Bilermenler gurak howa şertlerinde oba hojalyk önümçiliginiň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalylyk bileleşikleriniň howanyň üýtgemegine durnukly ykdysady ösüşini goldamak” taslamasynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Mejlisiň, maliýe we ykdysadyýet, bilim, oba we suw hojalyk ministrlikleriniň, Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem taslamanyň hyzmatdaşlary—agromeliorasiýa we oba hojalygyny ýöretmek ugrundan utgaşdyrjylardyr bilermenler hem-de ýurduň Ykdysatçylar bileleşiginiň hünärmeni gatnaşdylar.

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Witaliý Wremiş giriş sözünde taslamanyň çäklerinde geçirilen uýgunlaşma çäreleriniň oňyn netije berendigini belledi. Amangül Orazberdiýewa geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemini jemledi. Hususan-da, howa şertleriniň üýtgemegi şertlerine oba hojalyk sebitleriniň gowşaklyk derejesi seljerildi, zeýakaba-zeýkeş ulgamlarynyň onlarça kilometri mehaniki usulda arassalanyldy, ýerasty suwlaryň minerallaşmagynyň derejesine gözegçilik edilýär, ýerleri tekizlemek üçin lazer enjamlarynyň birnäçesi satyn alyndy.

Şu ýylda ileri tutulýan işleriň arasynda: oba hojalyk ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem halkara guramalary—BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk, ekarançylyga täsir edýän howa şertlerini seljermek, ylmy taýdan delillendirilen suwaryş, assa-ýuwaş ýaramazlaşýan ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, suwaryş suwuny süýjetmek arkaly topragyň duzuny ýuwmak ýaly çäreler göz öňünde tutulýar. Suw we ýer serişdelerinden peýdalanmak ulgamynda milli kanunlary kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler. Öri meýdanlaryna ykdysdy taýdan baha bermek usulyny synap görmek, OST ulgamynda uzak möhletleýin maýa goýumlary jähtinden agroekologiýa taýdan zolaklara bölmek boýunça duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ysraýylly halkara bilermen Aleksandr Zogas gurak ýerlerde oba hojalyk önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmakdaky tejribeler barada gürrüň berdi. Hususan-da, ol meýdanlaryň ýagdaýy, suwa talaby, howa şertleri we ş.m. ýagdaýlara görä oba hojalyk önümçiligini meýilleşdirmäge we ekinleriň hasyllylygyny çaklamaga mümkinçilik berýän programmalaýyn üpjünçilik barada gürrüň berdi.

-Daşky gurşawyň üýtgeýän, bazar talaplarynyň we tehnologiýalaryň ösýän şertlerinde maglumatlar hem-de usulýetler çalt könelýär,--diýip, ysraýylly bilermen belledi.—Indi durnukly oba hojalyk önümçiligi üçin diňe bir meýilleşdirmegiň özi ýeterlik däl, howanyň ýaramazlaşmagy ýa-da suw ýetmezligi ýaly ýagdaýlar bilen baglanşykly mümkingadar töwekgelçilikleri göz öňünde tutmak üçin çaklama işlerini guramaly. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ünsi önümçilige gönükdirilýär. Seljerijileriň wezipesi bolsa, görkezijilere syn etmek, maslahatlary taýýarlamak we çaklama işlerini alyp barmakdyr. Gurak howaly ýurtlarda OST-nyň ykdysatçylary we klimatologlary, inženerleri we seçgiçileri eýýämden gurak döwürleriň has uzaga çekjekdigini, möwsümleriň çäkleriniň azaljakdygyny göz öňünde tutup, ýene ýigrimi, elli, ýüz ýyldan oba hojalygynyň nähili ýol bilen ösmelidigini kesgitlemäge çalyşýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar aýdylan bellikleri göz öňünde tutup, teklip edilen iş meýilnamasyny kabul etdiler. Suwdan peýdalanmagyň we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin taslama işiniň ýurduň demirgazyk-günorta böleginde—Dänew (ozalky Galkynyş) we Görogly etraplarynda başlanandygyny ýatladýarys. Bu ýerlerde biziň howa- toprak şertlerimizde dürli daşary ýurt tehnologiýalaryny synap görmek we oba hojalyk ekinlerini ýetirşdirmegi amatlaşdyrmak üçin görkezme meýdançalaryny döretmek meselesine garalýar. Ady agzalan etraplarda eýýäm agromerkezler döredildi we enjamlaşdyryldy, olarda okuw seminarlary we tematiki duşuşyklar geçirilýär.