Dünýä boksunyň ýyldyzlary milli çempionatymyzyň guramaçylygyna ýokary baha berdiler

Surata düşüren: Süleýman ÇARYÝEW

Paýtagtyň Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň ikinji güni tamam boldy. Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň güýçli boksçularynyň çärýek finaldaky duşuşygy boldy.

54 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edýän zenanlaryň arasynda Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän Selbi Kywyşewa aşgabatly Alýona Durowadan üstün çykdy. Zenanlaryň höwesjeňler boksunyň düzgünleriniň erkekleriňki bilen doly gabat gelýändigini bellemek gerek. Bäsleşik her biri üç minutdan ybarat üç tapgyry öz içine alýar. Ýeke-täk tapawut, zenanlar tutluşyk mahalynda şlýomly bolmalydyrlar. Soňra çärýek finalda erkekler 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdiler. Aşgabatly we lebaply türgenleriň arasyndaky bäsleşikde ýeňşi paýtagtymyzyň toparynyň wekili Begenç Alymow mynasyp boldy.

Mary welaýatyndan Begenç Myratgulyýew Ahal welaýatyndan Öwez Hallyýew bilen bolan duşuşygyň ilkinji iki tapgyrynda öňe saýlandy. Şoňa görä-de ýeňlen türgen bäsleşigi wagtyndan öň tamamlamagy karar etdi.

Lebap welaýatynyň wekili Zarip Açilow üç tapgyrda paýtagtly boksçy Lukman Döwletgeldiýewi ýeňdi.

Dördünji tutluşykda Baýramhan Permanow 2017-nji ýylda Yslam oýunlarynyň baýragyny alan ýaryşyň güýçli türgeni saýylýan Ýakup Meredowa mynasyp garşylyk görkezdi. Emma, utuklar boýunça ondan asgyn geldi.

Soňra çärýek finaldaky bäsleşik 60 kilograma çenli agramlyk derejesinde dowam etdi. Aşgabatdan Begmyrat Halmyradow ilkinji duşuşygyň ýeňijisi boldy. Ol ikinji tapgyrda öz garşydaşy Mansur Salimowy nokdauna iberdi. Ýöne Lebap toparynyň wekili finala çenli mynasyp saklanmagy başardy.

2017-nji ýylda Yslam oýunlarynyň bürünç baýragyny eýelän paýtagtly toparyň wekilleri Hursant Ymamgulyýewiň we Şöhrat Jumaýewiň arasyndaky tutluşyk deň alnyp gidildi. Ýöne H.Ymamgulyýewiň urgulary anyk boldy we tutluşykda ýeňiş onuň tarapyna geçdi.

Lebap welaýatyndan Arslan Urunow eýýäm ilkinji tapgyrda Ahal welaýatyndan bolan garşydaşy Saparmämmet Saryýewi ýeňdi. Ol tutluşygy dowam etmekden boýun gaçyrdy.

Ýazmyrat Gurbanow Daşoguz welaýatyndan bolan Tumir Halylowdan üstün çykdy.

69 kilograma çenli agramlyk derejesinde ilkinji tutluşyk aşgabatly türgenleriňki boldy. Serdar Amangeldiýew bäsleşikde Resul Myratdurdyýewi düýpli artykmaçlyk bilen ýeňdi.

Ýaryşyň soňraky tapgyrynda Lebap welaýatyndan Bagtyýar Joraýew öňe saýlandy. Ol çekeleşikli göreşde aşgabatly Sapardurdy Bagyýewden üstün çykdy.

Muhammetmyrat Sähedowa Bahadur Myradow bilen bolan tutluşykda üstünlik hemra boldy. Türgenleriň ikisi hem paýtagtyň toparyna wekilçilik edýär.

Daşoguz welaýatyndan Timur Täjimow aşgabatly Rahym Atabaýewden düýpli artykmaçlyk bilen üstün çykdy.

Çempionatyň sport gününi 81 kilograma çenli agramlykda çykyş edýän Lebap welaýatynyň toparynyň iki wekili – Mämmet Altyýew we Farhat Şadmanow tamamlady. M.Altyýewiň görkezýän anyk artykmaçlygy üçin bäsleşik eminler tarapyndan bes edildi. Soňra geçirilen metbugat maslahatynda iki gezek olimpiýa çempiony Oleg Saitow, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýak we höwesjeň boksunyň Halkara asossasiýasynyň wise-prezindeti we Aziýanyň boks konfederasiýasynyň prezidenti Serik Konekbaýew çykyş etdi.

Çykyş edenler bäsleşigiň guramaçylygyny we Olimpiýa şäherçesiniň ýokary derejesini, bäsleşige gatnaşyjylaryň ussatlygyny we maksada okgunlylygyny aýratyn bellediler. Türkmen boksunyň ýurdumyzda we halkara giňişliginde uly geljeginiň bardygyna ynam bildirildi. Mähirli sözler janköýerleriň adyna hem aýdyldy.

Bellenilşi ýaly, çempionatyň we halkara ýaryşlarynyň birnäçesiniň jemleri boýunça güýçli milli topar kemala getiriler. Ol 2018-nji ýylda Jakarta şäherinde boljak Aziýa oýunlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik eder.