Amul-Hazar ylgaw taýaýjyklarynyň çyzgysy tassyklanyldy

Mälim bolşy ýaly,Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul-Hazar 2018” halkara awtomobil ýaryşy, şeýle hem welosiped ýaryşy we ylgaw ýaryşy geçiriler.

Bu deňi-taýsyz ýaryşa mekdep okuwçylarynyň we talyplar toparlary gatnaşyp, ol sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleiň ählisi üçin hakyky sport baýramyna öwrüler. Dürli şäherlerde we obalarda 10 we ondan köp tapgyrlara bölünen uzynlygy üç kilometre barabar menziller belleniler. Ylgawa gatnaşýanlar aralyk pellehanalara bölünip, ylgaw taýajyklaryny kabul ederler.

Ylgaw taýajyklarynyň çyzgysy hem tassyklanyldy: onuň esasy reňki ak bolar. Onuň iki tarapynda-da Garagum çölüniň şekili bolar. Ylgaw taýajyklarynyň öň tarapynda (1) «TÜRKMENISTAN» ýazgysy we “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygarynyň nyşany, arka tarapynda bolsa (2) «BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY» ýazgysy we “Amul-Hazar 2018” ýaryşynyň nyşany ýerleşdirilendir.