Türkmenistan we Hytaý syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi işjeňleşdirýär

2-nji fewralda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.

Çäräniň açylyş dabarsynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, ýurdumyzyň ruhy we medeni kuwwatyny açyp görkezmekde syýahatçylyk pudagyna möhüm orun berip, özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, syýahatlary guramakda hem-de sagaldyş-dynç alyş ulgamynda halkara derejesinde tejribe alşylmagyna uly üns berýär.

Duşuşyk döwlet düzümleriniň wekillerini, işewürleri, syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen marketologlary, bilermenleri, awiadaşaýjylary, şeýle hem Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. Çärä gatnaşmak üçin Pekine Türkmenistanyň esasy syýahatçylyk kärhanalarynyň, myhmanhanalar hojalyk edarasynyň ýolbaşçylarynyň wekiliýeti bardy.

Forumy geçirmegiň baş maksady syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam etmek, bu ugurda iki ýurduň döwlet dolandyryş edaralarynyň, işewür bileleşikleriniň, syýahatçylyk edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak, Hytaýda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek we ilerletmek boldy.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ýagdaýyna, ýokary derejede we uly işleriň geçirilmegi netijesinde gazanylan ylalaşyklary nazara almak bilen, olary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Şol işler häzir ýurtlarymyzyň hökümetleri tarapyndan dürli ugurlarda geçirilýär, bu bolsa ulag kommunikasiýalaryny, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi Ç.Rüstemowa gutlag sözünde syýahatçylyk gatnaşyklarynyň pudaklaýyn sergilere we kongreslere gatnaşmak, wekiliýetleri alyşmak, bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak ýaly esasy gurallary barada aýtdy.

Hytaýly işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt maýasyny çekmek, şol sanda syýahatçylyk pudagyna çekmek üçin amatly ýagdaýy döredýän Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty bilen tanyşdyryldy.

HHR-niň Syýahatçylyk ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň baş direktorynyň orunbasary Sun Bo hytaý jemgyýetçiligini Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, iki ýurduň syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak hem-de özara syýahatçylyk akymyny artdyrmak üçin bilelikdäki forumyň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Ol bu duşuşygyň syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin badalga meýdançasyna öwrülendigini nygtady.

“Şuangsýun” halkara hyzmatlar kompaniýasynyň prezidenti Ýuý Sýandunyň çykyşynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy we binagärlik gözellikleri, şeýle hem halklarymyzyň däp-dessurlary we mirasy bilen tanyşdyrmak maksadynda medeni-öwreniş syýahatlaryny guramak barada anyk teklipler beýan edildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri HHR-niň ýaşaýjylarynyň gyzyklanmalaryny we arzuw-isleglerini nazara almak bilen, olar üçin ýörite syýahatçylyk bukjalaryny işläp taýýarlamak, türkmen syýahatçylyk önümlerini Hytaýyň bazaryna çykarmak üçin mahabat-habarlary taýýarlamak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Forumyň çäklerinde ähmiýetli waka – Türkmenistanyň “Ýüpek ýoly” diýen wiza hyzmatlar merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ol hytaýly syýahatçylara we kompaniýalaryna maslahat bermek, resminamalary ýygnamak, işlemek hem-de ýurdumyza giriş wizasyny almak üçin türkmen syýahatçylyk operatorlaryna ibermek görnüşinde wiza goldawyny bermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirer.

Bulardan başga-da, merkeziň işläp başlamagy mynasybetli uçar petekleriniň lotereýi geçirildi hem-de onda utuş gazanan adamlaryň üçüsine Pekinden Aşgabada we yzlygyna türkmen howa ýollary bilen muzdsuz uçmak üçin sertifikatlar gowşuryldy.

Şeýle hem türkmen tarapyndan sergi guralyp, onda bu ýere gelenlere biziň ýurdumyza syýahatçylyk etmek mowzugyna bagyşlanan maglumatlar, sowgatlyk we mahabat önümleri hödürlenildi.

Forumyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýy arasynda özara bähbitli syýahatçylyk işewürligini has-da giňeltmäge gönükdirilen şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi. Resminamalar bu ulgamda, şol sanda iki ýurduň çäklerinde dürli syýahatçylyk çärelerini geçirmek, maýa goýmak, pudak üçin işgärleri taýýarlamak we maglumat alyşmak babatda ugurlary gurşap aldy.