Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek etmek boýunça hereketleriň dördünji Makstnamasyny işläp taýýarlamak işine girişildi

Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti Gaznanyň Dolandyryş edarasynyň makullan iş meýilnamasyna laýyklykda birbada birnäçe ugur boýunça işini işjeňleşdirdi. Häzirki wagtda sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly (Aşgabat) konwensiýasyna goşulmagy barada meseläni ilerletmek boýunça taýýarlaýyş çäreleri başlandy. Häzirki wagtda bu resminama Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan gol çekdiler. Oňa Gazagystan bilen Özbegistan goşulandan soň konwensiýa güýje girer, bu bolsa daşky gurşawy goramakdan tä suw serişdelerinden peýdalanmaga çenli dürli ugurlar boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny goýmaga mümkinçilik berer.

Aral deňziniň sebtiniň ýurtlaryna kömek etmek boýunça hereketleriň täze, 4-nji Maksatnamasyny (ADSK-4) işläp taýýarlamaklyga girişildi. Sebit ähmiýetli bu wajyp resminama Merkezi Aziýada durnukly ösüş, Gaznanyň Aral sebtinde durmuş şertlerini we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen işiniň çäklerinde döwletara özara hereketleri işjeňleşdirmek üçin esas bolar. Gaznanyň döredilen döwründen bäri şeýle maksatnamalaryň üçüsi durmuşa geçirildi, olaryň soňkusynyň hereketi 2015-nji ýylda tamamlanypdy.

ADSK-4-i işläp taýýarlamak üçin häzirki wagtda AHEHG-nyň gurluş düzümleriniň wekillerinden, ony dörediji döwletleriň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerinden, halkara bilermenlerinden ybarat sebit we milli iş toparlary döredilýär. Maksatnama Gaznanyň işine gatnaşýan ýurtlaryň teklip eden taslamalary goşular. Işlenilip taýýarlanylan resminamalar sebiti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk geler ýaly ony taýýarlamak işleri köptaraplaýyn maslahatlaryň dowamynda utgaşdyrylar. ADSK-4-i suw serişdelerinden toplumlaýyn peýdalanmak, ekologiýa, durmuş-ykdysady we institusial-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlarda taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän Türkmenistan Aral deňziniň sebitinde suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady şertleri gowulandyrmak boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrýar. Aşgabatda Ýerine ýetirji komitet işleýär, onuň işi guramany dörediji döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň, AHEHG-nyň Prezidentiniň we Gaznanyň Dolandyryş edarasynyň çözgütlerine laýyklykda gurnalýar.