Türkmemnistanyň Aragatnaşyk ministrligi “Altyn Asyr” ÝGPJ bilen bilelikde «TMCELL Töleg» goşundysyny işe girizildiler

Ykjam telefonyň hasabyny indi “Altyn Asyr” plastiki karty bilen hem dolduryp bolýar. Nagt däl görnüşdäki hasaplaşyk boýunça by hyzmaty Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmenleri «Аltyn Asyr» (TMCELL) ÝGPJ milli öýjükli telefon operatory bilen bilelikde işläp taýýarladylar we ornaşdyrdylar.

Ykjam telefonyňyzyň hasabyny doldurmak üçin indi terminala barmak hökman däl. Milli hünärmenleriň işläp taýýarlan we önümçilige ornaşdyrylan «TMCELL Töleg» hyzmaty Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda işe girizildi.

Goşundy “Altyn Asyr” ÝGPJ-nyň müşderilerine hyzmat üçin töleg alynmazdan onlaýn düzgünde ykjam telefonyň hasabyny dolmaga, ýagny bank kartasyny elektron gapjyk hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýar.

Goşundynyň işläp başlamagy üçin ilki sms-bildiriş hyzmatyny işjeňleşdirmeli. Telefon Android operasion ulgamly bolsa, «TMCELL Töleg» goşundyny Play Market-e geçirmeli, eger iOS operasion ulgamly bolsa, Apple Store ulanmaly. Goşundyda “hasaba alyş” sahypasy açylanda, telefon belgiňizi giriziň we “Ýene” diýen düwmä basyň. Size tassyklaýyş kodly sms geler.

Hasaba alyş amala aşyrylandan soň “Meniň kartalarym” bölümine geçiň we “Altyn Asyr” plastiki kartaňyz barada maglumat giriziň. “Üstüni dolmak” bölümine ykjam telefonyň belgisini, tölegiň möçberini giriziň we kartany saýlaň. “Ýene” düwmä basyň. Kodly sms gelensoň ony giriziň we “Tassyklamak” düwmesine basyň.

Tölegi ”Gelen jaňlar” bölüminde barlap, “Sazlamak” bölüminde beýan ediş dilini üýtgedip we goşundyny baglamak üçin parol girizip bolýar.

«TMCELL Töleg» goşundysynyň ornaşdyrylmagy jemagat hyzmatlary, harytlary tölemek we pul geçirmek ýaly dürli tölegleri ýerine ýetirmek üçin ykjam hyzmatlary ulanmakda ilkinji ädimdir. Hünärmenler elektron tölegleriň umumy möçberinde ykjam tölegleriň paýynyň artjakdygyny aýdýarlar. Bu bazaryň ösmegine diňe bir internetiň elýeterligi we ykjam enjamlaryň giňden ýaýranlygy däl, eýsem ilatyň hyzmatlaryň bu görnüşine ynamynyň artmagy hem ýardam edýär.