Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG-nyň ÖM-nyň işgärleriň mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki maksatnamasyny durmuşa geçirmek işleri dowam etdirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda akademiýanyň we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemine garaldy, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-nyň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwelt gullugy akademiýasynyň ösüş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutulyp, okuw maksatnamalaryny täzelemek, Aziýa, Ýewropa we GDA ýurtlarynyň döwlet dolandyryş esasy mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýaly ugurlara ýardam bermäge gönükdirilendir.

2017-nji ýylda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň goldamagynda akademiýada “Döwlet gullugy: halkara tejribesi we milli ugurlar”, “Döwlet gullugy işgärlerini taýýarlamakdaky innowasion çemeleşmeler”, “Döwlet işgärleriniň hukuk derejesi: halkara tejribesi we milli ugurlar”, “Döwlet dolandyryşy ulgamyndaky ylmy-barlag işleri: häzirkizaman ýörelgeleri we innowasion çemeleşmeler”, “Startegiki menejment”, “Ilata edilýän hyzmatyňn elektron görnüşleri: halkara tejribesi we iň şowly dünýä usullary ” we başga-da birnäçe tematiki ugurlar boýunça umumy sapaklar tapgyry, semianr sapaklar we tegelek stollar geçirildi.

Okuwlaryň gurnalmagy akademiýanyň professor-mugallymlar düzüminiň we diňleýjileriniň statistika maglumatlary we ylmy işläp taýýarlamalar easynda dolandyryşy we meýilleşdirmegi guramakdaky halkara tejribesinden habarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

2017-nji ýylyň jemleri ara alnyp maslahatlaşylanda duşuşuga gatnaşanlar ählumumy bäsleşigiň ösýän şertlerinde döwlet we ýerli edaralaryň gullukçylarynyň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň strategik häsiýetli ugurdygyny bellediler. Döwlet dolandyryşy ulgamynda işgärler tehnologiýalaryny kämilleşdirmek Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw işiniň wajyp ugurlarynyň ýene biridir, çünki dolandyryş çözgütlerini kabul etmek olary işläp taýýarlamaga gatnaşýan hünärmenleriň başarnygyna baglydyr. Halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň we işgäleri taýýarlamak işine täzelikleriň girizilmeginiň döwlet gullugynyň milli ulgamy üçin wajyplygy bellenildi.

BMG-nyň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwlet gullugy akademiýasy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirilen döwlet işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak babatda okuw maksatnamalarynyň tematik we mazmun taýdan döwrebaplaşdyrylmagy boýunça işi dowam etdirer.

- differensirlenen we indiwidual çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy, döwlet gullukçylarynyň okuwyň netijelerine gyzyklanmagyny höweslendirmek;

- döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň talaplaryna görä, şeýle hem okuw tapgyrlarynyň tematiki ugrunyň meseleleri babatda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary bilen özara hereketi giňeltmek;

- döwlet işgärlerini gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara we seminar sapkalara lektor hökmünde ussat halkara bilermenlerini çagyrmak

- indiki tapgyryň esasy wezipeleridir.

Okuw meýilnamalarynyň we bilim maksatnamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy döwlet gullukçylarynda dolandyryş we seljermek, netjeili çözgütleri kabul etmek başarnygyny kemala getirmäge, innowasion strategiýalary ornaşdyrmaga we bazar ykysadyýeti şertlerinde bäsleşige uýgunlaşmagyna gönükdirilendir.

Bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi Döwlet gullugy akademiýasyna döwlet gullukçylarynyň innowasion pikirlenişini höweslendirmäge, olaryň liderlik başarnygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ulgamda dolandyryş işgärlerini sistemalaýyn taýýarlamaga, işiň interaktiw usullaryndan ugur alýan, ylmy-gözleg we döredijilik başarnygy bolan mugallymlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.