Türk kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkiýeli işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge buýsanýandygyny belledi. Dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunda Türkiýäniň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzda netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertler, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň täze tekliplerine garamaga hemişe taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalary bilen ýola goýlan işewürlik gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly kuwwata eýe bolan gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Türkiýeli hyzmatdaşlara ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň biri Owadandepedäki aýna kärhanasydyr. “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bu kärhananyň potratçysydyr. Häzirki wagtda iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik toplumynyň gurluşygy tamamlandy hem-de ulanmaga bermäge doly taýýar edildi. Bu kärhana sebitdäki şeýle desgalaryň birinjisidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň senagatlaşdyrmak ugry bilen barýandygyny aýdyp, döwrebap senagat düzümini döredýändigini, iş ýüzünde öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrýandygyny belledi. Şunda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ýerli çig malyň esasynda onuň pudaklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Öz nobatynda, munuň özi daşary ýurtly, şol sanda degişli tejribä eýe bolan türk kompaniýalary üçin amatly şertleri döredýär.

Işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalary hem-de ýurdumyzy öňdäkileriň hataryna çykarmaga ýardam etjek taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalaryny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak ýaly möhüm taslama çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslama tutuş sebitiň abadançylygy we durnukly ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň ahyrynda myhman türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtap, milli Liderimize berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.