Türkmenistan adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlsiniň we birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda toparyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi we bu düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp masllahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary boýunça esasy resminamalara goşulmak bilen, Türkmenistan olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda anyk çäreleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hukuk özgertmeleri we onuň çäklerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini nazara almak bilen kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyga gözegçiligi amala aşyrmak we degişli teklipleri taýýarlamak bu toparyň işiniň esasy ugurlary bolup durýar

Toparyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen tassyklanan “2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny”, “2016-2018-nji ýyllarda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek baradaky hereketleriň milli meýilnamasyny”, şeýle hem “2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berdiler.

Şunlukda, bu resminamalaryň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, ýurdumyzyň kanunçylygyny we hukuk tejribesini halkara ynsanperwer hukuklarynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG hem-de onuň düzümleýin bölümleri bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary we milli hasabatlary, synlary taýýarlamak, adam hukuklary ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek meseleleri boýunça geňeşleri guramagy dowam etmek barada aýtdylar.

Pudaraga toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy.