Halkara ýanyk merkezi paýtagtymyzyň lukmançylyk merkezleriniň ulgamynyň üstüni ýetirer

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminamada bellenilişi ýaly, täze lukmançylyk merkezini döretmegiň taslamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen amala aşyrylar.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini 2020-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.