Gyşda Bathyz goraghanasynyň işgärleri keýikleriň we aýraklaryň toplanýan ýerlerine ot –iým daşaýarlar

Selçeň pisse tokaýly pesdaglyk bu ýer ýurdumyzyň özboluşly we iň gözel ýerleriniň biridir, ol Türkmenisranyň, Eýranyň we Owganystanyň serhetleriniň çäklerinde, Köpetdagyň we Paropomiziň gaýaly gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Bu ýerler gyşlaga amatly giň öri meýdanlary bilen tanalýar. Indi bu ýerde Watanymyzyň bu özboluşly künjegini tebigy görnüşinde saklap galmak üçin Bathyz döwlet tebigy goraghanasy ýerleşýär.

ХIII asyr syýahatçylarynyň bellemegine görä, bu ýeriň sümme tokaýyndan birnäçe günläp ýol aşylýan eken. Gynansagam, häzir orta asyrlar tokaýynyň ösümlikleri ýok. ХIХ asyryň ahyrynda bu ýerde işlän botanikaçylar hem Bathyzyň ösümliklerine biziň häzirki görýän durkumyzda duşupdyrlar. Bu ýeriniň howasy has tapawutly iki hilli—gurak we ygally bolup, ol Orta deňiz tipine degişlidir. Birinji möwsüm maýdan oktýabra, ikinjisi oktýabrdan maý aýyna çenli dowam edýär. Bu ýeriň tomsy Garagumyň golaýdaky sebitlerindäkiden has maýyl, gyşy gazaply bolýar. Birnäçe ýyldan bir gezek ýigrimi gradus aýaz bolýar. Ýerde gar 10 günden artyk ýatmaýar, ýöne kä ýyllarda ol bir aýa çenli eremeýär.

Şeýle şertlerde ot iýýän haýwanlaryň ýagdaýy kyn bolýar. Şu tebigaty goraýyş meýdanynyň altyn hazynasy bolan toýnakly haýwanlar üçin tebigy otlardan altmyş tonnadan gowrak bede taýýarlanyldy. Howanyň aýazly günleri goraghananyň işgärleri haýwanlaryň has köp üýşýän ýerlerine ot-iým daşaýarlar. Olaryň biri ýata suwly Ýeroýlanduz oýudyr, howa bulaşan döwri bu ýere keýikleridir aýraklar kän üýşýär. Hünärmenler şeýle hem olaryň göç edýän ýerlerine-de gözegçilik edýärler, çünki ýaz aýlary olaryň köpelýän wagtydyr.