Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwri üçin Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işiniň Meýilnamasy tassyklanyldy

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Ony AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi “Suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly GIZ Sebit Maksatnamasy hem-de Merkezi Aziýadaky Sebit ekologiýa merkezi bilen bilelikde guradylar.

Foruma AHHG-nyň Müdiriýetiniň hem-de Ýerine Ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle hem daşary ýurtlaryň wekiliýetleri-- Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bu guramanyň doly ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň käbir pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň hem gatnaşan mejlisinde Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasy, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görmek, Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlamak, şeýle hem AHHG-nyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi üçin gün tertibi hakynda meselelere seredildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, suw serişdelerini oýlanyşykly we netijeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak häzirki döwrüň aýratyn ähmiýetli wezipeleri bolup, olara Türkmenistan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi tarapyndan uly üns berilýär. Biziň ýurdumyz 2017-nji ýyldan bäri Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ygtyýarly başlygy bolmak bilen Merkezi Aziýada ekologiýanyň hem-de suw serişdeleriniň sebitdäki döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ägirt uly täsirini nazara almak bilen, olary netijeli peýdalanmak babatda uly işleri geçirýär.

Mejlisiň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar üstünlikli tejribäniň, iri halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň esasynda durnukly ösüş hem-de sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Iş meýilnamasy gün tertibiniň ilkinji meselesi boldy. Ol Aral ýakasynda durmuş-ykdysady, ekologiýa we suw hojalyk ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegi we berkitmegi göz öňünde tutýar.

Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda gaznany esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň hem-de gaznanyň müdiriýetiniň geňeşiniň maglumatlaryny taýýarlamak we mejlislerini geçirmek boýunça AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň işiniň möhletlerini we düzgünlerini ylalaşmagyň ýörelgeleri yglan edildi.

Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Hereketleriň maksatnamasyna laýyklykda taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, onuň esasy maksady—BMG-nyň durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak babatda halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarda suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak bolup durýar.

Mejlisiň barşynda milli we sebit bilermenler toparlaryny döretmek hakynda çözgüt ylalaşyldy. Olar halkara guramalary we hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleri geçirerler, Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam ederler.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk topary hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara topary bilen alyp barýan işlerini kadalaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi, AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň şol toparlar tarapyndan guralýan mejlislere we çärelere gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem mejlisde AHHG-nyň halkara we sebit guramalary, maliýe institutlary, maýadar ýurtlar, ekologiýa gaznalary bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça meýilnamalar ylalaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek maksadynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde AHHG-nyň iş meýilnamasyna Gaznany esaslandyryjy döwletler bilen ylalaşmak boýunça Aral deňzi sebiti üçin BMG-nyň ýörite maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meselesi girizildi. Bu maksatnama foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwrülmelidir hem-de AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň, şeýle hem Gaznanyň beýleki hyzmatdaşlarynyň tagallalaryny birleşdirmelidir.

Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň maglumat-seljerme üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäreler ylalaşyldy. Taraplaryň mowzuklaýyn maslahatlary, simpoziumlary, seminarlary geçirmäge taýýardygy beýan edildi. AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň, onuň Aral deňzi sebitinde durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmaga ýardam etmek baradaky ýörite agentlikleriniň we Gaznalarynyň işleri utgaşdyryldy.

Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasyny amala aşyrmak gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Gaznanyň düzümleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlarynyň arasynda işleri utgaşdyrmagyň we maglumatlary alyşmagyň esasynda amala aşyrylar.

AHHG-nyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak bilen mejlise gatnaşyjylar Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlamagyň barşy hem-de şu gün ylalaşylan Hereketleriň meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilen işler bilen baglylykda Gaznanyň işiniň aralyk netijelerini jemlemek baradaky meselelere seretmegiň möhümdigini bellediler.

Gün tertibiniň ýokarda görkezilen meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen Müdiriýetiň agzalary Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasy, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek, Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlamak hem-de AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi hakynda Çözgüde gol çekdiler.