Çölde pisse ýetişdirmek boýunça synag işleri netijeli alnyp barylýar

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň (ÇÖHDMI) tokaýlaryň we öri meýdanlarynyň ekologiýasy laboratoriýasynda Merkezi Garagumda lagym-zeýkeş we dürli derejede minerallaşan ýerasty suwlaryny ulanyp, hozmiweli ösümlikleriň ýerli görnüşlerini ýetişdirmek boýunça köpýyllyk ylmy barlaglar dowam edýär.

Laboratoriýanyň uly ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowanyň aýtmagyna görä, bu synaglar 2014-nji ýylyň dekabrynda Bokurdak obasynyň demirgazygynda taşlandy zeýkeş suwlarynyň golaýynda geçirilip başlandy. 2015-nji ýylda synag meýdançasynda adaty badam we hakyky pisse ekildi. Olaryň ösüşini we boý alşyny gowulandyrmak üçin mineral hem-de organiki dökünler ulanyldy. Laboratoriýanyň işgärleri guraklyga we duzlara durnukly beýleki miweli ekinleri hem synag etmegi göz öňünde tutýarlar. Üç ýyllap ylmy barlag geçirlenden soň pisse agaçlarynyň 450-si we badam agaçlarynyň 350-si bag ekmekde ulanmak üçin ýerli ilata berildi. Meýdançalarda galan üç ýyllyk ekinleriň duzlaşan ýerlere durnuklylyk derejesini kesgitlemek üçin olara gözegçilik ediler.

Institutyň Garryguldaky stasionar meýdançasyndaky duzlaşan takyrlarda 1990-njy we 2007-nji ýyllarda ekilip başlanan pisseler eýýäm gowy miwe berip başlady. Bu ýerde laboratoriýanyň hünärmenleri badam ekip, ony suwarmak üçin 1 litr suwda 7 gram duz bolan ýerasty suw ulanýarlar. Iki ýyllyk tejribeleriň netijesinde hozmiweli ekinler çöl şertlerine uýgunlaşdy.

Şeýle ylmy işler ilkinji gezek geçirilýär. Bu synaglar ösümlik dünýäsiniň şu wekilleri baradaky maglumatlary artdyrmaga, olaryň guraklyga we duzlaşan ýerlere uýgunlaşma çägini kesgitlemäge mümkinçilik berer.