Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekiliýeti möhüm pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenbaşy şäherinde iki ýurduň wekiliýetleriniň derejesinde geçirilen iş duşuşygynda hem türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri öz beýanyny tapdy. Duşuşygyň gün tertibine möhüm pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan kuwwatly serişde, ykdysady we ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýedir. Olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn bähbitlere, şeýle hem sebit we ählumumy derejelerde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika pudagy we ulag ýaly strategik ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we Azerbaýjan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna we häzirkizaman pudaklaýyn düzümlerine eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersikiwasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýany durmuşa geçirýärler. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlyga, bu ulgamda täze bilelikdäki taslamalara çykmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Köp asyrylaryň dowamynda iki goňşy döwletleriň çäginden häzirki wagtda dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şunuň bilen baglylykda, ulaglaryň dürli görnüşlerini, hususan-da, suw we demir ýol ulagynyň, şeýle hem iki ýurduň deňiz portlarynyň mümkinçiliklerini herekete girizmek bilen halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini we logistika merkezlerini döretmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde hem geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazarlardan Türkmenistan we Azerbaýjan örän bähbitli mümkinçiliklere eýedirler.

Bellenilişi ýaly, ýokary we hökümetara derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmek, şeýle hem ugurdaş düzümleriň we işewür toparlaryň ugurlarynda gatnaşyklary alyp barmak netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga we ugurlaryny köpeltmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, tutuşlygyna alanyňda bolsa, türkmen we azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 8-nji awgustynda türkmen Lideriniň Bakuwa resmi saparynyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ylham Alyýew tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk haklyndaky Jarnamanyň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Bu möhüm resminama taraplaryň üýtgewsiz gyzyklanmasyny we dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň bozulmaz gatnaşyklaryny, deňhukuklylyk we netijelilik ýörelgelerine, ikitaraplaýyn hoşniýetli erke daýanýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegini tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze tapgyry açdy.

Şu günüň özünde türkmen wekiliýetiniň agzalary azerbaýjan kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda aýry-aýry pudaklar we ulgamlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy we anyklaşdyryldy.