Agrar partiýanyň III gurultaýynda Merkezi geňeşiniň täze başlygy saýlandy

Surata düşüren: Ýuriý Şkurin

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy boldy. Onda döwletimiziň giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurultaýa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 500-den gowrak wekil gatnaşýao. Şeýle hem oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerniň wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Agrar partiýanyň gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda ýurdumyzyň agrar partiýasynyň beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini berkitmek, daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmak boýunça ägirt uly işleri alyp barýandygy bellenilýär.

Agrar partiýanyň işjeň agzalary obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän döwlet goldawynyň we ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Obasenagat toplumy üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň, suwaryş ulgamynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, täze tarp ýerleriň özleşdirilmegi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gök ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işiniň ösdürilmegi boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Oba hojalyk önümçiliginiň köpugurly esasda ösdürilmegine, häzirkizaman obasenagat kärhanalarynyň, gaýtadan işleýän desgalaryň ösdürilmegine, onuň esasynda ýokary hilli we köp görnüşleri önümleriň möçberleriniň artydylmagyna uly üns berilýär. Türkmen obalarynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň hem-de "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde nusgalyk şäherçeleriň peýda bolmagy döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň, her bir maşgalanyň we her bir raýatyň abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladany esasy ugur edinýän döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky suutnamasydyr.

Şunuň ýaly giň möçberli we köpugurly işlere oba ilatynyň bähbidini ileri tutýan Agrar partiýasy işjeň gatnaşýar. Wekilleriň we partiýa agzalarynyň belleýişleri ýaly, olar özleriniň hünär işlerinde we alyp barýan jemgyýetçilik-syýasy çärelerinde ýurdumyzy hil taýdan täze belentliklere çykarmaga gönükdirilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllada durmuş-ykdysady taýdan ösdürmgiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Häzirki döwürde Agrar partiýasy öz hatarlaryna obany hemmetaraplaýyn ösdürmäge höwesli bolan oba hojalyk hünärmenlerini çekýär. Olar ekerançylyk meýdanlarynda we pudagyň beýleki ugurlarynda netijeli zähmet çekmek bilen, oba hojalyk kärhanalarynyň netijeli dolandyrylmagy, bu ugra öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýaş syýasy hereketiň işjeň agzalarynyň hem-de häzirki gurultaýyň wekilleriniň öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşjakdygy bellenildi.

Netijeli köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy emele getirmegiň çäklerinde türkmen jemgyýetiniň yzygiderli ösüşi we onuň demokratiziýalaşdyrylmagy netijesinde 2014-nji ýylyň sentýabrynda Agrar partiýasy döredildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň başynda “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen bu başlangyjyň binýady tutuldy. 2012-nji ýylyň awgust aýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. Täze döredilen partiýalar ýurdumyzyň syýasy durmuşynda öňden bäri hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ýokary depginler bilen ösmegine jemgyýetçilik taýdan öz täsirini ýetirýärler.

Gurultaýda guramaçylyk meselelerine garaldy. Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna şu partiýanyň Mary welaýat komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän B.Annagurbanow saýlanyldy.