2017-nji ýylyň ýylýazgysy: nebitgaz toplumy

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça möhüm wezipeler çözülende, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, nebitden we gazdan öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. TOPH we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň köpsanly mümkinçiliklerine ünsi çekip, döwlet emlägini hususylaşdyrmagy dowam etdirmegi hem-de häzirki zaman halkara ülňülerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň dolandyrylmagyny düýpli üýtgetmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

30-31-nji maýda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat maslahaty geçirildi. Bu wekilçilikli duşuşyk Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti bolan ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek ýaly strategiki ugurda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň netijeli gepleşikleri dowam etdirmegi üçin ähmiýetli çäre boldy.

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Halkara Energetika Hartiýasyna agza ýurtlardan ministrleriň, ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň hem-de esasy bilermenleriň, halkara energetika we maliýe guramalarynyň, energetika kompaniýalarynyň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň 80-den gowrak wekili gatnaşdy.

Türkmenistan bu gurama başlyklyk etmegine taýýarlyk görşüniň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki halkara başlangyçlaryna laýyk gelýän giň möçberli meýilnamany işläp taýýarlady. Önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny nazara almak bilen, energiýa serişdeleriniň üstaşyr iberilmeginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistan geçen ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk ediji hökmünde taýýar önümi almak hem-de ony daşary ýurtlara ibermek üçin ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak, energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmek, energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitledi. Hemişe bolşy ýaly, şunda ekologiýa meselesine, tebigy serişdeleriň rejeli hem-de aýawly ulanylmagyna aýratyn üns berildi.

Maslahatyň işiniň barşynda “Tebigy gazyň bazarlary: serhetara ulag daşamalary we üstaşyr geçelgeler”, “Bütindünýä energetika howpsuzlygynda suwuklandyrylan tebigy gazyň ornunyň artmagy”, “Nebiti dünýä bazarlaryna çykarmak” hem-de “Elektrik energiýasynyň serhetýaka söwdasy we durnukly ösüş” ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda transmilli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, suwuklandyrylan tebigy gazyň çeýe bazaryny ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri, sebit hem-de dünýä möçberinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň tutýan orny hem-de beýleki möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan energiýa serişdelerine artýan islegleri kanagatlandyrmak hem-de Energetika Hartiýasyna agza döwletlerde maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň düzümine täze ýurtlary çekmek maksady bilen, maýa goýumlaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk edýän döwründe Nigeriýanyň, Burkina-Fasonyň, Keniýanyň we Maliniň bu guramanyň agzalary bolandygyny nygtamak möhümdir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 28-29-njy noýabrda türkmen paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemelidiris. Türkmen paýtagty özünde 50 döwletden 200-den gowrak wekili jemläp, dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýyny hem-de meýillerini, şol sanda ählumumy energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri halkara merkezi hökmünde belent derejesini nobatdaky gezek tassyklady.

Maslahata gatnaşan daşary ýurt bilermenleri, geňeşçileri hem-de iri kompaniýalaryň dolandyryjy wekilleri energetika pudagynda maýa goýumlarynyň töwekgelçiliklerine baha bermek boýunça strategiki çäreler babatynda öz garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin teklip etdiler, şeýle hem dünýä energetika bazaryny ösdürmegiň esasy meselelerine we meýillerine seljerme berdiler.

Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň täsirini ýumşatmak hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energiýa netijeliligini artdyrmak ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, “ýaşyl ykdysadyýete” geçmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy mejlisiň möhüm ugry boldy.

Maslahatyň çäklerinde Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekildi.

Oňa gatnaşyjylar Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijelerini jemlemek bilen Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasyny orta möhletleýin strategiki resminama hökmünde kabul etdiler.

23-24-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VIII Halkara gaz kongresi hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi geçirildi. Bu çäreler energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Giň möçberli çäräniň ýokary derejä eýedigini tassyklady. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň 36 ýurdundan wekilleriň 300-den gowragy geldi.

Kongresiň işiniň barşynda birnäçe mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Olaryň biri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy. Gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki 214 kilometrliginiň gurluşygynyň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygy bellenildi. 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda “TAPI Pipeline Company Limited” we GFR-iň “ILF” kompaniýalarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde gurluşygy deslapky taslamalaşdarmak we dolandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge gönükdirilen şertnama gol çekildi. Bu döwletleriň çäklerindäki tehniki işlere badalga berildi.

2017-nji ýylyň dowamynda gözleg işleriniň toplumy, seýsmiki barlag aerosurata düşürmek, şol sanda TOPH-nyň oňyn ugruny kesgitlemek, gaz gysyjy beketleri we gaz geçirijiniň ugrunda beýleki goşmaça desgalary ýerleşdirmek, bu taslamanyň daşky gurşawa täsirini anyklamak işleri başlandy we ýerine ýetirilýär. Gaz geçirijiniň owgan we pakistan bölekleri üçin tehniki taslamalary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de täze sebitleriň we bazarlaryň halkara energetika ulgamyna çekilmegi sebitde senagat önümçiligine goşmaça itergi berer, söwdanyň ösmegine, maýa goýumlarynyň artmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Öz nobatynda, munuň özi syýasy ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy hem uly mümkinçilikleri açýar. Merkezi Aziýadan Ýewropa “mawy ýangyç” akdyryljak energiýa geçirijisi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny bitewi ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi hem-de Azerbaýjanyň we Gruziýanyň energetika düzümi bilen birleşdirilip bilner.

Şeýle hem konrgesiň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen köpsanly duşuşyklary geçirildi. Şol gepleşikleriň dowamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň gaz senagatynyň döwletimiziň bähbidine bolşy ýaly, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbidine kuwwatly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.

Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu ulgamda möhüm ugur bolup durýar. Maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmeleriniň biri bolan “Bagtyýarlyk” çägindäki ýatakda gözleg, abadanlaşdyryş we özleşdirmek işlerini alyp barýarlar.

Amyderýanyň sag kenaryndan gözbaş alýan energiýa geçirijisi Ýewraziýadaky iri desgalaryň biri hasaplanylýar. Ol 2009-njy ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň özbegistanly, gazagystanly we hytaýly kärdeşleriniň gatnaşmagynda işe girizildi.

Ýokarda bellenilişi ýaly, esasy daşary ýurt maýadarlarynyň bähbitleri ýurdumyzda ägirt uly tebigy serişdeleriň bardygy, eksport mümkinçilikleri, onuň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Önümi paýlaşmak şertnamalary esasynda ýurdumyzda meşhur halkara kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär. Olar bilen bilelikde iri taslamalar, şol sanda geologiýa-gözleg işlerini ýerine ýetirmek, deňizde ýangyç çig mal ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hazaryň türkmen böleginde “Çeleken” şertnamalaýyn çäge girýän ýataklary özleşdirýän “Dragon Oil” kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) işleýär, kompaniýa Hazar şäheriniň golaýynda ýerleşýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklarynyň nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmaga uly maýa goýumlaryny goýdy.

Hususan-da, köne guýulary düýpli abatlamak hem-de täze guýulary burawlamak, deňiz stasionar platformalaryny, suwaçty turbageçirijileri gurmak işleri amala aşyrylýar. “Alaja” nebit guýulýan menziliň durky täzelendi, başgaça aýdylanda, ol täzeden guruldy. Şunuň netijesinde bir wagtyň özünde birnäçe tankere ýük ýüklemek mümkin boldy. Harytlyk nebiti taýýarlamak, saklamak we ugratmak üçin niýetlenen nebit ýygnaýan nokat, awtoulag, traktor, ýük göterýän tehnikalar we nebit enjamlary abatlanylýan mehaniki ussahanalar, deňiz suwuny süýjedýän beket we beýleki desgalar guruldy.

Ýene-de bir daşary ýurt kompaniýasy - Malaýziýanyň “Petronas Charigali” döwlet nebit kompaniýasy “Blok-1” çäge girýän ýataklary özleşdirmek işlerini alyp barýar. Bu iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşynda seýsmigözleg işleriniň toplumy ýerine ýetirildi, gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň onlarçasy burawlanyldy, “Magtymguly”, “Diýarbekir” we “Garagol deňiz” ýaly ýataklar işlenmäge taýýar edildi. Şol ýerlerde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň üsti açyldy.

Hazar sebitinde döwrebap deňiz we ýerüsti düzümi, şol sanda deňiz ýalpaklygynda işleri amala aşyrmakda ulanylýan deňiz düzümlerini ýygnamak boýunça kärhana, Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gazy gaýtadan işleýän zawod we ýerüsti gaz terminaly guruldy. Toplumyň birinji nobatdakysynyň kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaza hem-de 2,4 million tonna gaz kondensatyna barabardyr. Türkmen ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, türkmen ýaşlaryny Malaýziýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okatmak ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italiýanyň “ENI S.P.A.”, Awstriýanyň “Mitro International Limited”, Germaniýanyň “RWE” we beýleki kompaniýalar bilen hem nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy.

Geçen ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda arassalaýjy desgalaryň we aýlawly suw üpjünçiliginiň täze senagat ulgamynyň ulanmaga berilmegi ýangyç-energetika toplumynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa meselesine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Arassalaýjy desgalaryň öndürijiligi gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metrden gowraga barabardyr. Olardan gaýtadan ulanylmaga arassa suwuň 25 müň kub metre çenlisi gaýdyp gelýär. Munuň özi deňiz suwuny süýjediji iri desganyň ulanylmaga berilmegine deňdir.

Täze gurluşygyň desgalar toplumyna sanitar barlaghanasy-da girýär. Ol ABŞ-nyň we Ýewropanyň esasy önüm öndürýän şereketleriniň ýokary takykly seljeriş enjamlary bilen üpjün edildi.

Şeýle möçberli arassalaýyş desgalary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçiligiň hil taýdan täze ekologiýasyny üpjün eder, diňe bir kärhananyň çäginde däl, eýsem, onuň çäginden daşda, şypahana çäginde we onuň töwereklerinde hem daşky gurşawyň ýagdaýyny ep-esli gowulandyrar.

Geçen ýyl Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda işlenip taýýarlanylýan nebit koksundan türkmen grafitini almak boýunça synag üstünlikli geçirildi. Barlaglary geçirmek üçin grafitleşdirmegiň netijeli usuly peýdalanyldy – bu usul işlenilýän önümi iň ýokary ýylylyga çenli gyzdyrýan elektrik togunyň ulanylmagydyr.

Emeli grafit täsin serişdedeir. Onuň elektrogeçirijiligi, ýokary gyzgynlyk geçirijiligi; daşky gurşawa we ýokary gyzgynlyga durnuklylygy; çalgy mümkinçiligi we antifiksiýa aýratynlyklary, himiki inertliligi ondan alynýan önümleriň ylmyň we tehnikanyň köp ugurlarynda uly islege eýe bolmagyny şertlendirýär.

Grafit we ondan alynýan önümler nebit-gaz, atom, metallurgiýa, himiýa, kosmos pudaklarynda işjeň ulanylýar. Oňa bolan isleg bu önümiň Türkmenistanda öndürilmegi, onuň dünýä bazarynda ýetmezçilik etmegi – daşary bazarlarda ýurdumyzyň ornuny berkidýär. Ol teklipleriň biri emeli grafit önümçiliginde ýurdumyzyň dünýä bazaryna çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Sintetiki grafit litiý-ion akkumulýatorlaryny öndürmekde hem ulanylýar.

Öňdebaryjy grafit tehnologiýasynyň özleşdirilmegi bilen türkmen döwletiniň emeli grafitiň we grafit önümleriniň ähli görnüşleriniň dünýä bazarynda ygtybarly orun eýelemegine mümkinçiligi bar. Munuň özi ýurdumyza goşmaça maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün eder.

Ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga çalyşýar. Şu maksat bilen ýangyç serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, olary gaýtadan işlemek arkaly alynýan, ýokary uly isleg bilidirilýän önümleriň möçberlerini giňeltmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Bu wezipeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagy hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, täze tehnikalar bilen üpjün etmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap enjamlaryň we ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalaryň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ýataklarynda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny amala aşyrmagyň netijesinde üstünlikli çözülýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň türkmen paýtagtynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda açylan täze Okuw merkezi hem şu maksatlara hyzmat eder. Bu ýerde 2 we 3 aý möhlete niýetlenen hünäri ýokarlandyryş okuwlarynyň barşynda ýurdumyzyň ýataklarynda işjeň ornaşdyrylýan innowasion enjamlary we tehnologiýalary çalt özleşdirmek üçin ähli şertler döredildi. Okuw merkezinde hünärmenleriň birbada 120-si hünärini ýokarlandyryp biler. Üç gatly okuw binasynda okuw otaglarynyň ýedisi hem-de ýörite enjamlaşdyrylan barlaghanalaryň dördüsi ýerleşdirildi.

Elektrotehniki barlaghanada her bir hünärmen üçin niýetlenen aýratyn diwarlyklar bar. Olar buraw desgalarynyň, guýularyň, turbageçirijileriň hem-de kompressor beketleriniň işini aýdyňlyk bilen görkezýär. Şeýle hem olar islendik ýagdaýy şöhlelendirmäge hem-de okuwlaryň çäklerinde has amatly çözgütleri tapmaga we şeýlelikde, döwrebap desgalaryň işlemeginiň has oňaýly ýagdaýlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Onuň golaýynda ýerleşen audiowizual barlaghana häzirki zaman aralykdan dolandyryş ulgamlarynyň işiniň ýagdaýyny içgin öwrenmäge, tehnologiki proseslere hem-de simsiz aragatnaşyk ulgamlarynyň işine gözegçilik etmäge ýardam berýär.

Şeýlelikde, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri barlaghanadan çykman, soňky ýyllarda ýataklarda ornaşdyrylýan iň döwrebap enjamlarda işlemegi özleşdirip, adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligini hem-de olaryň öňüni almagy öwrenip bilerler.

Ýörite abzallaryň kömegi bilen dürli enjamlaryň kebşirlenilişini görkezýän ýörite diwarlyklar bilen üpjün edilen okuw otaglary hem aýratyn täsir galdyrýar. 3D wizual ulgamlar hem-de ýörite başgaplar işiň ähli tapgyrlary bilen baglanyşykly anyk ýagdaýy döredýärler.

2-4-nji noýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2017” atly ХХII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Oňa dünýäniň 40 töweregi döwletinden 164 halkara we hökümet guramalaryna, şol sanda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýän 500-e golaý wekil hem-de diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

OGT-2017 forumy dünýä işewürlik senenamasynda berk orun eýeläp, uly abraýa mynasyp boldy, onuň giň wekilçilikliligi Türkmenistanyň hem-de onuň mümkinçilikleriniň uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär, gatnaşyklara özara ymtylmalary görkezýär, bu bolsa işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, maýa goýumlary üçin geljegi uly ugurlaryň gözlenilmegi üçin möhüm şert bolup durýar.

Sergi merkezinde dünýäniň 16 döwletinden 40-a golaý kompaniýanyň, şol sanda Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Malaýziýanyň,Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň kompaniýalary, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýäniň iri energetika döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy we häzirki döwürde özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy, Amyderýanyň, Merkezi Garagumuň, Hazar deňziniň ýalpaklygynyň we kenarýakasynyň täze ýüze çykarylan nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna pudagyň serişde binýadynyň berkidilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ugratmagyň köpugurly ulgamynyň döredilmegi onuň möhüm ugry bolup durýar.

Forumda halkara sebit we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de nebit, gaz we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň bazaryndaky ýagdaýlar, marketing strategiýalary seljerildi.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Ýöne, geljek ýyllarda has giň möçberli meýilnamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpsanly başlangyçlary hem şu wezipeleri çözmäge ýardam edýär. Halkymyz baradaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. 2018-2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge 240 milliard manatdan gowrak serişdäni goýbermek göz öňünde tutulýar, şunda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat maýa goýumlary gönükdiriler.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ugurlary we wezipeleri kesgitlenildi. Beýleki pudaklaryň ählisi ýaly, ýangyç-energetika toplumy hem innowasion ösüşiň täze tapgyryna geçýär. Nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak üçin geologiýa-gözleg işleriniň gerimini giňeltmek bilen birlikde, energetika ulgamynyň kärhanalaryny täze tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, döwrebap düzümleri, nebit we gazhimiýa önümleriniň köp görnüşlerini çykarýan ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berler.

2018-2024-nji ýyllar üçin geologiýa-tehniki çäreleriň meýilnamasy—“Türkmennebit” döwlet konserniniň “ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy. Ol nebitgaz gorlarynyň 600-den gowragyny birleşdirýän 30-a golaý ýatagy ulanýar.

Nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geologiýa-gözleg işleriniň gerimini giňeltmek, şol sanda üç ölçegli seýsmiki usullary ulanmak arkaly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada görkezme berdi. Burawlaýyş işleriniň, gözleg we ulanyş guýularyny gurmagyň möçberleri ep-esli artdyrylar. Uly çuňlukda – 7 kilometre çenli çuňlukda ýerleşýän düzümleri öwrenmäge aýratyn üns berler.

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bilen birlikde, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli desgalary gurmaga uly üns berler.

Hazaryň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumy, Garababogaz şäherinde bolsa ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamide hem-de 640 müň tonna ammiaga barabar bolan zawod ulanmaga berler. Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we Euro-5 ölçegine laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda, dizel ýangyjyny arassalamak, katalitiki izodeparafinizasiýa, mazutlaryň katalitiki krekingi, ikinji gezek ulanylýan benzinleri arassalamak, wodorod öndürmek we beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Şunuň bilen birlikde, polistirol we kauçuk almak üçin zerur bolan benzoly öndürmegiň tehniki we ykdysady maksada laýyklyklylygy öwrenilýär. Benzoly bölüp aýyrýan desganyň gurulmagy türkmen nebithimiýaçylaryna EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän benzinleriň önümçiligine doly geçmäge, ýokary hilli sintetiki ýaglaryň (“iki plýus” we “üç plýus” toparlary) çykarylyşyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Eýýäm ýakyn wagtda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamy düýpli özgerdiler we döwrebap, ýokary tehnologiýaly, netijeli, durnukly ösýän, tebigy serişdelere hem-de ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyna, bu ulgamda dünýä gazananlaryna daýanýan durnukly ösýän topluma öwrüler.

Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan syýasat açyklyk, aýanlyk, özara jogapkärçilik, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly çemeleşmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakyndaky Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň çäklerinde görlen çärelere syn berip, geçen ýyl Türkmenistanyň Aziýa sebitiniň iri ýurtlarynyň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny ep-esli berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, geljekde bu ýerde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de energetika ulgamynda jogapkär hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da belende galdyrmak üçin ygtybarly esaslary döredendigini bellemek bolar.