Polipropileniň nobatdaky tapgyry Russiýanyň Olýa portuna iberiler

Surata düşüren: Mihail BOBKIN

Polipropilen saklanylýan we ugradylýan terminal Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň köp hereketli ýerleriniň biridir. 2017-nji ýylyň netijelri boýunça bu ýerden alyjylara 60 müň tonna gymmatly önüm iberildi. Bu ýere Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan bir gije-gündizde ortaça 200 tonna golaý ýurdumyzda we daşary ýurtlarda durnukly isleg bildirilýän nebit himiýasynyň bu külke önümi getirilýär.

Daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň aglaba bölegi deňizde gämiler arkaly daşalýar. Dürli ýurtlaryň ýük gämileri ýokary islegli haryt almaga gelýärler.

Şu günler Russiýanyň “Musa Jelil” gury ýük daşaýan gämisiniň ammarlaryna polipropilen ýüklemek işleri tamamlanyp barýar. Aşagyna zat goýlan gapakly haltalara gaplanan polipropilen kenardan gämä ýüklenilýär. Olaryň hersinde jemi agramy 1 tonna bolan 40 halta ýerleşýär, bu bolsa diňe bir ýük ýüklemegi aňsatlaşdyrman, eýsem gämä ýüklenen ýüküň hasabyny hem ýeňilleşdirýär. Ýük ýüklemek işleri tamamlanandan soň rus gämisi deňze çykar we “türkmenplen” nyşany bilen tanalýan polipropileni Astrahan oblastynyň Olýa portuna elter.