Baş muzeýde açylan sergi Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanýar

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Döwlet muzeýinde Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini görkezýän taryhy-medeni raritetler we eksponatlar bilen tanyşdyrýan tematiki sergi açyldy. Serginiň esasy ähmiýetli bölegi- halynyň öňündäki tekjede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby, şeýle hem ýurdumyzyň kartasy şekillendirilen daş münberde kiçi heýkeller goýlupdyr.

Milli mirasyň şanly mirasy, tutuş taryhyň dowamynda türkmenleriň hemrasy bolan nepis türkmen halylaryny, inçebil ahal-teke bedewleriniň, berdaşly düýäniň we wepaly alabaýyň şekillerini özünde jemleýän joşgunly manzar eýýamlaryň dowamatlylygyny we halkymyzyň ata-baba däplere ygrarlylygyny aňladýar.

Nusaý, Abiwerd, Sarags, Merw, Dehistan, Könürgenç, Amul ýaly gadymy türkmen şäherleriniň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly olaryň iri söwda we senetçilik merkezlerine öwrülmegine getiripdir. Muzeý hünärmenleri şol döwürdäki ýagdaýy we türkmenleriň adaty durmuş şertlerini görkezýän etnografik kompozisiýalaryň ikisini teklip edýärler.

Sergide jöwzaly çölüň uzak we agyr ýollarynda ygtybarly ulag bolan berdaşly düýeleriň şekili köp goýlupdyr. “Çöl çämisiniň” köpsanly heýkelleri, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň we halkaryň ýakynlygyny aňladýan düýe kerweni şekillendirilen manzarly halylar hem-de suratlar bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär.

Söwda kerwenleriniň geçen ýollarynda kerwensaraýlar gurlupdyr, olaryň köpüsi binagärlik sungatynyň naýbaşy eserlerine öwrülipdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleri wagty tapylan adam eliniň hünäriniň nusgalary haryt, bilim we tehnologiýalar alşygy netijesinde kämil derejä ýeten senetçiligiň ösüşiň ýokary gatlagyna galanlygyna şaýatlyk edýär. Gadymy binagärlik sungatynyň saklanyp galan ýadygärlikleri häli-häzirem gurluşynyňdyr bezegleriniň kämilligi bilen göreni haýran edýär. Serginiň bölümleriniň biri özboluşly binagärlik eserleri, şeýle hem küýzegärlik önümleri we zenanlaryň şaý-sepleri bilen tanyşdyrýar.

Beýik Ýüpek ýoly diňe bir Gündogar bilen Günbatary birleşdiren ummasyz söwda ýoly bolman, eýsem halkara ykdysady, syýasy, tehnologik we medeni özara gatnaşyklara ýol açan, halklaryň köpüsini ýakynlaşdyryp, ösüşe kuwwatly itergi beren ýoldur, muny şu sergi hem aýdyň görkezýär. Siwilizasiýalaryň çatrygynda ýerleşen, öz taryhyna we däp-dessurlaryna sarpa goýýan Türkmenistan hem häzirki gatnaşyklar ulgamynda döwletara özara hereketiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.