Türkmenistanly mekdep okuwçylary 14-nji Halkara Žautyk olimpiadasynda medallaryň 4-sini eýelediler

Almatyda geçirilen matematika,fizika we informatika boýunça abraýly bäsleşige dünýä ýurtlarynyň on bäşisinden ýaş intellektuallaryň bäş ýüze golaýy gatnaşdy. Ildeşlerimiz gruziýaly, gazagystanly, türkiýeli, belarusly, bolgariýaly,rumyniýaly, indoneziýaly, nserbiýaly. russiýaly, ermenistanly we beýleki döwletlerden gelen deň-duşlary bilen güýç synanyşdylar.

Ýaş matematikaçylaryň bäsleşigi has köp adamly boldy, oňa çagalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Galanlary fizika we maglumatlar tehnologiýasy boýunça bäsleşdiler.

Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet internatyndan, şeýle hem Aşgabadyň umumy bilim berýän 86, 87 we 135-nji hem-de Daşoguzyň 26-njy orta mekdeplerinden okuwçylaryň 14-si ýurdumyza wekilçilik etdiler.

Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojyýewiň halypalyk eden türkmen ýygyndy topary ders bäsleşikleriniň ählisine gatnaşyp, toparlaýyn iň gowy netijeleriň birini gazandy.

Matematika we informatika boýunça bäsleşiklerde Jepbar Asgarow (Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet internatyndan) we Kerim Köçekow (135-nji mekdepden) kümüş medala mynasyp boldular. Şol okuw jaýlarynyň okuwçylary Kadyrberdi Annabaýew bilen Agamyrat Begenjow bürünç baýrak eýelediler. Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet internatyndan Akmyrat Tirkeşow bilen Şatlyk Bäşimowa bürünç baýrak almak üçin bary-ýogy bir ball ýetmedi.

Žautyk olimpiadasyna gatnaşanlar üçin gyzykly medeni çäreler guralypdyr. Çagalar Almatynyň muzeýlerine gezelenç edip, şäheriň gözel ýerleri bilen tanyşdylar.