2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnama işläp taýýarlanylar

Paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata welaýatlaryň häkimleri, Mejlisiň deputatlary, oba hojalyk toplumynyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, suw hojalygy pudagynyň işgärleri, oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş derejesini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň suw hojalyk toplumynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga, pudagyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm wezipeleri öňe sürdi. Olaryň hatarynda oba hojalyk önümçiliginde ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerini, suwy netijeli peýdalanmagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny nazara almak bilen, oba hojalyk önümçiligine ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly ugurlar bar.

Durmuşa geçiririlýän giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ugur degişlidir. Bu möhüm pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli gurulýar. Suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösüşini, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna kömek edýär.

Şu nukdaýnazardan 2016-njy ýylda Ahal welaýatynda ekin dolanyşygyna girizilen 25 müň gektara golaý ýeri suw bilen üpjün etmäge gönükdirilen suw hojalyk toplumy ulanylmaga berildi. Ol Garagum derýasyndan suw howdanlaryna we ekerançylyk meýdanlaryna suwuň zerur möçberlerini akdyrmaga mümkinçilik berýän birnäçe gidrotehniki inženerçilik desgalary özünde jemleýär.

2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň birinji tapgyry tamamlandy. Şonda Ahal welaýatynda 28 müň 164 gektar, Balkan welaýatynda 9 müň 176 gektar, Lebap welaýatynda 11 müň 362 gektar, Mary welaýatynda bolsa 9 müň 249 gektar meýdanda degişli işler ýerine ýetirildi. Daşoguz welaýatynda şeýle çäreler 14 müň 506 gektar meýdanda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Häzirki döwürde suw gurluşykçylar Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň ikinji nobatdakysynyň birnäçe desgalaryny gurýar. Şonuň netijesinde bu suw howdanyň sygymy 3 milliard 850 million kub metre barabar bolar. Bu suw howdany derýanyň akymyny sazlaýjy we Amyderýanyň suwunyň Garagum derýasy boýunça degişli ölçeglerdäki akymyny bökdençsiz üpjün edýän desgadyr. Toplumyň desgalarynda alnyp barylýan işleriň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Häzirki döwürde bu ýerde sygymy 4 milliard kub metre barabar bolan ikinji howdanyň gurluşygy dowam edýar.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda sil suwlaryny ýygnamaga niýetlenen göwrümi 47,3 million kub metr barabar bolan Däneata suw howdany gurulýar. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda sygymy 20,5 million kub metre barabar bolan täze suw howdany gurulýar. Mundan başga-da, Garagum derýasynyň ugrunda ýerleşýän “Hanhowuz” suw howdanynyň sygymyny 1,5 milliard kub metre çenli artdyrmak, Murgap derýasynyň ugrunda ýerleşýän “Saryýazy” suw howdanynyň sygymyny 500 million kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýär. Şeýle suw howdanlary suw serişdeleriniň goşmaça gorlaryny döretmäge, olary möwsüme görä netijeli peýdalanmaga, ekerançylyk meýdanlarynda suwuň has köp ulanylýan döwürlerine çenli suwy saklamaga mümkinçilik berýär.

“Türkmenistanda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hem-de 2015-2020-nji ýyllarda Garagum derýasynyň suw goýberijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň maksatnamasyna” laýyklykda, ozal bar bolan suw akymyny kadalaşdyryjy we suw sorujy beketleriň durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak işleri alnyp barylýar, suw ölçeýji we beýleki enjamlar gurnalýar. Birnäçe welaýaty suw bilen üpjün edýän Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde sygymy 18 million kub metre deň bolan suw howdany gurlar.

”Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” çäklerinde -iri maýagoýum taslamalary suw önümçiligi boýunça häzirkizaman kärhanalary, suw arassalaýjy desgalary we suw geçiriji ulgamlary, Hazar deňziniň kenarynda deňiz suwuny arassalamak boýunça desgalary gurmak işleri amala aşyrylýar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezidentmaksatnamasyna”laýyklykda, welaýatlarda suwarymly ekerançylyk üçin jemi 2 müň 900 gekdar tarp ýeri özleşdirmek işleri öňde durýar. Çöllük howa şertlerinde oba hojalyk ekinlerini suwuň ýeterlik mukdary bilen üpjün etmek üçin suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga ýardam etjek iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýa häsiýetli ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna ilkinji derejeli üns berilmelidir.

Hususan-da, her welaýatda ekerançylyk meýdanlarynyň 600 gektaryny damjalaýyn usulda suwarmak üçin niýetlenen desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda döwrüň örän iri suw desgasynyň “Altyn asyr” türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Zeý akabalarynyň bökdençsiz işlemegi netijesinde, bu köle ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan şor suwlar akdyrylýar, munuň özi toprakasty suwlaryň derejesiniň peselmegine, ahyrky netijede bolsa ýerleriň ýagdaýynyň gowulanmagyna, oba hojalyk ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam berýär.

Mundan başga-da, dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumuň merkezinde adam eli bilen täze kölüň döredilmegi daşky gurşawy goramak babatynda amatly şertleri döredýär, diňe bir ýurdumyzda däl-de, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna kömek edýär.

Şu meselede Türkmenistan örän işjeň orny eýeleýär, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä forumlarynda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Ýaponiýada geçirilen tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça BMG-niň III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe sürlen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawuna eýe boldy.

Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler we beýlekiler bar. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebit merkeziniň işlemegi üçin zerur bolan düzümleri bermäge türkmen tarapy taýýardyr.

2017-nji ýyldan bäri Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurdumyz sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine ýetirýän ägirt uly täsirini nazara almak bilen, Merkezi Aziýada ekologiýa ulgamynda we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakda işjeň çäreleri alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwlaryny şorlaşma durnukly meýdanlarda peýdalanmak bilen baglanyşykly jikme-jik ylmy-barlaglaryň geçirilmeginiň, düýedarçylygyň hem-de maldarçylygyň beýleki pudaklarynyň kölüň ýanaşyk çäklerinde, balyk senagatynyň we beýlekileriň ösdürilmegi babatynda işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Şonuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhüm ugurlary täze suw howdanlaryny we beýleki gidrotehniki desgalary gurmak işlerinden ybaratdyr, bu oba hojalyk meýdanlaryny suwaryş suwunyň goşmaça gorlaryny döretmäge, öri meýdanlaryny suwarmaga, ilatly ýerleri, halk hojalyk desgalaryny we ekerançyyk meýdanlaryny sil suwlaryndan goramaga niýetlenendir.

Suw pudagyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň we enjamlaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek, demir-beton gurnamalarynyň hem-de suw hojalyk pudagy üçin zerur beýleki gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik möçberleriniň ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmak maksady bilen, anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy..

Hazar sebitinde ilatyň we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin deňiz suwuny arassalamak boýunça desgalaryň gurluşygyna, suw hojalyk pudagy üçin ýokaryderejeli hünärmenleriň, inžener-tehniki işgärleriň taýýarlanylmagyna, bu ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, toplumlaýyn ylmy-tehniki maglumatlar ulgamynyň döredilmegine ilkinji derejeli üns berler

Çykyş edenler Oba we suw hojalyk ministrligi hem-de olaryň welaýat bölümleri tarapyndan suw serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmegi güýçlendirmegiň, etraplaryň daýhan birleşikleriniň hem-de kärendeçileriň suw serişdelerinden rejeli peýldanmagyň kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmekde şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň häzirki döwürde ösüşi üçin öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, obasenagat toplumyna işi dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini üpjün edýän ýörelgeleri işjeň ornaşdyrmak, ekerançylygy, guşçulygy, et we süýt önümçiligini, azyk hem-de beýleki pudaklary, şeýle hem oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy işjeň ösdürmek, oba ýerlerinde durmuş meselelerini çözmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berdiler.

Şunda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň dürliliginiň möçberini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek wezipeleri Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugurlarydygy nygtaldy. Bu ulgamda obasenagat toplumynda geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler hem-de pulagyň ägirt uly kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen iri möçberli özgertimeler netijesinde uly üstünlikler gazanyldy.

Döwletimiz pudagyň işgärlerine onuň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna hem-de tutuş obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, himiýa senagatynyň ösdürilmegine, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edilmegine iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen hemmetaraplaýyn goldaýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlar, kombaýnlar, ekiş enjamlary we dünýäniň belli önüm öndürijilerinden beýleki enjamlar satyn alynýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan höweslendirmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan önümleri satyn almak, kepillendirilen nyrhlary bellemek, ýeňillikli salgyt salmak we karzlaşdyrmak ýaly usullar giňden ulanylýar.

Ýer kadastryny düzmek, obasenagat toplumyna hususy telekeçiligiň wekillerinii çekmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen, her welaýatda daýhan birleşiklerini hojalygy dolandyrmagyň hususy ulgamyna geçirmek meseleleri işlenip taýýarlanylýar we bu tejribäni beýleki daýhan birleşiklerine ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet buýurmalaryna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny 5 ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegini üpjün eden daýhanlara ýerleri uzakmöhletleýin kärendä bermek, bu pudakda oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini döretmek – bularyň ählisi diňe bir hususy ýerden peýdalanyjylaryň kemala gelmegine däl-de, ýer eýeleriniň, gurply daýhan hojalyklarynyň we birleşikleriniň-de kemala gelmegine ýardam eder. Obada bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän hojalygy ýöretmegiň täze görnüşlerine geçilmegi bazarlarymyzy ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümler bilen doldurmaga, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berer.