Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan maslahatlar

Ählihalk baýramçylygy bolan ýurdumyzda bir bitewi dabara hökmünde ilkinji gezek bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli giň jemgyýetçiligiň, milli parlamentiň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda mowzuklaýyn maslahatlar geçýär.

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi gurady.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Konstitusiýa ösen ykdysadyýeti we netijeli durmuş goragy ulgamy bolan hem-de ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça işjeň halkara syýasaty alyp barýan, dünýewi, demokratik, hukuk döwletini ynamly gurýan özygtyýarly Watanymyzyň üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar.

Döwlet gurluşygynyň iň gowy milli we dünýä tejribelerini, asylly däpleri we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýurdumyzyň Konstitusiýasy raýatlaryň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş syýasatyny alyp barýan döwletimiziň geljekki ösüşiniň möhüm wezipelerini kesgitledi.

Konstitusiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” ýörelgesini esasy ugur edinýän syýasatynyň möhüm ugurlaryny doly görnüşde berkitdi.

Jemgyýetiň we döwletiň gurluşyny kesgitlän Türkmenistanyň Konstitusiýasy ähli hereket edýän milli kanunçylygyň düýp özenini düzýär. Onuň esasy düzgünnamalarynda we ýörelgelerinde halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, halkyň döwlet gurluşyndaky köpasyrlyk tejribesi, nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy ynsanperwerlik dessurlary öz beýanyny tapýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň binýatlyk kanuny sazlaşykly ösen döwletiň esaslaryny berkitmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri öňe sürýär. Şeýle hem onuň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamy görkezýär we olaryň abadan durmuşy üçin zerur şertleri hem-de ygtybarly kepillikleri döredýär.

Maslahatyň işi “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: demokratiýanyň we ösüşiň dabaralanmasy”, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli hukuk ulgamynyň orny”, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: durnukly ösüşi üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti” ýaly mowzuklar boýunça üç bölümde dowam etdi.

Şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda “Parla, ýaşyl Tugum!” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, özygtyýarly we Garaşsyz Watanymyzyň esasy nyşany bolmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki döwürde tutuş dünýäde giňden bellidir. Ol BMG-niň ştab-kwartirasynyň öňünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýaly esasy ýörelgelerini özünde jemläp, belent baýdak sütüninde buýsançly parlaýar.

Türkmen döwleti halkara gatnaşyklarda oňyn bitaraplyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolup durýar. Bitarap Watanymyzyň bu hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan dünýäde BMG-niň hemişelik Bitaraplyk derejesi hakynda Kararnamasynyň many-mazmunyny öz Konstitusiýasyna girizen ýeke-täk ýurtdur.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. Munuň özi milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanyň çuňňur oýlanyşykly syýasatyna dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly oňyn özgertmeler mähriban Watanymyza, Konstitusiýamyza we ýaşyl Tugumyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Olar türkmen halkyny täze belentliklere we beýik zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Biz bu özgertmeleri her ädimde görýäris. Türkmen topragy okgunly özgerýär, ol gülläp ösýän ýurda öwrülýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli täzelenýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar we halkymyzyň abadançylygy ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan ýaşyl reňkli mukaddes Tuguň astynda türkmen halky agzybir zähmet çekýär we geljege ynamly garaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň, milletiň bitewüliginiň, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň mukaddesdigini alamatlandyrýan ýörelgeler maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň esasyny düzdi. Merdana halkymyz geçen şöhratly taryhy döwrüniň ähli tapgyrlarynda özüniň döwlet nyşanlaryna uly hormat bilen garady. Şeýle asylly däpler we pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp derejede dowam etdirilýär.

Bu maslahatyň Watanymyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň hormatyna guralýan baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilmeginde aýratyn many bar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlygynyň üýtgewsiz esaslaryny özünde jemleýän bu sene türkmen halkynyň agzybirlige we bitewülige, parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen beýan edýär.