Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Dädebaý Amengeldiýewe berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.