Hökümet maslahatynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň hem-de gurluşyk işleriniň barşyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk we energiýa üpjünçiligi ýerine ýetirilişi boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtmyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzir howanyň sowuk günleriniň dowam edýändigine ünsi çekip, degişli inžener-tehniki ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde gurluşygy alnyp barylýan binalarda we desgalarda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermek, Aşgabady ösdürmegiň geljek döwür üçin meýilnamasyna garamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýyl gurluşygy tamamlanyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň sanawyny düzmek barada tabşyryk berip, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şonuň bilen bir wagtda welaýatda inženerçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekki bereketli hasylyň düýbüniň şu günlerden mäkäm tutulýandygyna ünsi çekip, häzirki wagtda güýzlük däne ekinlerini goşmaça iýmitlendirmek meselesine berilýän ünsi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda agrotehniki çäreleri geçirmek üçin howa şertleri amatly, şoňa görä-de, bu işleriň depginini güýçlendirmek gerek. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini ýokary hilli we talabalaýyk geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Nowruz gününe gabatlanyp, geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi, türkmen halkynyň özboluşly milli däp-dessurlary bu çärelere aýratyn öwüşgin çaýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradowy hem göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurulmagy meýilleşdirilen iri dokma toplumynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Taslamada görkezlişi ýaly, toplum birnäçe fabrikden, şol sanda egriji, dokma, boýag we tikinçilik fabriklerinden ybarat bolar. Bu ýerde ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasy gaýtadan işleniler. 15 gektar meýdany tutjak bu möhüm senagat desgasyny 2021-nji ýylyň martynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda ýokarda agzalan toplumyň gurluşygy baradaky Karara gol çekip, bu ýerde etrapda öndürilen pagta hasylynyň gaýtadan işleniljekdigini hem-de taýýar dokma önümleriniň öndüriljekdigini aýdyp, desganyň işe girizilmeginiň eksporta iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmakdan başga-da, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berjekdigini belledi. Bu bolsa öz nobatynda welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tizden-tiz gurluşyk işlerine girişmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Wideoşekilli maslahat Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi, häkim günbatar welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda oba hojalyk pudagynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gyşyň dowam edýän sowuk günlerinde ilatyň we edara-kärhanalaryň ýylylyk we elektrik energiýasy bilen böklençsiz üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba senagat toplumynyň öňünde durýan meseleler barada aýtmak bilen, ekin meýdanlaryna goşmaça mineral dökünlerini bermek hem-de tutuşlygyna möwsümleýin agrotehniki çärelere, bol hasyl almak üçin oba hojalyk ekinleriniň ekişini ýokary hilli we talabalaýyk geçirmek boýunça ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime Halkara Nowruz gününiň baýramyna, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny tomusky möwsüme taýýarlamak işlerini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi, häzirki wagtda bu syýahatçylyk zolagy diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de, daşary ýurtly myhmanlar üçin hem dynç almagyň uly isleg bildirilýän merkezleriniň birine öwrüldi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, oba hojalygynda dowam edýän çäreler barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem ol welaýatyň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Bahar baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, has sowugrak bolýan Daşoguz welaýatynda ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerdir çagalar baglaryny talabalaýyk ýylatmagyň, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň has aýratyn talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu örän möhüm meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, meýdan işleriniň, şol sanda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişini agrotehinikanyň bellenilen kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi bol hasyl ýetişdirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz gününe gabatlanyp geçirilýän çäreleriň aýdyň milli öwüşginlere beslenmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew öz nobatynda sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, oba senagat toplumynda, gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde 26-njy fewralda geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm çärelere we Milli Bahar baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän amatly howa şertlerini ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ekin meýdanlarynyň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmeginiň, gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň düýbüniň tutulmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, munuň üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz beýleki ähli welaýatlarda bolşy ýaly, bu ýerde hem durmuş düzüminiň desgalarynyň ýyladyş hem-de energiýa üpjünçilik wezipelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýene-de birnäçe günden welaýatda ýurdumyz üçin örän ähmiýetli wakalaryň boljakdygyny belläp, olara toplumlaýyn we düýpli taýýarlanmak boýunça görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy çagyrdy, ol sagdyn durmuş ýörelgeleriniň hem-de “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçirilýän şu ýyl mynasybetli Türkmenabat şäherinde guraljak çäreleriň giň wagyz edilmegine ýaradam berýän işleri guramak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde mundan beýläk-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu wezipeleriň çözgüdinde, ilkinji nobatda, Watanymyzyň geljegi – ýaş nesle aýraiyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, öňde boljak wakalaryň möhüm ähmiýetini belledi, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe we ýakyn günlerde welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gyşyň dowam edýän sowuk günlerinde ilaty ýylylyk we elektrik energiýasy bilen üpjün edýän welaýatyň inžener-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem welaýatda güýzlük bugdaýyň bol hasylyny almak, oba hojalyk tehnikasyny meýdan işleriniň nobatdaky möwsüme öz wagtynda we ýokary hilli taýýarlamak meselelerine häkimiň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri giňden belläp gelýän ajaýyp Bahar baýramynyň ýakynlaşýandygy barada aýdyp, Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralary guramak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredowy hem-de awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewi çagyrdy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Öz nobatynda, awtomobil ulaglary ministri gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ulag toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we onuň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň pes derejededigine ünsi çekip, bu işleriň guralyşyna düýpli nägilelik bildirdi.

Gulluk borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ministre her welaýatda awtoterminal gurmak boýunça anyk görkezmeleri berip, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň, şol sanda awtoduralgalaryň abadanlaşdyrylmagynyň hem-de ýolagçylara döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýetli hyzmat edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýokarda beýan edilenleri jemläp, öňde her bir ýldbaşçydan özüne ynanylan işlere jogapkärli çemeleşmegi talap edýän giň gerimli we möhüm çäreleriň durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk weWatanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine adyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.