Nebit, dokma önümleri we buýan köküniň gury ergini birža söwdalarynda esasy üns berlen önümler boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Serbiýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna trikotaž önümleri, nah ýüplük, buýan köküniň gury ergini, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 804 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Ermenistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 126 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 992 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.