2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Medeniýet ulgamy

2017-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň her ýyly baý mazmunly we täsirli şygarda öz beýanyny tapýan jemgyýetçilik ähmiýetli mowzuga bagyşlamak däbi esasy durmuş gymmatlyklaryny özünde jemläp, yzygiderli dowam edýär.

Döredijilik esasy Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda geçirilen çäreleriň möhüm bölegi boldy. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş we etiki şertleriň birnäçesi onuň görkezijisi bolup durýar, olaryň arasynda adamyň medeni durmuşyna aýratyn orun berilýär.

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýetini hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumy kesgitlendi. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe ykdysady babatda däl-de, eýsem, ruhy we medeni babatda kuwwatly ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, toplumlaýyn özgertmeleri geçirmegiň barşynda bu ulgamyň, habar beriş serişdeleriniň ornuny güýçlendirmek, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olary halkara bileleşigine tanyşdyrmak, daşary ýurtly kärdeşleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeler boldy. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny netijeli peýdalanmagyň, halkymyzyň mirasyny we taryhyny giňden wagyz etmegiň möhümdigini belldi.

2017-nji ýylyň wakalary ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny şöhlelendirdi. Ýurdumyzda geçirilen şanly seneler we baýramçylyklar, tematiki maslahatlara, çeper we kitap sergilerine we konsertlere, teatr sahnalaryna we döredijilik duşuşyklaryna hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralaryna beslendi.

Geçen ýyl halkara ähmiýetli uly çärelere baý boldy, bu bolsa Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny nazara alanyňda, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýurdumyz ägirt uly sport baýramçylygyna ähli ugurlar boýunça taýýarlyk gördi, şol sanda giň mahabat we maglumat işleri ýaýbaňlandyrylyp, olar “Aşgabat 2017” oýunlaryna ünsi çekmäge hem-de hoşniýetli erk-islegli, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň täze keşbini döretmäge gönükdirildi. Bu babatda V Aziada mynasybetli geçirilen medeni çäreler bellärliklidir.

Ýanwar aýynda Oýunlaryň nyşanlary bilen tanyşdyryldy, olar milli amaly-haşam sungatynyň gadymy bezeg nusgalarynyň, şol birwagtda döwrebap bezeg nusgasynda döredijilik taýdan beýan edilen äheňler esasynda döredildi. Aprel aýynyň biriniji ongünlüginde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen ýörite maslahatyň barşynda V Aziýa oýunlarynyň senasy tassyklanyldy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymy saýlanyp alyndy. Oýunlaryň başlanmagyna çenli galan senelere gabatlanyp, baý mazmunly döredijilik çäreleri geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, ozaly bilen, paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynda “Aziada-2017-niň” açylyş dabarasyny görkezmek bolar. Ýerine ýetirijileriň müňlerçesiniň gatnaşmagynda guralan giň gerimli we dürli öwüşginli teatrlaşdyrylan sahna onuň esasyny düzdi.

Ýylyň başyndaky wakalara gaýdyp gelmek bilen, medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk mowzugynyň Türkmenistanyň we birnäçe daşary ýurt döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň barşynda öz ösüşine eýe bolandygyny bellemek gerek. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatry tarapyndan bilelikdäki döredijilik çäreleri—türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň, ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de “Amerikan sesleri” guramasyndan sazandalaryň, bagşylaryň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” toparynyň hem-de Milli gugaka merkeziniň koreý tans toparynyň konsertleri, şeýle hem belli “Arar” fransuz toparynyň iki bolup çykyş edýän ussatlarynyň çykyşlary boldy. Mart aýynyň soňky ongünlüginde Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde meksikaly fotosuratkeşiň işleri görkezildi.

Fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Eýranyň medeniýet günleri ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegi ugur edindi. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan uly sergi, dostlukly döwletiň amaly-haşam sungat ussatlarynyň türkmen kärdeşleri bilen duşuşygy, häzirkizaman eýran filmleriniň görkezilmegi hem-de iki ýurduň ýaş aýdymçylarynyň, sazandalarynyň we tansçylarynyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet gurjak teatrynda guralan konsert onuň maksatnamasyny düzdi.

Türkmenistanyň Katarda Medeniýet günleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparyna gabat gelip, döwletara gatnaşyklarynda medeni diplomatiýasynyň möhüm ornunyň nobatdaky subutnamasy boldy. 10-14-nji martda Dohada geçirilen döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, amala-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine hem-de Aşgabatda geçirilen Aziada-2017-ä bagyşlanan neşir önümleriniň sergisi, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşyklary, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi boldy.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bahar baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar milli mirasa özboluşly sarpanyň aýdyň beýany boldy. Giň gerimli dabaraly çäreler 21-22-nji martda Mary welaýatynyň merkezinde geçirildi. Baýramçylyk maksatnamasyna belli tans we döredijilik toparlarynyň dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlary, meşhur artistleriň we bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar girdi. “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň artistleriniň konserti boldy. Dabaralar 22-nji martda Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde dowam etdi, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şeýle hem şol gün Kemina adyndaky döwlet drama teatrynda, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinomerkezinde hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Milli bahar baýramy mynasybetli, “At- myrat” atly täze çeper filmi görkezildi. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde döredilen bu kinofilm türkmen halkynyň dünýä derejesinde ykrar edilen baýlygy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlandy.

Mirasy aýawly saklamak baradaky mesele bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň martynda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň hataryna degişli orta asyr binagärlik desgasy bolan Il-Arslanyň kümmetiniň gümmezini dikeltmek boýunça işlere badalga berlendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň neşir önümleri 8-12-nji fewralda geçirilen hem-de 30-dan gowrak ýurtlaryň neşirýatçylaryny birleşdiren XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda görkezildi.

Ýylyň birinji çärýeginde çap edilen kitaplaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine bagyşlanan “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitap bar. Onuň tanyşdyryş dabarasy 20-nji fewralda Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi.

Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna maý aýynda ýurdumyzyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň we Hytaýyň Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem Pekiniň Nebit uniwersitetiniň goldaw bermeginde HHR-de ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň konserti guraldy.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmen bedewiniň baýramy däp bolşy ýaly giňden bellenildi. Oňa bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Milli we dünýä medeniýetiniň hadysasy hökmünde ahalteke bedewleriniň özboluşlylygyny saklamak meseleleri möhüm bolup, ozaly bilen, döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizmek hakynda başlangyçlary bu ugurda aýratyn orun eýeleýär.

Aprel aýynda Astanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp geçirilen milli Liderimiziň ahalteke bedewleri hakynda kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Okyjylara gazak dilinde neşir edilen hem-de dostlukly ýurduň sebitleriniň kitaphanalaryna, şeýle hem okuw mekdeplerine sowgat berlen “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” atly kitaplar bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanda milli mirasy öwrenmek, aýawly saklamak we dünýä ýaýmak boýunça köp ugurly işleriň çäklerinde aprel aýynda Medeniýet ministrliginiň ýanynda halk çeper döredijiligi boýunça bilermenler toparynyň döredilmegini görkezmek bolar. Bu babatda aprel aýynda kabul edilen “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýe bolup, ol Türkmenistanda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky Milli müdirliginiň arheologlar topary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän meşhur orta asyr şäheri bolan Daňdanakanda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Bu ýerden güjügiň faýansdan edilen kiçijik şekiliniň tapylmagy garaşylmadyk açyş bolup, ol Aşgabat 2017-niň resmi şekiline öwrülen türkmen alabaýynyň tohumyna mahsus bolan aýratynlyklary görkezýär.

Maý aýynda paýtagtymyzda ilkinji gezek Palestina Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilip, ol dostlukly ýurduň sungaty hakynda düşünjämizi artdyrdy hem-de ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berdi.

5-nji iýunda ýurdumyzyň Döwlet sirkinde türkmen we amerikan artistleriniň çykyşlary boldy. Myhmanlaryň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasy ugurlaryň birnäçesini--Ýurdumyzyň sirk sungaty, artistleriň tejribesi we maksatnamasy, usulyýet babatda hyzmatdaşlyk, tejribe sapaklary we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk bölüminiň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny öz içine aldy.

14-16-njy iýunda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Täjigistanyň Medeniýet günleri türkmen we täjik halklarynyň däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryna täze öwüşginleri çaýdy. Forumyň çäklerinde konsert, Şekillendiriş sungaty muzeýinde täjik ussatlarynyň surat sergisi, “Häzirki zaman Täjigistan” atly foto işleriň sergisi, neşir önümleriniň sergisi guraldy. “Aşgabat” kinomerkezinde çeper we dokumental filmler görkezildi.

Maý aýynyň medeni wakalarynyň hatarynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan hem-de türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Ýaponiýanyň fotosuratçylarynyň sergisi boldy. Ýörite sergi “Özgerýän jemgyýet” we “Üýtgeýän tebigat” diýen iki bölümden ybarat boldy.

Şeýle hem şol muzeýde türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli maý aýynyň ikinji ongünlüginde “Hindi dokma önümler dünýäsi” atly sergi guraldy. Bu ýerde egin-eşiklerden başga-da, Dostlukly ýurduň dürli ştatlarynda taýýarlanan gobelenler, halylar hem-de bezeg daşlary bilen bezelen saçaklar görkezildi.

Türkmen-russiýa diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçirilen halkara çäreleriniň hatarynda russiýaly sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkezilen spektakl, şeýle hem “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Sankt-Peterburg Saz öýüniň sazandalarynyň konserti boldy.

Iýun aýynyň birinji ongünlüginde Magtymguly adyndaky Türkmen sazly drama teatrynda geçirilen türkmen we italýan opera sahna ussatlarynyň çykyşlary iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllygyny alamatlandyrdy.

Medeniýet ulgamynyň daşary ýurtly wekillerini sylaglamak biziň ýurdumyzyň we milli medeniýetimiziň, bu ugurda işjeň ösýän halkara gatnaşyklarynyň açyklygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasynda dostluk doganlyk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy, ynsanperwer ulgamda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler we ajaýyp zehini üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogluna gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň medeniýetiniň wekiline degişli Hormat nyşanyny gowşurmak bilen parahatçylygy, halklaryň dostlugyny we jebisligini berkitmekde bu ulgamyň möhüm ornuny belledi. Medeniýet güýjüň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, ýakynlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Ol geçen ýylyň 22-27-nji iýunda Aşgabatda geçirildi. Forumyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde, medeni merkezlerde, Döwlet sirkinde, açyk sahna meýdançalarynda ýurdumyzyň artistleriniň we döredijilik toparlarynyň, Döwlet simfoniki orkestriniň, bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda konsertler we çykyşlar guraldy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergi häzirkizaman suratkeşleriniň döredijilik işleri bilen tanyşdyrdy, şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň gymmatly nusgalary görkezildi.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde we Döwlet kitaphanasynda, şeýle hem Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen maslahatlar taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak, şeýle hem ynsanperwer ulgamynda ýetilen sepgitleri wagyz etmek meselelerine bagyşlandy.

Çeperçilik akademiýasynyň, paýtagtymyzyň muzeýleriniň we medeni merkezleriniň sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň neşir önümlerini, Türkmenistanyň şu gününe, milli sungata we dynç alyş mümkinçiliklerine, Aziýa oýunlaryna bagyşlanan suratly kitaplar, broşýuralar, bukletler, foto işleri görkezildi. Hepdelikde häzirki zaman türkmen kinosy medeni mirasa we müdimi umumadamzat gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe çeper filmler arkaly tanyşdyryldy. “Ylham” seýilgähinde şygyr okaýyşlary geçirildi. Iň gowy çagalar toparlary, ýaş okaýjylar, suratkeşler we sazandalar hem ulular bilen bir hatarda, Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelerine gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde öz işlerini, şol sanda täze işlerini sahna sungatynyň işgärleri görkezdiler. Hepdeligiň teatr afişasyna Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň “Görogly we Agaýunus”, Baş drama teatrynyň “Döwletguşy” diýen spektakllary girdi. Däp bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda “Ruhubelentler” atly täze opera sahnasy görkezildi. Ozalky opera çykyşlaryndan tapawutlylykda, onuň esasynda häzirki döwrüň mowzugy--Aziada-2017-ä taýýarlyk mowzugy goýuldy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Milli mirasyň hazynasy” atly neşiriň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Kitap ýurdumyzyň gadymy taryhynyň özboluşly subutnamalaryny özünde saklaýan muzeýiň gaznalary bilen tanyşlyk bolup durýar. Mukamlar köşgünde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti döredijilik çäresiniň jemleýji pursady boldy.

Iýun aýynyň soňky ongünlüginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýyllygyna bagyşlanan türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. 2007-2017-nji ýyllaryň taryhy pursatlaryny öz içine alýan neşir ýurdumyzyň durmuşynda möhüm we ähmiýetli wakalary beýan edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaş toýuna gabatlanyp, milli Liderimiziň türk dilinde neşir edilen “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” hem-de “Paýhas çeşmesi” atly kitaplary çapdan çykdy. Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinow “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyň sowgatlyk nugasyny Türkmenistanyň Baştutanyna gowşuryp, türkmen saz medeniýetiniň genji-hazynasyna bagyşlanan hem-de sungatyň ylalaşdyryjylyk maksadyna beslenen bu eseriň dünýäniň ähli halklaryna ýakyndygyny, onuň türk diline terjime edilmeginiň bolsa okyjylaryň sanynyň artmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Taryhy medeni mirasy öwrenmek we ýaýmak boýunça işleriň çäklerinde iýul aýynda Medeniýet ministrligi tarapyndan Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guralan etnografiki tanyşlygyň ähmiýetini görkezmek bolar. Onuň çäklerinde Milli golýazmalar institutynyň işgärleri hem-de ýurdumyzyň kitaphanalarynyň, arhiwleriniň we muzeýleriniň esasy hünärmenleri Balkan welaýatynyň ilatly ýerlerine baryp gördüler, halk döredijiliginiň genji-hazynasyndan täsin eserleri ýygnadylar. Bu ugurda geçirilýän işler dowam edýär.

Ýurdumzyň çäklerindäki gadymy ýadygärlikleri gorap saklamak baradaky mesele bilen baglylykda, 14-nji awgustda Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen dikeltmek bilen meşgullanýan türkmen hünärmenleriniň nobatdaky taslamasynyň tamamlanyş dabarasynyň bolandygyny bellemek isleýäris. Bu taslama bäsdeşlik esasynda “ABŞ-nyň medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçisiniň gaznasy” tarapyndan goldanyldy. Geçen ýyl bürünç eýýamynyň Goňurdepe ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän mahaly birnäçe ýyl mundan ozal ýüze çykarylan täsin mozaiki serişdeleriň durkuny täzelemek we muzeýleşdirmek boýunça dikeldiş işleri tamamlandy. Üç ýylyň dowamynda näzik gymmatlyklary konserwirlemek hem-de olaryň ilkibaşky keşbini täzeden döretmek boýunça yhlasly işler alnyp baryldy. Bu nagyşly we mozaiki şekilleriň Gadymy Gündogar sungatynda deňi-taýy ýokdur. Şoňa görä-de, olaryň üstüniň açylmagy hakyky ylmy waka bolup durýar. Muzeýde ýaýbaňlandyrylan serginiň çäklerinde Goňurdepeden tapylan gymmatlyklar giň jemagata görkezildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy baradaky mesele Medeniýet ministrligi bilen ýurdumyzda işleýän birnäçe döwletleriň diplomatik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guralan hem-de “Aşgabat 2017” oýunlaryna bagyşlanylan konsert maksatnamalarynda öz beýanyny tapdy. Şularyň hatarynda 30-njy iýulda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen ysraýylly sazandalaryň gatnaşmagynda konsert boldy. Awgustyň soňky ongünlüginde “Açutamanasa” hindi tans topary paýtagtymyzyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryna öz ussatlygyny görkezdi.

Sentýabryň soňky gününde paýtagtymyzyň Mukamlar köşgüniň sahnasynda “Ýaňlan, Diýarym-2017” atly höwesjeň ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we uly konserti geçirildi. Bu döredijilik gözden geçirilişi, asylly däbe görä, her ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilip, meşhur sazandalary, estrada ýerine ýetirijileri hem-de täze başlaýan aýdymçylary bir ýere jemleýär.

Ýurdumyzyň neşirýat önümleri däp boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň “Kitap sungaty” diýen halkara bäsleşigine gatnaşdy. Bäsleşikde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen neşirleriň dördüsi hem ýokary sylaglara mynasyp boldy. Sentýabrda Moskwanyň şanly otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde sylaglaryň gowşurylyş dabaralary geçirildi. “Meniň ýurdum” tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamynyň astyndan çykan “Türkmenistan” atly kitaby birinji orny eýeledi. Milli Liderimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitaby hem bäsleşigiň eminleriniň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň dilçileriniň bilelikdäki işi bolan Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi “Okuw edebiýaty we bilim” tapgyrynda ýeňiji boldy. Türkmen neşiri ilkinji gezek “Gran-pri” tapgyrynda bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Hormatly baýragy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitaby aldy.

Güýz paslynyň täze neşir önümleriniň hatarynda milli Liderimiziň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” diýen kitaby çapdan çykdy. Onuň tanyşdyryş dabarasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň ertesi güni, 28-nji sentýabrda geçirildi. Sentýabr aýynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň 9-njy jildi tanyşdyryldy. Bir aý şondan ozal ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” diýen kitaby çapdan çykdy, ol giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmenistanyň IIM-niň işlerine bagyşlanan neşir bu düzümiň döreýşiniň taryhyny we bu ulgamda köp ýyllar işlän hem-de işlemegiň uly tejribesini toplan Mälikguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny açyp görkezýär.

Türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasy, ýurdumyzyň häzirki döwri we geljegi bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoly baradaky mesele 2017-nji ýylyň soňky çärýeginiň wakalarynyň sazlaşygyny kesgitledi.

Gadymy ýoluň ähmiýetine häzirki zaman nukdaýnazaryndan garamagyň başlangyjy bilen döwlet Baştutanymyz çykyş edip, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynda onlarça döwletleri söwda, maglumat alyşmak we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran bu kerwen ýoluň aýratyn özbolugşlylygyna garaýşyny beýan etdi. Eseriň esasy pikiri Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýollary arkaly halkara derejesinde onuň tutýan başlangyçlar bilen çykyş etmek we döredijilik ýörelgelerine akyl ýetirmekden ybaratdyr. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde, soňra bolsa Mukamlar köşgünde kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyzyň köpsanly ýüztutmalaryny we arzuwlaryny göz öňünde tutup, Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, 2018-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçer. Milli Liderimiziň täze eseriniň ady ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň maksatnamasyny şöhlelendirýär. Şol ösüş taryhy tejribä, parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ruhy mirasa sarpa goýmaga, sebit we ählumumy ýakynlaşyga we rowaçlyga ymtylyşa daýanýar. Oktýabr aýynyň başynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda zehinli çagalaryň çykyşy boldy. Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi, şeýle hem onuň ýeňijilerine mynasyp bolan sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, “Aşgabat” köpugurly stadionynda hem-de welaýatlaryň sport toplumlarynda ajaýyp baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Oktýabryň birinji ongünlüginiň wakalarynyň hatarynda Ahal welaýatynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Binanyň ulanmaga tabşyrylmagy Ýaşulular maslahatyna gabatlandy, onda umumymilli maslahatyň geçirilmegi bolsa, häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň ruhy esaslarynyň ähmiýetini ýüze çykardy, çünki ak öý aslyňa, gözbaşlaryňa, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna wepalylygy aňladýar.

Halkara derejesindäki wakalarda dünýäniň dürli döwletleri bilen köptaraply gatnaşyklar babatda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky mesele ösüşlere eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji oktýabrda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus gepleşikleri nusga alarlykdyr.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2018-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy bar. Şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (Sankt-Peterburg ş.) maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyklara gol çekildi.

Paýtagtymyzda 2-3-nji oktýabrda geçirilen RF-nyň Medeniýet günleri Russiýanyň Lideriniň Aşgabada bolan resmi saparyna gabatlanyldy. Russiýanyň medeniýetini dünýä halklarynyň tans folkloryny çeper düşündirmek hem-de wagyz etmek bilen meşgullanýan şöhratly we dünýäde ilkinji ussat horeografiýa topary bolan Igor Moiseýew adyndaky halk tansynyň Döwlet akademiki topary çykyş edip görkezdi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde “Russiýanyň demirgazygynyň tebigaty” atly fotosergi guraldy, Aşgabadyň horeografiýa mekdebiniň talyplary hem-de tans toparlary üçin Igor Moiseýewiň ansamblynyň artistleri ussatlyk sapaklaryny berdiler. “Aşgabat” kinomerkezinde rus çeper filmleri görkezildi.

Noýabryň ilkinji ongünlüginde häzirki zaman rus kinematografiýasy bilen tanyşlyk dowam etdirildi. Rus kinosynyň hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzda, Mary we Daşoguz şäherlerinde tomaşaçylara dostlukly ýurduň häzirki zaman kino sungatynyň mazmun we görnüş taýdan köpdürlüligi görkezildi, şeýle hem rus medeniýetiniň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi.

Güýz paslynyň soňky aýy halkara ähmiýetli döredijilik çärelerine baý boldy. 10-12-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýada Medeniýet günleri geçirilip, onuň çäklerinde bu ýurtda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, meşhur aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň, folklor-tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. “Tokio” uniwersitetinde ýapon dilinde ses berlen “Şükür bagşy” filmi hem görkezildi. Medeniýet günleri Tendo şäherinde iki ýurduň artistleriniň konserti bilen tamamlandy.

13-15-nji noýabrda Aşgabatda hem-de Daşoguzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine nobatdaky möhüm goşant boldy. Çäräniň çäklerinde özbek artistleriniň konserti, dostlukly ýurduň baý taryhy-medeni mirasy, tebigaty hem-de zehinli adamlary barada gürrüň berýän fotosungat sergisi geçirildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýazyjylar we şahyrlar duşuşdylar. Kino sungatyny halaýanlara häzirki zaman özbek kinofilmleri görkezildi. Daşoguzda N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda bilelikdäki uly konsert medeni çäräniň jemleýji bölegine öwrüldi.

29-30-njy noýabrda paýtagtymyzda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Rumyniýanyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň maksatnamasyny Buharestiň Milli operasynyň aýdymçysy Irina Iordekeskunyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagyndaky konsert, Rumyniýanyň taryhynyň Milli muzeýiniň gymmatlyklaryny görkezýän fotosergi, rumyn filmleriniň görkezilişi düzdi. Şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergi dostlukly ýurduň amaly-haşam sungaty bilen tanyşdyrdy. Onda Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýiniň toplumlaryndan gymmatlyklary görkezildi. Şeýle hem iki halkyň milli mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Noýabryň medeni çäreleriniň hatarynda fransuz pianinoçylary Maksim Zekiniň hem-de Dawid Bismutyň konserti, şeýle hem Merkezi Hindistanyň görnükli halk tanslaryny görkezen “Nepangar Jagruti Kala Kendra” hindi toparynyň çykyşy boldy.

Dekabrda Koreýa Respublikasyndan “Küştdepdi” türkmen milli aýdym aýtmak we tans etmek sungatynyň UNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara toparynyň 12-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň uly ähmiýetiniň ykrar edilýändigini tassyklaýar. Paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde bu waka bagyşlanyp, döredijilik çäresi geçirilip, degişli sergi guraldy. Folklor toparlary tarapyndan özboluşly we özüne çekiji tansyň ýerine ýetirilmegi dabaranyň esasy pursady boldy.

Dekabryň birinji ongünlüginde Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri bolup geçdi. Türkiýäniň döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylary, folklor görnüşinde çykyş edýän aýdymçylar we sazandalar, meşhur döredijilik toparlary bolan “Türk dünýäsi” tans topary hem-de taryhyny XIV asyrdan alyp gaýdýan we dünýäde harby orkestrleriň ilkinjileriniň biri hasaplanýan “Mehter” bütin dünýä meşhur ansambly öz ussatlygyny görkezdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen sergide türk amaly-haşam döredijiliginiň dürli ugurlary, fotosungat işleri görkezildi.

Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça döwlet syýasaty babatda taryhy-medeni ýadygärlikleri mundan beýläk-de öwrenmek baradaky mesele işjeňleşdirildi. Ýurdumyzyň çäklerinde bu gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde arheologiki gazuw-agtaryşlary geçirmegiň Döwlet maksatnamasy şu işlere ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu maksatnama Ylymlar akademiýasy tarapyndan Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirlik bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllara niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony tassyklamak baradaky Karara gol çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny öwrenmegi işjeňleşdirmek hem-de onuň bilen baglanyşykly milli taryhy-medeni gymmatlyklary giňden wagyz etmäge gönükdirilen iri çäreleri geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Bu ugurda meýilleşdirilen işler 22-nji dekabrda Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tassyklan 2018-nji ýylyň “Türkmenistan--Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmegiň Maksatnamasynda beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň ylym we medeniýet ulgamyny diplomatiýanyň ynsanperwer ugry hökmünde halkara gatnaşyklaryny has-da giňeldilmelidigine gönükdirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň dekabryň ikinji ongünlüginde Russiýanyň paýtagtynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XII forumyna gatnaşmagy nusga alarlykdyr. Duşuşygyň esasy mazmuny “GDA-da maşgala gymmatlyklaryny we däplerini pugtalandyrmakda we goldamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň orny” diýen meselelerden ybarat boldy.

Dekabrda Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda bolup geçen çäreleriň birnäçesi milli medeniýetimizi wagyz etmäge gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde 12-22-nji dekabr aralygynda geçirilen III Halkara kitap sergisiniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Şekillendiriş muzeýi tarapyndan guralan ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisini belläp geçmek gerek. Koreýa Respublikasynda dekabr aýynda türkmen folklory we häzirki zaman aýdym-sazlary görkezildi. “Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň halk sazlarynyň taryhy” diýen döredijilik tapgyrynyň çäklerinde Seul hem-de Kwanju şäherlerinde Türkmenistanyň, Gazanystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler boldy. Täze ýylyň öň ýanyndaky günler, däp bolşy ýaly, dürli döredijilik çärelerine beslendi. 15-nji dekabrda welaýatlaryň meýdançalarynda hem-de paýtagtymyzda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada oturdylan baş arçalaryň yşyklarynyň ýakylmagy bilen çagalar döredijilik toparlarynyň, teart we estrada artistleriniň gatnaşmagynda köpsanly Täze ýyl çärelerine badalga berildi. Şu ýyl depesinde sekizburçly ýyldyzda 2018 diýen ýazgysy bolan owadan bezelen gök arçanyň töwereginde ýaýlyp gidýän ertekiler şäherjiginiň keşbi döredilende, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda beýan edilen rowaýatlaryň we hekaýatlaryň çeper görnüşde öz beýanyny tapandygyny bellemek ýerliklidir. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçen ýylyň soňky günlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanylan Wepaly diýen alabaýyň heýkeli açyldy.

Täze ýylyň öň ýanyndaky baýramçylyk wakalarynyň hatarynda “Ýylyň parlak ýyldyzy-2017” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Germaniýadan bolan pianinoçynyň hem-de “Mukam” skripkaçylar toparynyň gatnaşmagyndaky konsert, Wenanyň “Kobario” toparynyň çykyşy, amerikan we türkmen sazandalarynyň bilelikdäki konserti, Russiýanyň sirk ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň medeni durmuşynyň wakalary bir bitewi görnüşi emele getirip, ýurdumyzyň gazananlarynyň giň gerimlidigini, onuň ruhy ösüşiň belentliklere tarap okgunly hereket edýändigini ýüze çykarýar.

Bu işde ady agzalan ulgamyň innowasion taýdan ösdürilmegine möhüm orun degişli bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiren giňişleýin hökümet mejlisinde aýdyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan öňyn özgertmeleri giňden beýan etmekde we döredijilik taýdan şöhlelendirmekde habar beriş serişdeleriniň ornuna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar, bu bolsa onuň işini hemişe kämilleşdirmegiň zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de şu maksat bilen giň gerimli wezipeleri ýokary derejede toplumlaýyn çözmäge ukyply ýokary okuw mekdebini döretmek barada anyk görkezmeler berildi.

Soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda örän netijeli tejribe toplandy. Ol merdana halkymyzyň baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda öz netijelerini bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.