Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndy topary Feliks Ştamm adyndaky ýaryşda üçünji orny eýeledi

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda Feliks Ştamm adyndaky boks boýunça XXXV halkara ýaryşy geçirildi, oňa 20 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi.

Fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda şu bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazanan iň güýçli boksçylarymyz ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýolbaşçylygynda Polşada geçirilen ýaryşa gatnaşdylar,

Hursand Imankulyýew 62 kilograma çenli agramda altyn medala mynasyp boldy. 2017-nji ýylda geçirilen Yslam oýunlarynda bürünç medala eýelän türgen çärýek finalda mongoliýaly bäsdeşinden ynamly üstün çykdy. Ýarym finalda filippinli türgen bilen bäsleşik üç bölüm dowam etdi, eminler bu gezegem ildeşimiziň ýeňiş gazanandygyny biragyzdan ykrar etdiler. Russiýaly Artur Subhankulow bilen çempionlyk ugrundaky aýgytlaýjy tutluşyk has çekeleşikli boldy. Türgenleriň ikisi hem ýeňiş gazanmak üçin güýçlerini gaýgyrmadylar, netijede türkmenistanly türgen ýaryşyň çempiony boldy.

Boksçylarymyz Zarip Jumaýew (52 kilograma çenli agramda) we Arslanbek Açilow (91 kilograma çenli agramda) hem finala çykdylar, emma aýgytlaýjy duşuşyklarda bäsdeşlerinden asgyn gelip, kümüş medal eýelediler.

Jabar Meýleýew iň ýeňil – 49 kilograma çenli agramda we Baky Toýçyýew iň agyr – 91 kilogramdan ýokary agramda çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldular.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýygyndy topary bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medal eýeledi.

Bu ýaryş 2018-nji ýylda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk tapgyrlarynyň biri boldy.