la­ryn­da baş­ga­ça göz öňün­de tu­tul­ma­sa, Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den da­şar­da dur­ýan we beý­le­ki döw­let­le­riň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry üçin hem, di­ňe Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ola­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) ýaý­rat­ma­gyň ter­ti­bi­ni düz­gün­leş­dir­mek ba­bat­da ula­nyl­ýar.

3. Şu Ka­nu­nyň he­re­ke­ti te­le­ra­dioö­nüm­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ka­bul et­mä­ge ni­ýet­len­me­dik, şeý­le hem te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş sig­nal­la­ry­ny ra­ýat­la­ryň eýe­çi­li­gin­de dur­ýan teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len, gir­de­ji al­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­ma­dyk, di­ňe ra­ýat­la­ryň şah­sy ha­jat­la­ry üçin ka­bul et­mä­ge ni­ýet­le­ni­len ýa­pyk gör­nüş­li we ýö­ri­te mak­sat­ly teh­no­lo­gik te­le­tor­la­ry­ny we ge­çi­ri­ji sim­li tor­la­ry­ny dö­ret­me­giň we işi­niň ýö­rel­ge­le­ri­ni düz­gün­leş­dir­ýän hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­na de­giş­li däl­dir.

4-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­ba­tyn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri

1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­ba­tyn­da döw­let sy­ýa­sa­ty «Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da kes­git­le­ni­li­şi ýa­ly, köp­çü­lik­le­ýin ha­ba­ryň er­kin­li­gi, sen­zu­ra­nyň ýol­be­ril­me­siz­li­gi we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň işi­ne ga­tyş­maz­lyk hem-de er­kin köp­çü­lik­le­ýin be­ril­ýän ha­ba­ryň hy­ýa­nat­çy­ly­gy­na ýol ber­mez­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar.

2. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hök­mün­de te­le­ra­dio­nyň aý­ra­tyn­ly­gy­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne şu­lar hem de­giş­li­dir:

1) te­le­ra­dio se­riş­de­le­ri bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň me­de­ni, bi­lim, ru­hy, mag­lu­mat we beý­le­ki is­leg­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi üçin şert­le­ri dö­ret­mek;

2) te­le­ra­dio­nyň hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­la­ny­lan­da şah­sy­ýe­tiň, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek;

3) te­le­ra­dio ba­bat­da fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ryň işe gat­naş­mak hu­kuk­la­ry­nyň deň­li­gi;

4) te­le­ra­dio hyz­mat­la­ry­ny sarp edi­ji­le­riň, şeý­le hem te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­ba­tyn­da işi ama­la aşyr­ýan fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny hem-de ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak;

5) Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de hal­ky bir­leş­dir­mä­ge ukyp­ly ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş se­riş­de­le­ri bi­len ýur­duň ila­ty­na ýe­tir­mek;

6) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­myn­da (te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler­de) Türk­me­nis­ta­nyň oňyn keş­bi­ni dö­ret­mek we ony mil­li (döw­let) we dün­ýä mag­lu­mat gi­ňiş­li­gin­de öňe iler­let­mek;

7) ýur­duň te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­ny ös­dür­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mek, ýurt­da ön­dü­ri­len te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) önüm­çi­li­gi­ni we ýaý­ra­dyl­ma­gy­ny gol­da­mak;

8) beý­le­ki döw­let­le­riň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan ba­ra­da mag­lu­mat­la­ryň ýer­leş­di­ril­me­gi­ni gi­ňelt­mek;

9) Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li yg­ty­ýar­ly eda­ra­la­ry bi­len şert­na­ma bag­laş­maz­dan da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň gös-gö­ni ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ýol­be­ril­me­siz­lik;

10) haý­sy­dyr bir döw­let­le­riň öz­baş­dak­ly­gy üçin, ol ýa-da beý­le­ki halk­la­ryň mil­li ýa-da kon­fes­sio­nal duý­gu­la­ry üçin mas­ga­ra­laý­jy aýt­ma­la­ra ýa-da sýu­žet­le­re ýol be­ril­ýän ýa-da ka­nu­ny­ly­gyň we ah­lak­ly­ly­gyň ta­lap­la­ry­na gar­şy gel­ýän te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­ne ga­da­gan­lyk.

3. Fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty aşak­da­ky ýa­ly ýö­rel­ge­ler­de hem gu­ral­ýar:

1) fi­zi­ki şah­syň şah­sy hä­si­ýet­li mag­lu­ma­ty go­ra­ma­ga bo­lan hu­ku­gy­ny üp­jün et­mek;

2) ola­ryň fi­zi­ki, akyl ýa-da ah­lak ösü­şi­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýän köp­çü­lik­le­ýin mag­lu­ma­tyň, aý­ra­tyn-da, por­nog­ra­fik we (ýa-da) zor­luk­ly hä­si­ýet bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýaý­ra­dyl­ýan mag­lu­ma­tyň we ýa­ra­maz en­dik­le­ri hö­wes­len­dir­ýän mag­lu­ma­tyň kä­mil­lik ýa­şy­na ýet­me­dik­le­re ýaý­ra­ma­gyn­dan ola­ryň go­ra­gy­ny üp­jün et­mek;

3) ha­ky­ka­ta la­ýyk gel­me­ýän we fi­zi­ki şah­syň na­my­sy­ny hem-de mer­te­be­si­ni kem­sid­ýän ýa-da ýu­ri­dik şah­syň işe­wür ab­ra­ýy­na zy­ýan ýe­tir­ýän ýaý­ly­ma çy­kan mag­lu­mat­la­ryň ýa­la­na çy­ka­ryl­ma­gy­ny fi­zi­ki ýa-da ýu­ri­dik şah­syň ta­lap et­mek hu­ku­gy;

4) te­le­ra­dio ba­bat­da ka­nun­çy­ly­gyň bo­zul­ma­gy üçin jo­gap­kär­çi­li­giň gi­ri­zil­me­gi.

Gör­ke­zi­len ýö­rel­ge­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek «Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

II BAP. TÜRK­ME­NIS­TAN­DA TE­LE­RA­DIO­ÝAÝ­RA­DY­ŞYŇ GÖR­NÜŞ­LE­RI

5-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň çel­gi­le­ri we gör­nüş­le­ri­niň sa­na­wy


1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň gör­nüş­le­ri şu çel­gi­ler bo­ýun­ça kes­git­le­nil­ýär:

1) ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça;

2) eýe­çi­li­gi­niň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça;

3) çäk ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça.

2. Ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş aşak­da­ky gör­nüş­le­re bö­lün­ýär:

1) ana­log ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

2) san­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

3) eme­li hem­ra te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

4) ka­bel te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

5) IP-te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

6) In­ter­net-te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş.

3. Eýe­çi­li­gi­niň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş aşak­da­ky gör­nüş­le­re bö­lün­ýär:

1) döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýan te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan — döw­let te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

2) ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri we (ýa-da) eýe­çi­li­giň döw­le­te da­hyl­syz gör­nü­şin­dä­ki ýu­ri­dik şahs­lar, şeý­le hem öz­baş­dak te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­lar bo­lan fi­zi­ki şahs­lar ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýan te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan ‒ döw­le­te da­hyl­syz te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş.

4. Çäk ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş şu gör­nüş­le­re bö­lün­ýär:

1) mil­li (umu­my­döw­let) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

2) ýer­li te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş;

3) ser­het­ýa­ka te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş.

5. Türk­me­nis­tan­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ul­ga­my­na şu Ka­nun we te­le­ra­dio ba­ba­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry bi­len kes­git­le­nil­ýän ter­tip­de dö­re­dil­ýän te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri gi­rip bi­ler.

6-njy mad­da. Ana­log ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

1. Ana­log ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş, bu te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş sig­na­ly­ny iş­läp geç­me­giň ana­log usul­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­ma­gyň ul­ga­my­dyr.

2. Ana­log ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ber­len, ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­ni peý­da­lan­ma­ga rug­sat­na­ma bo­lan ma­ha­lyn­da ama­la aşy­ryl­ýar.

3. Ana­log ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin bö­lü­nip ber­len ýy­gy­lyk­lar döw­le­tiň mil­li se­riş­de­si­dir we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­la­ry üçin te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­to­ry­na be­ril­ýär.

4. San­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şa do­ly ge­çi­len­den soň ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­ni peý­da­lan­ma­ga bo­lan rug­sat­na­ma­lar we ana­log ýaý­lym te­le­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­la­ry üçin bo­lan iş öz he­re­ke­ti­ni bes ed­ýär­ler.

7-nji mad­da. San­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

1. San­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş, bu te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň asyl nus­ga­da­ky sig­na­ly­nyň san­laş­dy­ryl­ma (gy­syş) usu­ly­ny peý­da­lan­mak bi­len ýe­rüs­ti ýaý­ra­dy­jy be­ket­ler ar­ka­ly te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­mak ul­ga­my­dyr.

2. Türk­me­nis­tan­da san­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň tor­la­ry­ny dö­ret­mek te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­la­ry üçin bö­lü­nip ber­len ýy­gy­lyk­la­ryň, ra­dio­ýy­gy­lyk­la­ryň (ra­dio­ýy­gy­lyk ýaý­lym­la­ry­nyň) zo­lak­la­ry bo­ýun­ça te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň be­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar.

3. Te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar san­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ar­ka­ly ýaý­ra­dy­lan­da ana­log ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­ni peý­da­lan­ma­ga bo­lan rug­sat­na­ma­nyň esa­syn­da he­re­ket ed­ýän te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar ar­tyk­maç­ly­ga eýe­dir­ler.

4. San­ly ýaý­lym te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li tor­la­ry hök­ma­ny ter­tip­de ilat sa­ny azyn­dan 1000 adam bo­lan oba ilat­ly no­kat­la­ra çen­li ýaý­ra­dyl­ýar.

8-nji mad­da. Eme­li hem­ra te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

1. Eme­li hem­ra te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş hem­ra ara­gat­na­şyk­la­ryn­da ýer­leş­di­ril­ýän ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket­ler we te­le ýa-da ra­dio­ýaý­ra­dyş hem­ra ul­gam­la­ry­nyň ýe­rüs­ti be­ket­le­ri­ni peý­da­lan­mak ar­ka­ly te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­ma­gyň ul­ga­my­dyr.

2. Eme­li hem­ra te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş aşak­da­ky ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýar:

1) Türk­me­nis­ta­nyň bü­tin çä­gin­de we il­kin­ji no­bat­da oba we uzak­da­ky ilat­ly no­kat­lar­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş sig­nal­la­ry­ny ýaý­rat­mak;

2) ýur­duň we da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) alyş­mak;

3) hu­su­sy abo­nent­ler we köp­çü­lik­le­ýin paý­la­ýyş tor­la­ry bi­len mil­li (umu­my­döw­let) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­la­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) ka­bul et­mek.

9-njy mad­da. Ka­bel te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

1. Ka­bel te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ka­bel we ýaý­lym-ka­bel tor­la­ry ar­ka­ly te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­mak ul­ga­my­dyr.

2. Ka­bel to­ru­ny dö­ret­mek, ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek, ka­bel ýaý­ra­dy­şyň sig­nal­lar ul­ga­my­ny ulan­mak, te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ýy­gy­lyk­la­ry­ny we ýaý­lym­la­ry­ny ula­ny­şa ber­mek ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň de­giş­li yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar.

10-njy mad­da. IP-te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

IP-te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş komp­ýu­ter ul­gam­la­ry we tor­la­ry üçin hä­si­ýet­li IP-niň iş­le­ýiş usul­la­ry hem-de teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­mak ul­ga­my­dyr.

11-nji mad­da. In­ter­net-te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

In­ter­net-te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş In­ter­net to­ru­nyň se­riş­de­le­ri ar­ka­ly te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­ma­gyň ul­ga­my­dyr.

12-nji mad­da. Mil­li (umu­my­döw­let) we ýer­li te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

1. Mil­li (umu­my­döw­let) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň azyn­dan 90 gö­te­ri­mi­ne el­ýe­ter bo­lan ýaý­ra­dyş­dyr.

2. Ýer­li te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş yg­ty­ýar­na­ma bi­len kes­git­le­ni­len hyz­mat ediş zo­la­gy­nyň ila­ty­nyň azyn­dan 90 gö­te­ri­mi­ne el­ýe­ter bo­lan ýaý­ra­dyş­dyr.

13-nji mad­da. Ser­het­ýa­ka te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş

1. Ser­het­ýa­ka te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş, mu­nuň özi te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş bo­lup, on­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ör­tüş zo­la­gy bir ýa-da bir­nä­çe da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň çä­gi­ni öz içi­ne al­ýar.

2. Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den ýa-da çä­gi­ne ser­het­ýa­ka te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş bag­la­şy­lan hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar.

III BAP. TÜRK­ME­NIS­TAN­DA TE­LE­RA­DIO­ÝAÝ­RA­DYŞ UL­GA­MY

14-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň sub­ýekt­le­ri


Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň sub­ýekt­le­ri­ne te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­bat­da işi ama­la aşyr­mak hu­ku­gy­na de­giş­li yg­ty­ýar­na­ma­sy bo­lan te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­lar we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry de­giş­li­dir, olar jem­le­ni­şip, Türk­me­nis­tan­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ul­ga­my­ny düz­ýär­ler.

15-nji mad­da. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar, ola­ryň hu­kuk­la­ry we borç­la­ry

1. Türk­me­nis­tan­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň esa­sy­ny te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar düz­ýär­ler, olar Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da esas­lan­dy­ry­lan te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­rat­ma­gyň usu­ly­na ga­ra­maz­dan döw­let, hu­su­sy we eýe­çi­li­giň gaý­ry gör­nü­şin­de bo­lup bi­ler.

2. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge al­nan we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş hu­ku­gy­na bo­lan yg­ty­ýar­na­ma­ny alan gü­nün­den hu­kuk ukyp­ly­ly­gy ýü­ze çyk­ýan ýu­ri­dik şahs hök­mün­de dö­re­dil­ýär.

3. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň ady onuň işi­niň gör­nü­şi­ne bo­lan gör­kez­mä­ni özün­de sak­la­ma­ly­dyr.

4. Eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne we gu­ra­ma­çy­lyk-hu­kuk gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan äh­li te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar deň hu­kuk­la­ra eýe­dir­ler we ka­nu­nyň öňün­de bir­meň­zeş jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär­ler.

5. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar aşak­da­ky hu­kuk­la­ra eýe­dir­ler:

1) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da göz öňün­de tu­tu­lan ter­tip­de öz ter­tip­na­ma­la­ýyn işi­ni ama­la aşyr­mak üçin eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan döw­let eda­ra­la­ryn­dan, kär­ha­na­lar­dan, eda­ra­lar­dan, gu­ra­ma­lar­dan ze­rur mag­lu­ma­ty al­ma­ga;

2) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) taý­ýar­la­ma­ga we ýaz­gy­da ýa-da gö­ni ýaý­lym­da ber­mä­ge, ola­ryň au­dio-wi­deo ýaz­gy­sy­ny kö­pelt­mä­ge, sat­ma­ga ýa-da kä­ren­de­si­ne ber­mä­ge;

3) ma­ha­bat işi bi­len meş­gul­lan­ma­ga;

4) öz te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň ýaý­ly­ma ber­liş me­ýil­nam­sy­ny çap et­mä­ge ýa-da bu hu­ku­gy üçün­ji şah­sa ber­mä­ge;

5) hu­kuk eýe­le­ri bi­len öz gol çe­ken şert­na­ma­la­ry bi­len be­ril­ýän yg­ty­ýar­lyk­la­ryň çäk­le­rin­de öz ýaý­rad­ýan te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­ne (şol san­da film­le­re) bo­lan aw­tor­lyk hu­ku­gy­na eýe­lik et­mä­ge;

6) beý­le­ki te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­la­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) di­ňe ola­ryň res­mi ra­zy­ly­gy bi­len peý­da­lan­ma­ga. Ha­çan-da beý­le­ki te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­la­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­rin­den gys­ga­ça bö­lek­ler (her bir te­le­ra­dioö­nüm­ler­den 20 se­kunt­dan köp bol­ma­dyk ýa-da her bir film­den 5 mi­nut­dan köp bol­ma­dyk gys­ga­ça bö­lek­ler) al­nan­da, şeý­le hem okuw mak­sat­la­ryn­da peý­da­lan­mak üçin ra­zy­lyk ta­lap edil­me­ýär;

7) ter­tip­na­ma­la­ýyn borç­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da ga­da­gan edil­me­dik beý­le­ki ze­rur iş bi­len meş­gul­lan­ma­ga.

6. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar şu­la­ra borç­lu­dyr­lar:

1) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­ny ber­jaý et­mä­ge;

2) ob­ýek­tiw mag­lu­ma­ty ýaý­rat­ma­ga;

3) beý­le­ki te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) ýaý­rat­mak­da we ka­bul et­mek­de päs­gel­çi­lik­ler dö­ret­mez­li­ge;

4) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki öl­çeg­le­ri­niň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge;

5) ma­ha­bat işi­niň we he­ma­ýat­kär­li­giň Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ka­da­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge;

6) äh­li halk­la­ryň mil­li mer­te­be­si­ne, mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­na we me­de­ni­ýe­ti­ne hor­mat bi­len ga­ra­ma­ga;

7) öz adyn­dan jar et­mez­lik şer­ti bi­len mag­lu­ma­ty ýa-da beý­le­ki ma­te­rial­la­ry be­ren adam ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ry res­mi­na­ma tas­syk­la­ma­sy­nyň esa­syn­da syr edip sak­la­ma­ga;

8) ka­zy­ýet­de işi se­re­dil­ýä­niň bi­gü­nä­lik pre­zump­si­ýa­sy­ny boz­ýan ma­te­rial­la­ry ýaý­rat­maz­ly­ga;

9) ra­ýa­tyň ra­zy­ly­gy bol­maz­dan onuň şah­sy dur­mu­şy ha­kyn­da­ky mag­lu­ma­ty, eger bu mag­lu­mat jem­gy­ýet­çi­lik ze­rur­ly­gy bo­lup dur­ma­sa, jar et­mez­li­ge. Eger ka­zy­ýet ra­ýa­tyň şah­sy dur­mu­şy ha­kyn­da­ky mag­lu­ma­tyň ýaý­ra­dyl­ma­gy­ny jem­gy­ýet­çi­lik ze­rur­ly­gy di­ýip bil­me­ýän­di­gi­ni yk­rar et­se, ah­lak taý­dan ýe­ti­ri­len zy­ýa­nyň we mad­dy ýit­gi­le­riň Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de öwe­zi do­lun­ýar;

10) nä­dog­ry diý­lip yk­rar edi­len, ýaý­ra­dy­lan mag­lu­ma­tyň ýa­la­na çy­ka­ryl­ma­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ber­mä­ge;

11) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) te­ma­tik dür­lü­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge;

12) por­nog­ra­fik ma­te­rial­la­ry ýaý­rat­maz­ly­ga;

13) ýaý­lym wag­tyn­da hü­när eti­kasy­ny ber­jaý et­mä­ge;

14) şu Ka­nun bi­len bel­le­ni­len beý­le­ki borç­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge.

7. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­ler top­lu­my şu­lar­dan dur­ýar:

1) dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri (te­le­ra­dio­žur­na­list, prod­ýu­ser, re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi, di­zaý­ner, nak­gaş, te­le­ra­dioö­nüm­le­riň (te­le­ra­dio­gep­le­şi­giň) ýol­baş­çy­sy we beý­le­ki dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri), olar we­zi­pe sa­na­wyn­da ýa-da we­zi­pe sa­na­wyn­dan da­şa­ry esas­da mag­lu­ma­ty ýaý­rat­mak üçin pro­fes­sio­nal de­re­je­de ýyg­na­ýar­lar, al­ýar­lar, dö­red­ýär­ler we taý­ýar­la­ýar­lar;

2) beý­le­ki te­le­ra­dioiş­gär­ler (ad­mi­nist­ra­tiw-do­lan­dy­ry­jy­lyk, teh­ni­ki, ho­ja­lyk we beý­le­ki iş­gär­ler), olar öz hü­när işi­niň hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça we we­zi­pe borç­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) dö­re­dil­me­gi­ne we ýaý­ra­dyl­ma­gy­na gat­naş­ýar­lar.

Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­niň zäh­met gat­na­şyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy bi­len düz­gün­leş­di­ril­ýär.

Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gyn­da, zäh­met şert­na­ma­syn­da we köp­çü­lik­le­ýin şert­na­ma­da (yla­la­şyk­da) göz öňün­de tu­tu­lan hu­kuk­lar­dan peý­da­lan­ýar­lar we borç­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Te­le­ra­dio ba­bat­da işi ama­la aşyr­mak üçin pro­fes­sio­nal iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak we hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak dür­li ky­sym­ly we gör­nüş­li de­giş­li hü­när bi­lim eda­ra­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýar, ola­ryň iş­le­me­gi bi­lim ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni we beý­le­ki iş­gär­le­ri­ni gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak we hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär­ler.

16-njy mad­da. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry

1. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýar.

2. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry gu­ra­ma­çy­lyk-hu­kuk — döw­let kär­ha­na­sy gör­nü­şin­de dö­re­dil­ýär.

3. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri şu­lar­dyr:

1) Türk­me­nis­tan­da­ky we da­şa­ry ýurt­lar­da­ky sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik we beý­le­ki wa­ka­lar ha­kyn­da, ila­tyň öm­rü­ne ýa-da sag­ly­gy­na we­him sal­ýan adat­dan da­şa­ry wa­ka­lar we ýag­daý­lar ha­kyn­da te­le­gö­rü­ji­le­re we ra­dio­diň­leý­ji­le­re des­sin ha­bar ber­mek, res­mi wa­ka­la­ry hal­ka ýe­tir­mek, döw­let eda­ra­la­ry­nyň we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň çöz­güt­le­ri­ni dü­şün­dir­mek;

2) jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ne jo­gap ber­ýän yk­dy­sa­dy, pub­li­sis­tik, me­de­ni-bi­lim, luk­man­çy­lyk, çe­per­çi­lik, bi­lim, güý­men­je, sport we beý­le­ki te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) dö­ret­mek we ýaý­rat­mak;

3) ýur­duň ila­ty­nyň ag­zy­bir­li­gi­niň, ra­ýat pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň we raý­daş­ly­gy­nyň aýa­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na we pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­mek;

4) žur­na­lis­ti­ka­nyň ýo­ka­ry stan­dart­la­ry­ny, hu­su­san-da, öz­gä­niň pi­ki­ri­ne sa­byr­ly ga­ra­mak bö­le­gi­ni, her bir ada­myň hu­kuk­la­ry­na hor­mat go­ýul­ma­gy­ny üp­jün et­mek;

5) ila­tyň dür­li mil­li, so­sial, ýaş we beý­le­ki to­par­la­ry­nyň pi­kir­le­ri­ni er­kin aň­lat­mak üçin deň müm­kin­çi­lik­le­ri ber­mek;

6) Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ara­gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, dün­ýä­de onuň ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­na ýar­dam et­mek.

4. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň, ma­ha­bat­dan gel­ýän gir­de­ji­le­ri hem go­şup öz gir­de­ji­le­ri­niň we Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da ga­da­gan edil­me­dik beý­le­ki se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na ama­la aşy­ryl­ýar.

5. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry öz işin­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­dan we ka­nun­la­ryn­dan, te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar ha­kyn­da düz­gün­na­ma­dan gol­dan­ýar­lar.

17-nji mad­da. Jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry

1. Jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry, ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­lar ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýär.

2. Jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan öz te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­niň) ýur­duň ila­ty­na be­ril­me­gi meý­le­tin­dir.

3. Jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry dö­re­di­len­de ola­ryň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry, eger Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da baş­ga­ça göz öňün­de tu­tul­ma­dyk bol­sa, ýur­duň ila­ty ta­ra­pyn­dan şeý­le te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň işi­ni ma­li­ýe­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri­ni abo­nent tö­le­gi­niň ha­sa­by­na çö­züp bi­ler­ler.

4. Jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry te­le­ke­çi­lik işi bi­len meş­gul­lan­mak hu­ku­gy­na eýe däl­dir­ler we di­ňe tä­jir­çi­lik däl ho­ja­lyk işi­ni ama­la aşyr­ýar­lar.

5. Jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­ny do­lan­dyr­ýan eda­ra­la­ryň işi­niň me­se­le­le­ri, dö­ret­me­giň ter­ti­bi şu Ka­nu­nyň düz­gün­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, ola­ryň ter­tip­na­ma­la­ryn­da düz­gün­leş­di­ril­mä­ge de­giş­li­dir.

18-nji mad­da. Hu­su­sy te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar

1. Ra­ýat­la­ryň mag­lu­mat is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, eýe­çi­li­giň döw­le­te da­hyl­ly bol­ma­dyk gör­nü­şin­dä­ki fi­zi­ki we (ýa-da) ýu­ri­dik şahs­lar hu­su­sy te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry dö­ret­mä­ge hak­ly­dyr­lar.

2. Hu­su­sy te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge al­mak Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

3. Hu­su­sy te­le­ra­dio­gu­ra­ma Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da ga­da­gan edil­me­dik äh­li çeş­me­le­riň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ri­lip bil­ner.

19-njy mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry

1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry ýaý­lym, ka­bel, eme­li hem­ra te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ar­ka­ly te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­ni we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär­ler.

2. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry:

1) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar bi­len bag­la­şy­lan şert­na­ma­la­ryň esa­syn­da te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­ly­ma ber­me­gi we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­me­gi ama­la aşyr­ýar­lar;

2) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň to­ru­ny ulan­ma­gyň teh­ni­ki ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýaý­ly­ma ber­me­giň we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­me­giň hil de­re­je­si­ni üp­jün ed­ýär­ler;

3) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki öl­çeg­le­ri­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­ly­ma ber­me­giň we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­me­giň teh­ni­ki hi­li­ni üp­jün ed­ýär­ler;

4) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) maz­mu­ny­ny üýt­get­mez­den te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­ni we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­ni ama­la aşyr­ýar­lar;

5) di­ňe Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da bel­li­ge al­mak ama­ly­ny ge­çen da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­ny ýaý­ly­ma ber­ýär­ler we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­ýär­ler;

6) er­kin, el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­ly­ma ber­ýär­ler we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­ýär­ler;

7) şert­li el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­ly­ma ber­ýär­ler we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­ýär­ler;

8) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy bi­len bel­le­ni­len ter­tip­de res­mi­leş­di­ri­len la­ýyk­lyk ser­ti­fi­kat­la­ry bo­lan te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­rat­mak üçin teh­ni­ki se­riş­de­le­ri peý­da­lan­ýar­lar.

3. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ka­ra­ry bi­len te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li ope­ra­to­ry dö­re­di­lip bil­ner, onuň üs­tü­ne eýe­si bo­lan döw­let ta­ra­pyn­dan te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li to­ru­ny sak­la­mak we ony ös­dür­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler ýük­le­nil­ýär.

4. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li ope­ra­to­ry:

1) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar bi­len bag­la­şy­lan şert­na­ma­la­ryň esa­syn­da te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ra te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li to­ru­ny peý­da­lan­ma­gyň deň hu­ku­gy­ny ber­ýär;

2) Türk­me­nis­ta­nyň tu­tuş çä­gin­de hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň ýaý­ra­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär;

3) er­kin we şert­li el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýaý­ly­ma ber­ýär we (ýa-da) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­ýär;

4) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li to­ru­nyň ýe­ke-täk em­läk top­lu­my­nyň abat sak­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär;

5) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mil­li to­ru­ny ulan­ýar, şeý­le hem ös­dür­ýär we kä­mil­leş­dir­ýär;

6) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­bat­da beý­le­ki hyz­mat­la­ry ed­ýär.

IV BAP. TE­LE­RA­DIO­ÝAÝ­RA­DY­ŞYŇ GU­RA­LY­ŞY

20-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy


1. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň hök­ma­ny ter­tip­de te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy bol­ma­ly­dyr.

2. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy şu­la­ry kes­git­le­ýär:

1) jem­gy­ýe­tiň oňyn fi­zi­ki, akyl we ah­lak ösü­şi­ne ni­ýet­le­nen te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­rat­mak sy­ýa­sa­ty­ny;

2) öz ön­dü­ren te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­nyň pa­ýy­ny;

3) mil­li au­dio­wi­zual önü­miň iň az pa­ýy­ny;

4) da­şa­ry ýurt önüm­çi­li­gi­niň au­dio­wi­zual önü­mi­niň iň köp pa­ýy­ny;

5) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­me­giň iň ýo­ka­ry möç­ber­le­ri­ni we ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­me­gi na­zar­da tu­tul­ýan te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) tak­my­nan sa­na­wy­ny (žanr­lar bo­ýun­ça);

6) te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) žanr taý­dan paý­la­ma­gy.

3. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy­nyň esa­sy­ny aşak­da­ky te­le­ra­dioö­nüm­ler düz­me­li­dir:

1) mag­lu­mat-ana­li­ti­ki;

2) pub­li­sis­tik;

3) me­de­ni-çe­per;

4) yl­my aň-bi­lim;

5) güý­men­je.

21-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş bi­len bag­la­ny­şyk­ly işi yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak

Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş «Işiň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri­ni yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da yg­ty­ýar­ly­lan­dy­ryl­ma­ga de­giş­li­dir.

22-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­la­ry üçin ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­niň peý­da­la­ny­ly­şy

Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­la­ry üçin ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­ni ulan­mak bi­len bag­ly iş «Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry bi­len düz­gün­leş­di­ril­ýär.

23-nji mad­da. Hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy­nyň dö­re­dil­me­gi

1. Ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi çyg­ryn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dü­şün­dir­mek we Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ke-täk mag­lu­mat gi­ňiş­li­gi­ni aýap sak­la­mak hem-de üp­jün et­mek, onuň me­de­ni mi­ra­sy­ny aýap sak­la­mak we ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, dur­muş äh­mi­ýet­li mag­lu­ma­tyň je­mi­ni düz­ýän we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň köp­ýaý­lym­ly tor­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bü­tin çä­gi­ne ýaý­rat­mak üçin hök­ma­ny bo­lan te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň buk­ja­sy dö­re­dil­ýär.

2. Hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy bäs­le­şik esa­syn­da dö­re­dil­ýär.

Hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi ge­çir­mek ha­kyn­da­ky ka­ra­ry te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy ka­bul ed­ýär.

Bäs­le­şi­gi ge­çir­me­giň ter­ti­bi Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nil­ýär.

24-nji mad­da. Er­kin we şert­li el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy­nyň dö­re­dil­me­gi

1. Er­kin el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym se­ret­mek hu­ku­gy üçin sarp edi­ji­ler­den tö­leg al­maz­dan adam­la­ryň çäk­len­di­ril­me­dik to­pa­ry üçin ýaý­ra­dyl­ýan te­le­ra­dio­ýaý­lym­dyr.

2. Er­kin el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wyn­dan, şeý­le hem ýur­duň we da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryn­dan dur­ýar.

3. Hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar­dan baş­ga, er­kin el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy­ny dö­ret­mek te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry ta­ra­pyn­dan te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar bi­len şert­na­ma­la­ýyn şert­ler­de ama­la aşy­ryl­ýar.

4. Şert­li el­ýe­ter te­le­ra­dio­ýaý­lym se­ret­mek müm­kin­çi­li­gi te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­to­ry bi­len muzd­ly şert­na­ma­nyň esa­syn­da sarp edi­ji­le­re üp­jün edil­ýän te­le­ra­dio­ýaý­lym­dyr.

25-nji mad­da. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek

1. Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek çäk­len­di­ril­me­ýär.

2. Ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mä­ge mak­sa­dy bo­lan we te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dü­ri­ji­den mu­ňa rug­sa­dy bo­lan te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­mä­ge ni­ýet­le­nen te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) maz­mu­ny­ny Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­na uý­gun­laş­dyr­ma­ga borç­lu­dyr.

Döw­let di­li­ne ter­ji­me ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­ýän te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) maz­mu­ny­na üýt­get­me­le­riň gi­ri­zil­me­gi diý­lip ha­sap edil­me­ýär.

3. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek hu­ku­gy te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin yg­ty­ýar­na­ma bi­len kes­git­le­nil­ýär.

4. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly hu­kuk gat­na­şyk­la­ry aw­tor­lyk hu­ku­gy we ga­ty­şyk hu­kuk­lar ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

5. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy ta­ra­pyn­dan ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek üçin göz öňün­de tu­tu­lan te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­me­giň ýo­ka­ry möç­ber­le­ri we te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) tak­my­ny sa­na­wy (žanr­lar bo­ýun­ça) te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­na­ma­la­ýyn kon­sep­si­ýa­sy bi­len kes­git­le­nil­ýär.

Ýur­duň te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­nyň te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şy­nyň hep­de­lik möç­be­rin­de da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­nyň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň umu­my möç­be­ri­niň ýig­ri­mi gö­te­ri­min­den ýo­ka­ry geç­me­li däl­dir.

26-njy mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň eme­li hem­ra ar­ka­ly öz­baş­dak ka­bul edi­li­şi

1. Te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň eme­li hem­ra ar­ka­ly öz­baş­dak ka­bul edi­li­şi soň­ra ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­mek hu­ku­gy bol­maz­dan öz­baş­dak eme­li hem­ra ka­bul ediş en­jam­la­ry ar­ka­ly eme­li hem­ra ara­gat­na­şyk ýaý­lym­la­ry bo­ýun­ça te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­lar ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­me­gi­dir.

2. Te­le­wi­zion sig­na­ly­nyň eme­li hem­ra ar­ka­ly öz­baş­dak ka­bul edil­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy bi­len bel­le­ni­len ter­tip­de res­mi­leş­di­ri­len eme­li hem­ra ar­ka­ly te­le­wi­zion sig­na­ly­nyň öz­baş­dak ka­bul edil­me­gi­ni en­jam­laş­dyr­mak üçin la­ýyk­lyk ser­ti­fi­ka­ty ula­nyl­ma­ly­dyr.

3. Ilat­ly no­kat­la­ry aba­dan­laş­dyr­mak, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, beý­le­ki bi­na­la­ry we des­ga­la­ry sak­la­mak ba­bat­da döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan jaý­la­ryň, des­ga­la­ryň we ýa­na­şyk çäk­le­riň howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça teh­ni­ki des­su­ra la­ýyk­lyk­da öz­baş­dak eme­li hem­ra ka­bul ediş en­jam­la­ry­ny ýer­leş­dir­mek bo­ýun­ça ta­lap­lar bel­le­nil­ýär.

27-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ka­bul et­me­giň ul­gam­la­ry

1. Te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ka­bul et­me­giň ul­ga­my bir ja­ýyň çäk­le­rin­de te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry ka­bul et­mek müm­kin­çi­li­gi­ni üp­jün ed­ýän teh­ni­ki se­riş­de­le­riň top­lu­my­dyr.

2. Tä­jir­çi­lik mak­sat­la­ry göz öňün­de tu­tu­lan te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ka­bul et­mek ul­ga­my­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça iş ka­bel te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şa deň­leş­di­ril­ýär we yg­ty­ýar­ly­lan­dy­ryl­ma­ga de­giş­li­dir.

3. Tä­jir­çi­lik mak­sat­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ýan te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ka­bul et­mek ul­ga­my di­ňe jaý eýe­le­ri­niň ýaz­ma­ça ra­zy­ly­gy bi­len bel­le­ni­lip bil­ner.

4. Te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ka­bul et­mek ul­ga­my te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň beý­le­ki ope­ra­tor­la­ry­nyň ýaý­ra­dyş hi­li­ne tä­sir et­me­li däl­dir.

28-nji mad­da. Ýaý­ra­dy­şyň baş­lan­ma­gy

1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy de­giş­li yg­ty­ýar­na­ma­ny alan gü­nün­den al­ty aý­dan gi­jä gal­man ýaý­ra­dyş işi­ne baş­la­ma­ga hak­ly­dyr. Ýaý­ra­dyş işi­ne baş­la­mak ha­kyn­da ol ýaý­ra­dyş işi­ne baş­la­ma­ga çen­li on gün möh­let­de ýaý­rat­ma­ga yg­ty­ýar­na­ma be­ren ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy­na ha­bar ber­mä­ge borç­lu­dyr.

2. Yg­ty­ýar­na­ma­da gör­ke­zil­me­dik çäk­de ýaý­ra­dyş işi­ne, şeý­le hem ýaý­ra­dyş ýaý­ly­my­nyň kä­ren­de­si­ne we tir­ke­şik­li kä­ren­de­si­ne be­ril­me­gi­ne ýol be­ril­me­ýär.

29-njy mad­da. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) ön­dü­ri­li­şi

1. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) önüm­çi­li­gi te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dü­ri­ji ýa-da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­nyň özi ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar.

2. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy bi­len te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dü­ri­ji­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len ter­tip­de bag­la­şy­lan şert­na­ma bi­len düz­gün­leş­di­ril­ýär.

3. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy we te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dü­ri­ji eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne we gu­ra­ma­çy­lyk-hu­kuk gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan döw­let buý­ru­jy­sy hök­mün­de te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy bo­lan te­le­ra­dioö­nüm­le­ri (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dür­mek we ýaý­rat­mak bo­ýun­ça döw­let bu­ýur­ma­sy­ny bäs­le­şik esa­syn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge hak­ly­dyr.

Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dür­mek we ýaý­rat­mak bo­ýun­ça döw­let bu­ýur­ma­la­ry­ny dö­ret­me­giň, ýer­leş­dir­me­giň, ma­li­ýe­leş­dir­me­giň we ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ter­ti­bi Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýär.

30-njy mad­da. Çy­kyş mag­lu­mat­la­ry

1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy ýaý­ra­dy­şyň bar­şyn­da öz çy­kyş mag­lu­mat­la­ry­ny ha­bar ber­mä­ge borç­lu­dyr, ola­ra şu­lar de­giş­li­dir:

1) te­le­ra­dioö­nü­miň ady;

2) te­le­ra­dioö­nü­miň ýaý­ly­ma be­ril­jek wag­ty;

3) aw­to­ryň we ýaý­ly­ma goý­ber­mä­ge rug­sat be­ren baş re­dak­to­ryň (re­dak­to­ryň) ady we fa­mi­li­ýa­sy;

4) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­nyň ady we sal­gy­sy;

5) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy ta­ra­pyn­dan ýer­leş­di­ri­lip bi­lin­jek beý­le­ki mag­lu­mat­lar.

2. Eger te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy gü­nüň do­wa­myn­da ýaý­ly­ma çyk­sa, ol azyn­dan dört ge­zek, ga­lan ýag­daý­lar­da ýaý­ly­ma çyk­ma­gyň ba­şyn­da we so­ňun­da öz çy­kyş mag­lu­mat­la­ry­ny yg­lan et­me­li­dir.

31-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň bes edil­me­gi

1. Eger yg­ty­ýar­na­ma­nyň he­re­ket ediş möh­le­ti uzal­dyl­ma­sa, on­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin yg­ty­ýar­na­ma­nyň möh­le­ti­niň ta­mam­lan­ma­gy ýa-da şu Ka­nu­nyň we işiň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri­ni yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin yg­ty­ýar­na­ma­nyň tog­ta­dyl­ma­gy ýa-da yzy­na alyn­ma­gy (ýa­ty­ryl­ma­gy) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şy bes et­mek üçin esas­lar bo­lup dur­ýar.

2. Yg­ty­ýar­na­ma­nyň he­re­ket ediş möh­le­ti­niň gu­ta­ran ýa-da ýa­ty­ry­lan gü­nün­den bir gi­je-gün­di­ziň için­de yg­ty­ýar­na­ma­nyň eýe­si te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şy bes et­mä­ge borç­lu­dyr.

3. Yg­ty­ýar­na­ma­ny ýa­tyr­mak ha­kyn­da res­mi ha­bar al­nan­dan soň te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň do­wam et­di­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň de­giş­li ope­ra­to­ry­nyň jo­gap­kär­çi­li­gi­ne elt­ýär.

32-nji mad­da. Ha­bar­çy no­kat­la­ry­nyň, şa­ham­ça­la­ry­nyň we we­kil­lik­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi

1. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da ha­bar­çy no­kat­la­ry­ny, şa­ham­ça­la­ry­ny we we­kil­lik­le­ri­ni dö­ret­mä­ge hak­ly­dyr­lar.

2. Ha­bar­çy no­kat­la­ry, şa­ham­ça­la­ry we we­kil­lik­le­ri te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň gur­luş dü­züm bir­lik­le­ri­dir we ola­ryň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýär­ler.

3. Ha­bar­çy no­kat­la­ry­nyň, şa­ham­ça­la­ry­nyň we we­kil­lik­le­ri­niň te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ýaý­ly­myn­da öz­baş­dak ýaý­ra­dyş işi­ne hem-de mag­lu­mat we ma­ha­bat ser­gi­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­ga hu­ku­gy ýok­dur.

33-nji mad­da. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň iş­gär­le­ri­niň akk­re­di­ta­si­ýa­sy

Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ryn­da we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, akk­re­di­ta­si­ýa­nyň ter­ti­bi he­re­ket ed­ýän eda­ra­lar­da, gu­ra­ma­lar­da we kär­ha­na­lar­da «Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, ola­ryň işi­ni şöh­le­len­dir­mek üçin öz iş­gär­le­ri­ni akk­re­di­tir­le­mä­ge hu­ku­gy bar­dyr.

34-nji mad­da. Beý­le­ki te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) peý­da­lan­ma­ga bo­lan rug­sat

1. Beý­le­ki te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­ni) peý­da­lan­mak «Aw­tor­lyk hu­ku­gy we ga­ty­şyk hu­kuk­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

2. Da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ýaý­ra­dy­lan­da ola­ra haý­sy­dyr bir üýt­get­me­le­ri gi­riz­mek ga­da­gan­dyr, au­dio­wi­zual önü­miň eýe­le­ri bi­len yla­la­şyk­la­ryň kes­git­le­ni­len ýa-da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da göz öňün­de tu­tu­lan ha­lat­la­ry mu­ňa de­giş­li däl­dir.

35-nji mad­da. Au­dio­wi­zual eser­le­riň ha­sa­ba al­ny­şy we ola­ryň nus­ga­la­ry­ny (ýaz­gy­la­ry­ny) sak­la­ma­gyň ter­ti­bi

1. Her bir te­le­ra­dio­gu­ra­ma te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň ýaý­ly­ma be­ren ýa-da ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ren te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň ha­sa­ba al­nyş ki­ta­by­ny ýö­ret­mä­ge borç­lu­dyr.

2. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ha­sa­ba al­nyş ki­ta­byn­da şu­lar bel­le­nil­ýär:

1) te­le­ra­dioö­nü­miň ýaý­ly­ma çy­kan se­ne­si, baş­lan we gu­ta­ran wag­ty;

2) te­le­ra­dioö­nü­miň ady we te­ma­sy;

3) te­le­ra­dioö­nü­miň aw­tor­la­ry­nyň we alyp ba­ry­jy­la­ry­nyň fa­mi­li­ýa­la­ry;

4) te­le­ra­dioö­nü­miň di­li.

3. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ha­sa­ba al­nyş ki­ta­by on­da soň­ky ýaz­gy­nyň gü­nün­den al­ty aýyň do­wa­myn­da te­le­ra­dio­gu­ra­ma ta­ra­pyn­dan sak­la­nyl­ýar.

4. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň ýaý­ly­ma be­ren ýa-da ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ren ýa-da ola­ryň ýaý­ly­ma be­ril­me­gi­ni üp­jün eden te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň äh­li­si ýa­zyl­ma­ly­dyr we eger bu möh­let­de onuň maz­mu­ny ba­bat­da şi­ka­ýat ge­lip go­wuş­ma­sa, ola­ryň ýaý­ra­dy­lan se­ne­sin­den ýe­di gü­nüň do­wa­myn­da sak­la­nyl­ma­ly­dyr.

5. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň maz­mu­ny ba­bat­da şi­ka­ýat ber­len­de şi­ka­ýa­ta ga­ral­ýan­ça we ol bo­ýun­ça çöz­güt bel­le­ni­len ter­tip­de ka­bul edil­ýän­çä onuň ýaz­gy­sy sak­la­nyl­ýar.

6. Ta­ry­hy, çe­per­çi­lik, me­de­ni ýa-da baş­ga gym­ma­ty bo­lan te­le­ra­dioö­nüm­le­ri uzak­möh­let­le­ýin sak­la­ma­gyň şert­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy bi­len kes­git­le­nil­ýär.

36-njy mad­da. Res­mi ha­bar­la­ryň we beý­le­ki hök­ma­ny mag­lu­mat­la­ryň ýaý­ra­dyl­ma­gy

1.Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň res­mi ha­bar­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan bel­le­nil­ýän ter­ti­be la­ýyk­lyk­da ber­ýär­ler.

2. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar eýe­çi­li­gi­niň gör­nüş­le­ri­ne ga­ra­maz­dan adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar ha­kyn­da­ky ha­bar­la­ry hal­ka mugt ýaý­rat­ma­ga borç­lu­dyr­lar. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şy bu mak­sat­lar bi­len peý­da­lan­ma­ga bo­lan hu­kuk adat­dan da­şa­ry ýag­daý şert­le­rin­de ka­rar ka­bul et­mä­ge yg­ty­ýar­ly döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­na we we­zi­pe­li adam­la­ra de­giş­li­dir.

3. Döw­let te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň de­pu­tat­lyk işi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çy­kyş­la­ry­na müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün et­mek üçin wag­ty we gör­nüş­le­ri göz öňün­de tut­ma­ga borç­lu­dyr­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň baş­ga me­se­le­ler bo­ýun­ça te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­re gat­naş­ma­gy umu­my esas­lar­da ama­la aşy­ryl­ýar.

37-nji mad­da. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň saý­law ge­çi­ril­ýän wag­tyn­da­ky işi

Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň saý­law ge­çi­ril­ýän dö­wür­dä­ki işi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si bi­len düz­gün­leş­di­ril­ýär.

38-nji mad­da. Aý­ra­tyn ýag­daý­lar­da­ky ýaý­ra­dyş

1. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da ýa-da onuň aý­ry-aý­ry ýer­le­rin­de adat­dan da­şa­ry we (ýa-da) har­by ýag­daý wag­tyn­da te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň aý­ra­tyn iş düz­gü­ni bel­le­ni­lip bil­ner.

2. Adat­dan da­şa­ry we (ýa-da) har­by ýag­daý wag­tyn­da ýaý­ra­dy­şy düz­gün­leş­dir­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy bi­len kes­git­le­nil­ýär.

39-njy mad­da. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­myn­da (te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler­de) ma­ha­bat

Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar öz te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lu­myn­da (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­rin­de) ma­ha­ba­ty «Ma­ha­bat ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da göz öňün­de tu­tu­lan ter­tip­de ýer­leş­dir­mä­ge hak­ly­dyr­lar.

40-njy mad­da. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne he­ma­ýat­kär­le­riň gat­naş­ma­gy

1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­jy­lar ýa-da te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­ny (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) ön­dü­ri­ji­ler bo­lup dur­ma­ýan ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­lar öz ady­ny, söw­da mar­ka­sy­ny, işi­niň gör­nü­şi­ni ýa-da ab­ra­ýy­ny ýaý­rat­mak mak­sa­dy bi­len, gö­ni ýa-da beý­le­ki bir ta­ra­pyň üs­ti bi­len ma­li­ýe­leş­dir­mek ar­ka­ly te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi­ne gat­na­şyp bi­ler­ler.

2. He­ma­ýat­kär ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän te­le­ra­dioö­nüm­ler­de he­ma­ýat­kär ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar (at­lan­dy­ry­ly­şy ýa-da ady, söw­da ýa-da fir­ma mar­ka­sy, ny­şa­ny) ola­ryň ba­şyn­da we ahy­ryn­da titr­ler ýa-da dik­to­ryň sö­zi bi­len anyk we ta­kyk bel­le­nil­me­li­dir.

3. He­ma­ýat­kä­riň mag­lu­mat­la­ry (sal­gy­sy, te­le­fo­ny, ha­sap­la­şyk ha­sa­by we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry), şeý­le hem ha­ry­dyň ýa-da hyz­mat­la­ryň sarp edi­ji­lik hi­li gör­ke­zil­me­ýär.

4. Te­le­ra­dioö­nü­miň ýaý­ly­ma be­ril­ýän wag­tyn­da he­ma­ýat­kär­ler ha­kyn­da mag­lu­ma­ty is­len­dik gör­nüş­de ýa-da baş­ga usul bi­len ha­bar ber­mek ga­da­gan­dyr.

5. He­ma­ýat­kär ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän te­le­ra­dioö­nüm­ler ýaý­ly­ma ber­len­de onuň ha­ryt­la­ry­nyň ýa-da hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­niň ady­na bo­lan gö­ni ýa-da giz­lin sal­gy­lan­ma­la­ry özün­de sak­la­ma­ly däl­dir.

6. He­ma­ýat­kär­le­riň te­le­ra­dioö­nüm­le­riň wag­ty­na we maz­mu­ny­na tä­sir et­mä­ge, şeý­le hem te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň we ola­ryň iş­gär­le­ri­niň hü­när işi­ne ga­tyş­ma­ga hu­ku­gy ýok­dur.

7. Tä­ze­lik­le­riň goý­be­ri­li­şi we sy­ýa­sy mag­lu­mat top­lum­la­ry he­ma­ýat­kär­le­riň ma­li­ýe kö­me­gin­de taý­ýar­la­ny­lyp bi­lin­mez.

8. Esa­sy işi ha­ryt­la­ry ön­dür­mek ýa-da ýer­le­mek we hyz­mat­la­ry et­mek bo­lup, ola­ryň te­le­wi­de­ni­ýe­dä­ki we (ýa-da) ra­dio­da­ky ma­ha­ba­ty bol­sa «Ma­ha­bat ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da ga­da­gan edi­len ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­lar he­ma­ýat­kär­ler bo­lup çy­kyş edip bil­mez­ler.

41-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş çyg­ryn­da bäs­deş­lik

1. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar öz işi­ni ama­la aşy­ran­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň an­ti­mo­no­pol ka­nun­çy­ly­gy­ny ber­jaý et­me­li­dir­ler we ada­lat­syz bäs­deş­li­ge ýol ber­me­li däl­dir­ler.

2. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş çyg­ryn­da yk­dy­sa­dy bäs­deş­li­gi ös­dür­mek üçin şert­ler Türk­me­nis­ta­nyň an­ti­mo­no­pol ka­nun­çy­ly­gy bi­len bel­le­nil­ýär.

42-nji mad­da. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň işin­de dil­le­riň ula­ny­ly­şy

1. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar te­le­ra­dioö­nüm­le­riň ýaý­ly­ma ber­li­şi­ni döw­let we beý­le­ki dil­ler­de alyp bar­ýar­lar.

Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri­niň) di­li (dil­le­ri) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin yg­ty­ýar­na­ma­nyň şert­le­ri bi­len kes­git­le­nil­ýär.

2. Her bir te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň te­le­ra­dioö­nü­mi ýaý­rat­ma­gy­nyň umu­my möç­be­rin­de we wag­tyn­da te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­riň) ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy döw­let di­lin­de al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr.

Ha­çan­-da önü­miň ýaý­ly­ma ber­li­şi döw­let di­lin­de al­nyp ba­ryl­sa, mil­li (umu­my­döw­let) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş üçin ýaý­lym wag­ty­nyň pa­ýy gi­je-gün­diz­ki te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň umu­my möç­be­ri­niň azyn­dan 75 gö­te­ri­mi­ni düz­me­li­dir.

3. Eger fil­miň we (ýa-da) beý­le­ki te­le­ra­dioönü­miň asyl nus­ga­sy­nyň (ýa-da dub­lir­le­me­giň) di­li döw­let di­li bol­ma­sa, şeý­le film­ler we (ýa-da) te­le­ra­dioö­nüm­ler ola­ry döw­let di­lin­de ses dub­lir­le­me­giň şer­tin­de ýaý­ly­ma be­ril­ýär.

4. Da­şa­ry ýurt au­di­to­ri­ýa­sy üçin ýaý­ra­dyş döw­let we de­giş­li da­şa­ry ýurt dil­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

43-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş tor­la­ry

1. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş tor­la­ry ara­gat­na­şyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ryň ýe­ke-täk to­ru­nyň dü­züm bir­li­gi­dir, Türk­me­nis­ta­nyň we da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň çä­gin­de te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­ny ýaý­rat­mak hem-de ýaý­ly­ma ber­mek üçin ula­nyl­ýan ýe­rüs­ti we eme­li hem­ra ul­gam­la­ry­nyň ýe­ke-täk önüm­çi­lik-teh­no­lo­gik top­lu­my­ny düz­ýär­ler.

2. Döw­let te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­ny ýaý­rat­mak we ýaý­ly­ma ber­mek üçin te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň ope­ra­tor­la­ry­nyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­ni peý­da­lan­mak bi­len, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ryň ýe­ke-täk to­ru­na esas­lan­ýan te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň umu­my­döw­let we se­bit tor­la­ry dö­re­dil­ýär. Hu­su­sy te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar öz te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­ny ýaý­rat­mak we ýaý­ly­ma ber­mek üçin hem özü­niň, hem bag­la­şy­lan şert­na­ma­nyň şert­le­rin­de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ryň beý­le­ki tor­la­ry­ny peý­da­lan­ma­ga hak­ly­dyr­lar.

44-nji mad­da. Mil­li (umu­my­döw­let) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň bäh­bit­le­ri­niň go­ra­ly­şy

1. Ýur­duň te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­nyň te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şy­nyň hep­de­lik möç­be­ri­niň azyn­dan 50 gö­te­ri­mi­ni ýur­duň te­le­ra­dioö­nüm­le­ri­niň top­lum­la­ry (te­le­ra­dio­gep­le­şik­le­ri) we türk­men aw­tor­la­ry­nyň ýa-da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri­niň saz eser­le­ri düz­me­li­dir.

2. Te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lu­my ýaý­ly­ma ber­len­de ýa-da ara­lyk ka­bul edi­ji we ýaý­ra­dy­jy be­ket ar­ka­ly ýaý­ly­ma ber­len­de onuň döw­let di­li­ne ter­ji­me­si ses dub­lir­le­me gör­nü­şin­de ama­la aşy­ryl­ýar.

3. Por­nog­ra­fik we ýö­ri­te jyn­sy-ero­tik hä­si­ýet­li te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­nyň ýaý­ly­ma çyk­ma­gy, şeý­le hem ki­no we wi­deoö­nüm­le­ri­niň gör­ke­zil­me­gi, re­him­siz­lik we zor­luk ynanç­la­ry­nyň wa­gyz edil­me­gi ga­da­gan­dyr.

45-nji mad­da. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň we en­jam­la­ry­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ry­ly­şy

Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň we en­jam­la­ry­nyň ser­ti­fi­kat­laş­dy­ryl­ma­gy «Ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na we Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar.

V BAP. TE­LE­RA­DIO BA­BA­TYN­DA DÖW­LET DÜZ­GÜN­LEŞ­DIR­ME­SI

46-njy mad­da. Te­le­ra­dio ba­ba­tyn­da döw­let düz­gün­leş­dir­me­si­ni ama­la aşyr­ýan eda­ra­lar


1. Te­le­ra­dio ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti, şeý­le hem te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­la­ry ama­la aşyr­ýar­lar.

2. Te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­la­ry­na şu­lar de­giş­li­dir:

1) te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­togra­fi­ýa ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy;

2) te­le­ra­dio işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bö­le­gin­de ara­gat­na­şyk ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy.

47-nji mad­da. Te­le­ra­dio ba­ba­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň yg­ty­ýar­ly­ly­gy

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti:

1) Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň, şu Ka­nu­nyň, te­le­ra­dio ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň we hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär;

2) te­le­ra­dio ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny kes­git­le­ýär;

3) te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­me­si­ni ama­la aşyr­ýar;

4) te­le­ra­dio ba­bat­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny tas­syk­la­ýar;

5) hal­ka­ra stan­dart­la­ry­nyň we tej­ri­be­si­niň, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­nyň we öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň we ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­syn­da te­le­ra­dio ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär;

6) te­le­ra­dio ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň we kä­mil­leş­dir­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny ka­bul ed­ýär we ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär;

7) te­le­ra­dio­nyň sub­ýekt­le­ri­niň döw­let gol­da­wy­ny gu­ra­ýar;

8) te­le­ra­dio ba­bat­da da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün ed­ýär;

9) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­le­ra­dio ba­bat­da beý­le­ki yg­ty­ýar­lyk­la­ry ama­la aşyr­ýar.

48-nji mad­da. Te­le­ra­dio ba­ba­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­la­ry­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry

1. Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy:

1) te­le­ra­dio ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýar;

2) te­le­ra­dio ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň we kä­mil­leş­dir­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar we dur­mu­şa ge­çir­ýär;

3) te­le­ra­dio ba­bat­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar;

4) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş ba­bat­da yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­ma­gy ama­la aşyr­ýar;

5) te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň sa­na­wy­ny ýö­red­ýär;

6) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň döw­let gu­ra­ma­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär;

7) te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ra usu­ly­ýet kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär;

8) te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­niň taý­ýar­ly­gy­ny, gaý­ta­dan taý­ýar­ly­gy­ny we hü­nä­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny gu­ra­ýar;

9) te­le­ra­dio­nyň iş­gär­le­ri­niň mad­dy we ru­hy hö­wes­len­dir­me­si­niň çä­re­si­ni ama­la aşyr­ýar;

10) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça jem­gy­ýet­çi­lik ge­ňeş­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär;

11) te­le­ra­dio ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär;

12) te­le­ra­dio ba­bat­da döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li çä­re­le­ri gu­ra­ýar we ge­çir­ýär;

13) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­le­ra­dio ba­bat­da beý­le­ki yg­ty­ýar­lyk­la­ry ama­la aşyr­ýar.

2. Te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly bö­le­gin­de ara­gat­na­şyk ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­sy «Ara­gat­na­şyk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da yg­ty­ýar­lyk­la­ry ama­la aşyr­ýar.

49-njy mad­da. Te­le­ra­dio­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça to­par

1. Te­le­ra­dio ba­bat­da jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak we go­ra­mak, şeý­le hem ila­tyň te­le­ra­dioö­nüm­le­riň top­lum­la­ry­na is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da mas­la­hat be­ri­ji eda­ra — Te­le­ra­dio­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­ýär.

2. Te­le­ra­dio­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça to­pa­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri şu­lar­dyr:

1) te­le­ra­dio ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak;

2) hök­ma­ny te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň sa­na­wy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak;

3) te­le­ra­dio­ýaý­ra­dy­şyň mak­sat­la­ry üçin ýy­gy­lyk­la­ryň, ra­dio­ýy­gy­lyk­la­ryň (ra­dio­ýy­gy­lyk ýaý­lym­la­ry­nyň) zo­lak­la­ry­ny paý­la­mak bo­ýun­ça bäs­le­şi­ge gat­naş­mak üçin da­laş­gär­le­riň ýüz­tut­ma­la­ry­na ga­ra­mak we ola­ryň ýe­ňi­ji­le­ri­ni dö­re­di­ji­lik, teh­ni­ki we ma­li­ýe tek­lip­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len kes­git­le­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak.

3. Te­le­ra­dio­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça to­par iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan tek­lip­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­ýär.

4. Te­le­ra­dio­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça to­par ha­kyn­da düz­gün­na­ma Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyl­ýar.

VI BAP. TE­LE­RA­DIO BA­BA­TYN­DA HAL­KA­RA HYZ­MAT­DAŞ­LY­GY

50-nji mad­da. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy


Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ryň te­le­ra­dio ba­bat­da da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň we yla­la­şyk­la­ry­nyň esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar.

51-nji mad­da. Da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň işi we da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ýaý­ra­dy­ly­şy

1. Da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň akk­re­di­ta­si­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň ýa-da da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň hö­dür­na­ma­sy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýär.

2. Da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň akk­re­di­tir­le­nen we­kil­le­ri­niň te­le­ra­dio­gu­ra­ma­nyň iş­gä­ri­niň şu Ka­nun­da göz öňün­de tu­tu­lan hu­kuk­la­ry we borç­la­ry bar­dyr.

3. Bel­le­ni­len ter­tip­de Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­len­me­dik da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri öz işi­ni da­şa­ry ýurt ýu­ri­dik şahs­la­ryň iş­gär­le­ri hök­mün­de ama­la aşyr­ýar­lar.

4. Da­şa­ry ýurt te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da we te­le­ra­dio ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň yg­ty­ýar­ly eda­ra­syn­da olar hök­ma­ny ha­sa­ba goý­lan şer­tin­de ýaý­ra­dyl­ýar.

VII BAP. JEM­LEÝ­JI DÜZ­GÜN­LER

52-nji mad­da. Şu Ka­nu­nyň bo­zul­ma­gy üçin jo­gap­kär­çi­lik


Şu Ka­nu­nyň bo­zul­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­ni­len jo­gap­kär­çi­li­ge elt­ýär.

53-nji mad­da. Şu Ka­nu­nyň he­re­ke­te gir­me­gi

1. Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den he­re­ke­te gir­ýär.

2. Şu Ka­nu­na la­ýyk ge­ti­ril­ýän­çä he­re­ket ed­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry şu Ka­nu­na gar­şy gel­me­ýän bö­le­gin­de ula­nyl­ýar.

3. Şu Ka­nu­nyň he­re­ke­te gir­me­gi­ne çen­li te­le­ra­dio (te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş) üçin ber­len äh­li yg­ty­ýar­na­ma­lar olar­da kes­git­le­nen bel­li bir he­re­ket ediş möh­le­ti­niň gu­tar­ma­gy­na çen­li he­re­ket ed­ýär­ler. Te­le­ra­dio (te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş) üçin yg­ty­ýar­na­ma­nyň he­re­ket ediş möh­le­ti uzal­dy­lan­da ol şu Ka­nu­nyň ta­lap­la­ry­na we işiň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri­ni yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da be­ril­ýär.

4. Te­le­ra­dio­gu­ra­ma­lar şu Ka­nu­nyň he­re­ke­te gi­ren gü­nün­den al­ty aýyň için­de şu Ka­nu­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da öz ter­tip­na­ma­la­ry­ny tas­syk­la­ma­ly­dyr­lar we gaý­ta­dan bel­li­ge al­dyr­ma­ly­dyr­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2018-nji ýy­lyň 5-nji ýan­wa­ry.