Suw arassalaýjy täze desgalar demirgazyk sebitiň durmuş-ýaşaýyş şertlerini we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrar

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda täze lagym-arassalaýyş desganyň (LAD) gurluşygy alnyp barylýar. Ol bir gije-gündizde on müň kub metr akymly hapa suwy arassalamaga niýetlenendir. LAD-y gurýan “Şirin aý” hususy kärhanasy Boldumsaz şäheriniň lagym ulgamyna-da hyzmat eder. Desganyň düzüminde dürli ähmiýetli binalaryň 10-dan gowragy, şol sanda kompressor soruş bekedi, akymly hapa suwy durlamak üçin howuzlaryň ikisi, edara jaýy, ussahana, ammar we beýleki binalar bar. Täze LAD- da belli ýewropa kompaniýalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlarynyň kömegi bilen bu ýere turbalardan akyp gelýän hapa suwy arassalamagyň döwrebap usullary ulanylar.

Suw birnäçe tapgyrda: çäge saklaýjylarda, gözeneklerde, suw durlaýjy howuzlarda we ýag saklaýjylarda arassalynylýar, olarda akymly hapa suwda eremedik hapa galyndylar saklanylýar; ýörüte howuzlarda akym suwy biologik usulda arassalanylýar—akym suwy we oňa goşulan işjeň laý kompressor bekedinden gelýän howa bilen üflenip arassalanylar; arassalanan suw reagentler arkaly zyýansyzlandyrylandan soň açyk howdanlara goýberiler. Şu günler hususy kärhananyň hünärmenleri käbir binalaryň üstüni ýapýarlar, timarlaýyş işlerini alyp barýarlar.

Ýakyn wagtda şeýle LAD-lar Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ýene birnäçesinde peýda bolar, bu ýerde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň amatly durmuş-ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, suwdan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak üçin täze inženerçilik-tehniki ulgamlar gurulýar we ozal bar bolanlarynyň durky täzeleinilýär.

Muňa mysal edip, soňky ýyllarda sebitde gurlan basyşly we öz akymyna akýan täze lagym hem-de suw ulgamlaryny, dürli kuwwatlykly arassa suw öndürýän kärhanalary, lagym beketlerini we beýlekileri görkezmek bolar.