Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy mejlisi TYA-nyň prezidenti M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyrdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda umumy mejlis geçirildi. Onuň gün tertibinde guramaçylyk meselesine garaldy.

Mejlisde M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyryp, ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meret Hezretgulyýewiç Aşyrbaýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy mejlisiniň 2018-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky çözgüdi tassyklanyldy.