Hökümetiň iş maslahatynda Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Balkan welaýatyna bolan iş saparyň netijelerine bagyşlanylan maslahatyň dowamynda ileri tutulýan wezipelere garaldy. Şol wezipeleriň çözülmegi umumymilli ähmiýetli iri möçberli taslamalar amala aşyrylýan ýurdumyzyň günbatar sebitini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, täze depgin bermäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň netijelerini jemläp, ýurdumyzy ykdysady, senagat, tehnologiki we intellektual taýdan durnukly ösdürmek babatda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maksatnamalaýyn esasda halkara hyzmatdaşlygynyň wajypdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer Balkan welaýatynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekiliýetleriniň derejesinde geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary girizildi. Tebigy serişdeler, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän uly mümkinçilikler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu işleriň köpugurly esasda ösdürilmegi babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary, aýratyn-da, sebitiň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny belläp, ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Hazar deňzi dostluk we halkara hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmelidir, onuň giňişliginde parahatçylyga hem-de halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we bu ugra degişli işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň hereket edýän ülňülere laýyk derejede alnyp barylmalydygyny hem-de desgalary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilmelidigini belläp, bu işleri bellenilen kadalara laýyk getirmegi hem-de onuň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleri ösdürmek, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bu ulgama döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabatyň çäklerinde Balkan welaýatynda gurulýan nebitgaz toplumyna, häzirki zaman nebitgaz senagatyna degişli desgalardaky işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan nebitgaz gorlaryny ylmy esasda öwrenmek, çykarmak, senagat taýdan gaýtadan işlemek hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylýan möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ozal gazanylan halkara derejesindäki ylalaşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmagyň döwrüň möhüm meselesidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk kuwwatlyklaryny artdyrmak, bu ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleri nazara alyp, ulaglaryň ähli görnüşleriniň, şol sanda deňiz gatnawlarynyň we demir ýol ulaglarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli maksatnamanyň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi we logistika merkezi hökmündäki derejesini has-da belende göterer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýurtlary bilen bolşy ýaly, goňşy döwletler bilen ulag we aragatnaşyk boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň täze enjamlar bilen üpjün edilen hem-de döwrebap mümkinçilikleri bolan deňiz menziliniň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi we logistika merkezi hökmünde ykrar edilýändigini belläp, bu işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň senagat düzümini kämilleşdirmek we bu ugra degişli höweslendiriş çärelerini işläp taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Balkan welaýatynda täze önümçilik we durmuş desgalarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ähli meýilleşdirilen işleriň, aýratyn-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk düzümleri boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagyny talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda dolandyryş we önümçilik düzümleri tarapyndan geçirilýän işleriň netijeldiligini üpjün etmek, şeýle hem tutuş ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda halk hojalyk toplumynyň ähli bölümleriniň ysnyşykly özara hereket etmegini ýola goýmak zerur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Munuň özi Hazaryň kenarynda döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulmagyna kömek eder. Ozal bar bolan desgalaryň işine bolşy ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalarynyň seçilip alynmagyna-da örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň ählisiniň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şol işler “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Içeri işler ministri I.Mulikow “Amul-Hazar-2018” awtorallini degişli derejede guramak, onuň geçjek ugurlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri hem-de bu halkara ähmiýetli çäräniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan “Amul-Hazar-2018” awtoralliniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edimlmegi, onuň geçjek ugrunda degişli düzümleriň döredilmegi we olaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy D.Saburow gullugyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýola goýulýan hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak, gullugyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde uçuş-gonuş zolagyny gurmak boýunça taslama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howa menzillerinde ýola goýulýan hyzmatlaryň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belledi. Senagat taýdan sazlaşykly ösdürilýän Garabogaz şäherçesinde alnyp barylýan işleriň uly geljeginiň bardygyny nazarda tutup, hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýolagçy we ýük uçarlaryna niýetlenilen ýerli howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem iş maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň durmuş düzümini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda ähli ugurlar bilen bir hatarda önümçilik düzümlerini ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitde alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigine, guramaçylyk işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigine, welaýatyň düzümlerinde döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde säwlüklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işleriň doly durmuşa geçirilmegini gazanmagy, şeýle hem bu işleri döwrebap talaplara laýyk guramagy häkimden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyň netijelerine bagyşlanylan iş maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen jogapkärli wezipelerde üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ugrady.