Çeperçilik sungaty muzeýinde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi açyldy

Surata düşüren: Hasan MAGADOW

Çeperçilik sungaty muzeýinde „Beýik Ýüpek ýoly-- parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly“ atly sergi açyldy, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçilik köpçüliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň talyplary onuň ilkinji tomaşaçylary boldular.

Muzeýde tematiki çärelriň – sergileriň, şol sanda döwlet durmuşyndaky şanly senelere bagyşlanyp, ilkinji nobatda, ýaşlara niýetlenen göçme sergileriň, bäsleşikleriň, wiktorinalaryň, çykyşlaryň ençemesi geçirilýär. Şu ýyl hem bu ýörelge dowam etdirilýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, sergi 2018-nji ýylyň şygary bolan „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly tematiki sergiler tapgyrynyň başyny başlaýar. Muzeýiň direktorynyň orunbasary, sungat öwreniji Jennet Karanowa sergi çeperçilik we amaly haşam eserleri, akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan bürünç eýýamy döwrüne degişli toýun heýkeljiklerden başlap, kompýuterde durky täzelenen özboluşly arheologik binalara çenli arheologik artefaktlar arkaly türkmen halkynyň medeni däpleriniň ösüşine, onuň taryhy ýoluna syn edip bolýandygyny belledi.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň başlygy Saparmämmet Meredowyň „Geçmişe garap“ atly suraty sergide esasy orunlaryň birini eýeleýär. Onda alymlar tarapyndan dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri diýlip ykrar edilen bürünç eýýamynyň ajaýyp ýadygärligi bolan gadymy we kuwwatly Margiananyň paýtagty Goňurdepede gazuw – agtaryş işlerini geçiren tanymal arheolog, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly agzasy Wiktor Sarianidi şekillendirilipdir.

Serginiň çeperçilik bölüminde ýüze golaý iş goýlupdyr. Olaryň arasynda Z. Soltanmyradowyň garfika eserleri, Ýu. Daneşwaryň akwarel suratlary we galam bilen çekilen ilkinji nusglary, H. Rejebowyň, A. Hudaýberdiýewiň, N. Çerwýakowyň, Türkenistanyň halk nakgaşy D. Baýramowyň türkmen halkynyň däp-dessurlaryna we senetlerine bagyşlanan žiwopis eserleri bar. Orta asyr arhitektura binalary şekillendirilen: G. Nurlyýewiň „Änew metjidi“, A. Kulyýewiň „Nusaý“, W. Artykowyň „Garagumyň arheologlary“ eserlerini görkezse bolar. Türkmenistanyň halk nakgaşlary Ç. Amangeldiýew we A. Hajyýew taryhy şahslaryň portretlerini çekipdirler. Ýa. Oraznepesowyň „Keçe basýanlar“, Ýa. Annanurowyň „Dokmaçylar“ eserleri çeper elli zenanlarymyzyň el hünärine bagyşlanypdyr.

Sergide şeýle hem gadymy şaý-sepler, Hytaý we Hindi keramika önümleri, heýkeller kompozisiýasy, basma eserler we halylar görkezilýär.

XIX asyryň ikinji ýarymynyň syýahatçy-nakgaşy Rihard Zommeriň çeken suraty tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär, onda söwda kerweni şekillendirilipdir. Aýhan Hajyýewiň „Durmuş akymy“ atly pelsepe äheňli işinde düýe üstünde oturan goja Garaguma nazar aýlap, alyslara ilki ýol salan kerwen geçen çöl - beýewanyň özgeren keşbi barada pikir ýöredýär...

Türkmenistanyň halk nakgaşy, monumental žiwopis ussady Çarymyrat Saryýew serginiň myhmanlarynyň biri. Onuň özboluşly çeper mozaikaly pannolary Aşgabadyň ýaşaýyş we edara jaýlarynyň görküne görk goşýar. Çarymyrat mundan başga-da, taryhda yz galdyran şahslaryň portretlerini-de çekýär. Ol şu ýyl tanymal türkmen ýazyjylarynyň mozaika portretleri tapgyryny döretmegi göz öňünde tutýar.

Sergidäki diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda hem belli Änewdäki Seýit Jemalleddin metjidiniň, Parfiýa şalygynyň paýtagty Nusaýyň, Il -Arslan kümmetiniň, Gutlug Teýmur minarasynyň durky täzelenen şekilleri özboluşly taryhy ýerlere syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

„Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ diýlip yglan edilen şu ýylyň şygary ýurduň taryhy we medeniýeti barada düşünjelrimizi artdyrmaga, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan goşandyna akyl ýetirmäge, halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge, daşary ýurtly myhmanlary milli gymmatlyklar we ajaýyp halk döredijiligi bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ummasyz baý milli mirasymyzy ýaýmaga niýetlenen bu sergi-de onuň aýdyň subutnamasydyr.