Goranmak ministrine käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Goranmak ministri Berdiýew Ýaýlym Ýagmyrowiçe käýinç yglan edildi.