Karawajonyň eserleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlarda görkezilýär

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň eserleriniň reproduksiýasynyň türkmen paýtagtyndaky sergisi we ajaýyp nakgaşyň döredijiligine sanly tehnologiýalar arkaly syn etmäge mümkinçilik berilmegi aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Onuň guramaçylary--Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, ýurdumyzyň medeniýet we daşary işler ministrtlikleri sergini ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnapdyrlar.

Italiýanyň diplomatik wekilhanasynyň medeniýet boýunça attaşesi Mikela Sandininiň söhbetdeşligimizde belleýşi ýaly, eýýäm Bakuwyň we Tbilisiniň ýaşaýjylary Karawajonyň işleri bilen tanyşdylar, indi sergi Aşgabatdan soň Daşkentde görkeziler. “Serginiň guramaçylary şu ýoly saýlap, Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegini täzeden dikeltmegi niýet edindiler. Sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy Karawajonyň eserleriniň her bir detalyny ýokary derejede jikme-jik takyk görkezmäge mümkinçilik berdi. Şunuň netijesinde sergä gelip, eserler bilen tanyşýanlar edil olaryň asyl nusgasyna syn edýän ýaly bolýarlar. Aşgabatlylar Karawajonyň eserleriniň 19-syny Çeperçilik sungaty muzeýinde, 14-sini bolsa Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky sergide görüp bilerler”—diýip, hanym Sandini belledi.

Mikelanjelo Merizi 1571-nji ýylda dogulýar, Karawajo tahallusy bolsa, Lombardiýadaky dogduk ili bolan bir oba bilen baglanşyklydyr. Onuň kakasy markiz da Karawajonyň öýünde baş gullukçy we arhitektor bolup işläpdir. Mikelanjelo 1590-njy ýyllaryň başyna çenli milanly nakgaş Simon Petersanonyň ussahanasynda sapak alýar. Baryp şol döwürde onuň güýçli zehini ýüze çykyp ugraýar. Onsoň 1593-nji ýylda ol Rime gidýär. Emma Rim zehinli ýetginjegi gujak açyp garşy almandyr. Karawajo hor-homsy ýaşapdyr, şol döwürde öňe saýlanan žiwopisçi Çezare d’Arpino öz monumental işlerinde natýurmort çekmek üçin işe alýança hakyna tutma işlemäge mejbur bolupdyr. Şol döwürde “Näsag Wakh” (ol gadymy grek taňrysynyň keşbinde öz suratyny çekipdir) we “Içi miweli sebtli oglanjyk” suratlaryny çekipdir.

Karawajo ХVII asyr Ýewropa žiwopisinde realistik ugry esaslandyryjy hasaplanylýar. Onuň suratlaryndaky ýagtylyk-kölege sazlaşygy şekilleri göwrümli görkezip, tomaşaçynyň ünsüni Karawajo mahsus usulda şekillendirilen detallara we gahrymanlaryň duýgylaryna çekýär. Ýöne ýaman ýeri, ol diňe bir doga zehinli bolman, eýsem ol gahar-gazabyna bäs gelip bilmänlerdenem eken, şol sebäplem köplenç kyn güne düşüpdir. Onuň “Palçy zenan” we “Karamçy” ýaly suratlary Mikelanjelonyň şäher kwartallarynyň ýagdaýyny diňe daş gulakdan bilmändigini görkezýär. “Palçy zenan” italýaly ussadyň iň tanymal işleriniň biridir. Ýaşlygyna garamazdan Karawajo ýylgyryp duran gelşiklije sygan gyzynyň asly baý maşgaladan çykan türkana ýetginjegi oýnamaga hyýal edişini ajap şekillendiripdir. Onuň palyna ýürekden ynanan ýaş ýigit syganyň barmagyndaky altyn ýüzügini sypyryp aljak bolýanlygyny-da aňmaýar.

“Karamçylar” suratynda kezzap hilegärleriň kart oýnunda sada ýaş jenaby ýeser aldaýan pursadyny şekillendirende Mikelanjelo gahrymanlaryň häsiýetrini reňkleriň çalşygy we eşikleriniň detallarynyň üsti bilen çeper beýan edýär.

1595-nji ýylda sözi ýöreýän kardinal Françesko del Monte Karawajo howandar çykyp, ony Rimiň döredijiulik adamlarynyň arasyna goşýar. Nakgaşyň güýçli çeperçilik ylhamyna we pikir garaşsyzlygyna sarpa goýan kardinalyň toplamasynda Karawajonyň döredijiliginiň irki döwrüniň “Lýutnaçy”, “Konsert”, “Meduzanyň kellesi” we “Miweli sebet” ýaly iň gowy suratlary bolupdyr.

Karawajonyň döredijiliginiň täze tapgyry bolan, sungaty öwrenijileriň aýtmagyna görä, ýetişen döwri 1599-njy ýylda keramatly Matfeýiň ömrüne bagyşlanan dört suratdan başlanýar. Oňa “Keramatly Pýotryň haja çüýlenmegi” we “Paweliň dini kabul etmegi” ýaly ýene iki surat çekmegi buýurýarlar. Emma köçe sergazdançylygyndaky dawa-jenjelleriň soňy pajygaly gutarýar. 1606-njy ýylda pökgi oýnundaky ýoldaşyny ölüm howply ýaralan Mikelanjelo özüne ölüm jezasy berlerden gorkup, Rimi terk edýär.

Karawajonyň galan ömri Florensiýada, Modende, Genuýada, Sagaroloda, Neapolda sergezdanlykda geçýär. 1607-nji ýylda özüne eldegirmesizligi gazanmak üçin keramatly Ioann ordeniniň hataryna girmek niýeti bilen Malta adasyna gidýär. Ol Malta ordeniniň ýolbaşçysynyňkyda gulluk eden döwri uly abraýa eýe bolýar. Maltanyň baş ybadathanalarynyň birinde “Ioann Çokundyryjynyň başynyň alynmagy” eseri saklanylýar.

Emma Mikelanjolanyň kakabaşlygy başyna bela getirip, ir ýogalmagyna sebäp bolýar. Ordeniň agzalrynyň biri bilen urşandan soň ony türmä salýarlar. Nakgaş türmeden gaçyp, Sisiliýa adasyna özüni atýar. Messinanyň milli muzeýinde Karawajonyň giçki işleriniň ikisi—“Lazaryň direlmegi” we “Çopanlaryň sežde etmegi” atly işleri saklanylýar. Sirakuza şäherinde bolsa, ol Santa Lýuçiýa ybadathanasy üçin “Keramatly Lýuçiýanyň jaýlanylyşy” suratyny çekipdir.

Nakgaş Neapola dolanyp gelende maltalylar ony rehimsiz ýenjipdirler. Ömrüniň pajygaly gutarjagyny duýanlygy onuň iň soňky işinde—“Goliaf kelleli Dawid” eserinde mese-mälim bildirýär. Çaklamalaryň birine görä, nakgaş çopan oglanjygyň keşbinde özüniň ýetginjek döwrüni beýan eden bolsa, Goliafyň kellesi—ýetişen Karawajonyň awtoportreti bolmaly. Duýgulary ony aldamandyr. Rime dolanmaga rugsat alansoň, öz göwnüne iň parahat ýol,---deňiz üsti bilen Porto-Erkolä tarap ýola düşýär, bu ýerde ol ýalan töhmet bilen türmä salynýar. Azatlyga çykanda emlägi ýüklenen gäminiň ýitirim bolandygyny bilip galýar. Karawajo 1610-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda ysytmadan ýogalýar.

Mikelanjelo Meizi da Karawajo bary-ýogy 39 ýaşapdyr. Şeýle az ýaşanlygyna garamazdan, Ýewropa žiwopisine ummasyz täsir edipdir. Karawajo žiwopisde täze ýol goýupdy, onuň yzyna eýerenlere “karawajoçylar” diýipdirler.