Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň analitikleri ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň (ÇÖHDMI) düzüminde bir ýyldan gowrak wagt bäri ylmy-tehniki maglumatlar we taslamalar bölümi hereket edýär. Täze bölümiň hünärmenleri ekoulgamy gorap saklamagyň we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagyň dürli ulgamlarynda dünýä tejribesini seljermek bilen meşgullanýarlar. Garagumuň öri meýdanlarynda tokaýlary kemala getirmek we Köpetdagyň eteginde we dag etek jülgelerde bag ekmek boýunça çäreleriň ylmy taýdan üpjünçiligi olaryň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan wezipeleridir.

Bu bölümiň müdiri Nury Atamyradowyň belleýşi ýaly, institutyň täze bölümi bag ekmek çärelerinde we tokaýlary kemala getirmekde, bilelikdäki ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem tebigaty goraýyş milli işlere ekologiýa menejmentiniň dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň ugurlary boýunça maslahat kömegini bermäge niýetlenendir.

Häzirki wagtda tokaý hojalygynyň işgärleri we bagbanlar üçin suratly okuw gollanmasy neşir etmäge taýýarlaýarlar. Täze düzümiň analitikleri ekologiýa forumlaryny we çärelerini taýýarlamaga hem-de geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Geljekki wezipeleriň arasynda howanyň üýtgemegi we çölleşmäge garşy göreş babatda institutyň ylmy-amaly işlerine ýardam etmek ýaly işler bar.