„Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar IKAO ölçegleri boýunça alnyp barylýar

Surata düşüren: Wladimir KOMAROW

Üç ýyýyň dowamynda hünär derslerini öwrenen we döwlet synagyny tabşyran ýaş hünärmenleriň bir topary okuw merkezindäki döwrebap trenažorlarda amaly sapaklara girişdiler. Bu saňpaklar üçin uçarmanlary taýýarlamgyň başlangyç taýýarlyk maksatnamasy boýunça döwrebap trenažýorlar oturdyldy, uçuş endiklerini ýokarlandyrmak üçin bolsa okuw uçarlary- „Daýmond“ uçarlarynyň dördüsi we iki sany «Еmestron» dikuçary satyn alyndy.

Ýaş awiatorlar D-20 we D-40 kysymly bir we iki motorly uçarlaryň ýa-da «Еmestron» dikuçarlardayň hersinde 150 sagat uçuş endigini öwrenmeli. Instruktorlaryň ýolbaşçylygynda uçuş başarnyklary öwrenilýän wagty enjamlar boýunça ugur almak, adatdan daşary ýagdaýlarda tiz netijä gelmek, iki motorly uçara erk etmek tilsimleri öwrenilýär.

Ýeňil motorly uçarlarda taýýarlygyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen uçarman talyplar telekeçilik awiasiýasynyň şahadatnamasyny alarlar we has çylşyrymly awiasiýa tehnikasyny özleşdirip bilerler. Okuwy tamamlandan soň olar raýat awiasiýasynyň kärhanalarynda iş bilen üpjün ediler, çünki okuwa girmäge dalaşgärler olaryň tabşyrygy boýunça okuwa kabul edilýär.

Paýtagtymyzda Halkara aeroprty açylandan soň AITM-nde raýat awiasiýasynyň uçarmanlaryny taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryny guramak mümkinçiligi döredi. Tehniki taýdan üpjünçiligi babatda dünýäde iň gowularyň biri bolan Merkezi Aziýada iň iri aerofrom toplumynda desgalaryň 100-den gowragy, şol sanda köpuguly okuw merkezi- Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep hem bar.

Bu okuw jaýynyň işläp başlan döwründen bäri raýat awiasiýasyny hünarmenleriniň 100-den gowragy, şol sanda täzeden okuw geçenden soň “Boing” uçarlaryna erk edýän uçarmanlar ilkinji taýýarlyk hakda diplom aldylar. Her ýyl awiasiýa hünärleri boýunça okuwçylar okuwa kabul edilýär. Mekdepde “Türkmenhowaýollary” Gullugynda ulanylýan howa gämileriniň hereketlendirijisi we planeri boýunça mehanikler hem taýýarlanylýar. Bu ýerde häzirkizaman uçarlarynyň radioelektronika enjamlary we nawigasiýa toplumlary boýunça mehanik hünärini, ýerüsti radiolokasiýa serişdeleri, radionawigasiýa, awiasiýa ýangyç-çalgy serişdelri boýunça hünärmeniň, şeýle hem aeroportuň yşyk-elektrik enjamlary boýunça terhnik-elektrigiň hünärini ele almak bolýar. Uçarlaryň we dikuçarlaryň uçarmanlary, inženerler we beýleki dürli gulluklaryň hünärmneleri taýýarlanylýar, iňlis dilini öwretmek ýola goýlupdyr. Her ýyl awiatorlaryň 800-den gowragy täzeden taýýarlaýyş okuwyny geçýärler, bu bolsa häzirkizaman awiasiýa tehnikasyny oýlanşykly we heläkçiliksiz ulanmaga hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Indi ýörüteleşdirilen okuw mekdebinde has döwrebap iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Türkmenhowaýollary” Gullugynyň trenažor merkezi hem açyldy. Ozal “Boinglerde” uçýan ekipažlar taýýarlyk geçmek üçin ýylda iki gezek Angliýadaky okuwa merkezine giden bolsalar, indi uçarmanlar düzümi ýurdumyzda hünärini ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar.