Ahal welaýatynda çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy

Surata düşüren: Süleýman Çaryýew

Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 20 orunlyk çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Dabara etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olary täze durmuş desgasynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlamaga Mejlisiň deputatlary geldi.

Täze guruljak lukmançylyk bölümi Duşak şäherçesiniň, Şükürbagşy obasynyň hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne we Çäçe obalarynyň ilatyna hyzmat eder. Bu saglyk desgasyny döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Täze guruljak bölümde kabul ediş we barlag geçiriş otaglary; bäbegiň ýagdaýyny durnuklaşdyrmak üçin enjamlaşdyrylan intensiw otag; gyssagly akuşerçilik kömek üçin Intensiw otag; operasiýa otagy we operasiýadan öňki otag; barlaghana otagy; EKG we USB otagy; zenanlary antenatal ideg we ene süýdi boýunça okatmak üçin okuw otagy; lukmanlar üçin otag bolar.

Ilatyň zähmete ukyplylygy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan onuň saglyk ýagdaýynyň, umuman, döwletiň ykdysady işjeňligine täsir edýändigi gürrüňsizdir. Ýöne, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz raýatlarynyň saglygy baradaky aladasynyň esasynda diňe bir oýlanyşykly halk hojalyk maksatlary durman, eýsem, ilkinji nobatda, her bir adamyň saglygyny berkitmäge, öz wagtynda lukmançylyk hyzmatlaryny almaga, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýokary hilli lukmançylyk kömegine deň elýeterlilige bolan aýrylmaz we mizemez hukugy durýar.

Öz kärdeşleriniň adyndan çykyş eden lukmanlaryň nygtaýşy ýaly, pudaga ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, ygtyýarynda iň täze tehnologiýalar we enjamlar bolan lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň dünýä möçberinde gazanylanlaryň derejesine çykmagynyň möhüm ýagdaýy bolandygyny nygtadylar. Ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça ulgamlaýyn çäreleriň netijeliligini halkara bileleşigi, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ykrar edilen we ýokary baha berlen anyk görkezijiler bilen tassyklanyldy. Şunda oba lukmançylygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Jemgyýetçiligiň wekilleri hem öz çykyşlarynda halkyň saýlanlarynyň – Mejlisiň deputatlarynyň milli Liderimiziň özgertmelerini öňe ilerletmekde hem-de ýerlerde durmuş meseleleriniň çözülmeginde goşandyny bellediler. Munuň şeýledigine Duşak şäherçesindäki düýbi tutуlan täze lukmançylyk edarasy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle edaranyň döredilmegi parlamentde Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedowyň yhlaslylygyny hem-de maksadaokgunlylygyny talap etdi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýaýbaňlandyrylan oba saglygy goraýyş özgertmeleri öz anyk netijelerini berýär. Bular ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň giňeldilmegi we döwrebaplaşdyrylmagydyr, öňüni alyş işlerini geçirmegi öz içine almakda köpçüligiň gatnaşmagynyň artmagydyr, ýerleşýän ýeriniň ýakynlaşmagy bilen ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň has doly elýeterliligidir, obadaky saglyk edaralarynyň işgärler bilen üpjün edilmegidir. Oba ilatyna lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň döwrebap guralyşy ol ýa-da beýleki welaýatyň döwlet ösüşiniň strategiki ugurlarynda serişdelerini has netijeli peýdalanmak maksady bilen, onuň ösüş aýratynlygyny nazarda tutýan toplumlaýyn milli we sebitleýin maksatnamalaryň çäklerinde bolup geçýär.

Şeýlelikde, amala aşyrylmagyna örän uly serişdeler maýa goýulýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasy" oba ýerleriniň sazlaşykly ösüşini, ynsançylyk ýagdaýlarynyň we ykdysady ösüşiň işjeňleşmegini üpjün etmek, raýatlaryň, şol sanda ýaş maşgalalaryň we ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilatly ýerlerde durmuş we inženerçilik düzümleriniň desgalaryny gurmak, şol sanda umumybilim berýän hem-de bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ulgamyny ösdürmek wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň bu ulgamdaky strategiýasy adamyň durmuşy üçin sagdynlygyň doly kemala getirilmegi ugrunda döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlaryny çekmäge esaslanýar. Onda tutuş ömrüniň dowamynda adamyň saglygynyň berkidilmegine, ýokary tehnologiki lukmagçylyk kömeginiň elýeterli bolmagynda durmuş deňliginiň gazanylmagyna hem-de jemgyýetçilik saglygy goraýşyň kuwwatynyň güýçlendirilmegine esasy üns berilýär. Bu bolsa öz saglygyň we töwerekdäkileriň saglygy üçin jogapkärçilik babatda öňki döwürlerdäkiden has giň hukuklary we mümkinçilikleri göz öňünde tutýar.

Lukmançylyk ulgamyna maýa goýmagyň hem-de saglyga gadyr goýulýan jemgyýeti döretmegiň zerurdygyny esaslandyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: adamlaryň oňat saglygy ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üçin örän möhümdir. Şu pikir hem milli Liderimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýşyny özgertmek maksatnamasynyň esasyny düzýär.