Daşoguz welaýatynda ýol gurluşygynyň depgini güýçlendirilýär

“Türkmenawtoýallary” Döwlet konserniniň Gubadag etrabynda ýerleşýän asfalt zawody ýylyň başyndan bäri sarp edijilere onlarça müň tonna önüm iberdi. Kärhana Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň tabşyrygy bilen 2007-nji ýylda gurlupdy. Ilkibada sagatda 160 tonna asfalt öndürmäge niýetlenen asfalt garyjy enjam oturdylypdy. Soňra önüme islegiň artýanlygy göz öňünde tutulyp, kähanada sagatda 120 tonna asfalt öndürýän ýene bir enjamyň işe girizilmegi sebitde ýol gurluşygynyň depginini güýçlendirmäge mümkinçilik berdi.

Kärhanada ýylda ýüzlerçe müň tonna ýokary hilli asfalt öndürilýär. Önümiň esasy bölegi Aşgabat-- Garagum – Daşoguz ýolunyň, şeýle hem demirgazyk sebitiň köp ugurly ýollaryny abatlamaga we täze ýollary gurmaga niýetlenendir.