Döwlet Baştutanymyz Nikos Anastasiadisi Kipriň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikos Anastasiadisе onuň Kipr Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Kipr Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.