Türkmenistanda ÝHHG-niň sebit maslahaty geçýär

Paýtagtymyzda “Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk — ÝHHG-niň sebitinde öňdebaryjy amalyýet” atly ministrler derejesindäki sebit maslahaty öz işine başlady. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de ÝHHG-ä agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary-da çagyryldy. Türkmen tarapyndan degişli edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň düzümi hem-de çykyşlaryň mazmuny onuň möhüm ähmiýete eýedigine güwä geçýär. Forum köptaraply gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly çärä öwrüldi. Forumyň esasy maksady ykdysady dolandyryş ulgamynda syýasy gepleşiklere ýardam bermek arkaly sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Şol wezipeleriň hataryna söwda işlerini ýönekeýleşdirmek babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmak, ulag ulgamyny ösdürmek hem-de serhet we gümrük hereketlerini sazlaşdyrmak, san bilen belgilemekde hem-de ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda iň täze işläp taýýarlamalar arkaly sebit üstaşyr geçirmegi gowulandyrmak meseleleri girizildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan bu çäräniň ýokary derejesini bellediler. Forumyň myhmanlary — ilçi, ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işlerini utgaşdyryjysy jenap Wuk Žukiç, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany hanym Natalýa Drozd, Owganystanyň ykdysadyýet ministri doktor Mastur Mohammad Mustafa, Täjigistanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary hanym Gulru Jabborzoda we beýlekiler bilelikde netijeli işlemäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

Maslahatda çykyş edenler gozgalýan meseleleriň wajypdygyny aýdyp, bar bolan meseleleri hem-de olar bilen baglanyşykly syýasy-hukuk, amaly we beýleki meseleleri çözmekde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Bu bolsa sebit we dünýä derejesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Bitarap Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda netijeli daşary syýasat ugruny yzygiderli alyp barýar. Onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen deňhukukly, netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy durýar. Ýurdumyz köptaraply gatnaşyk etmegiň hemme mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak ugrunda çykyş edip, durnukly ösüşiň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Merkezi Aziýanyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy döwrüň wehimlerine netijeli garşy durmakda barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebit hyzmatdaşlygynyň artýan ähmiýeti dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýlarynyň çalt üýtgäp durýan şertlerinde ýurtlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna-da täsir edýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzir hemme döwletleriň köptaraply hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyrynyň bosagasynda durýandygy bellenildi. Dünýäde bolup geçýän uly möçberli üýtgeşmeler, emele gelen ykdysady ýagdaýlar halkara bileleşikden dolandyrmagyň ählumumy gurluşyny kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleri kabul etmegi talap edýär. Diňe utgaşykly hereket etmegiň kömegi bilen mümkin bolan has doly oňaýlylygy gazanyp bolar hem-de durnukly sazlaşykly ösüşi üpjün edip bolar.

Nygtalyşy ýaly, zerur derejedäki dolandyryş durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem amatly işewür we maýa goýum ýagdaýyny döretmekde esasy mesele bolup durýar. Şol bir wagtda-da, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin çäksiz mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, özara baglanyşyga ýardam bermek halkara söwdany hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirýän ykdysady işlerde zerur bolan dolandyryş ulgamyny talap edýär, diýmek, durnukly ösüşi üpjün edip biler. Milli ykdysadyýetleriň goşulyşmagynyň ösmegi ulag ulgamynyň we gümrük işleriniň ylalaşyklylygynyň, açyklygynyň hem-de öňünden kesgitlemek mümkinçiliginiň, söwda we işewürlik düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň ähmiýetini artdyrýar.

Özara bähbitleriň has oňaýly deňeçerliginde ýola goýulýan deňhukukly, ykdysady hyzmatdaşlyk, ähli ýurtlar üçin uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, ählumumy ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Degişli dolandyryşy kämilleşdirmek we özara baglanyşyklylygy ýokarlandyrmak hakynda” (Gamburg, 2016-njy ýyl) hem-de “Sebitiň ykdysady durmuşyna ÝHHG-niň gatnaşmagyna ýardam bermek hakynda” (Wena, 2017-nji ýyl) Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň Çözgütleriniň ähmiýeti bellenildi. Olarda ÝHHG-ä agza döwletleriň 57-si üçin hem bu meseleleriň wajypdygyna üns çekilýär. Bu resminamalarda işewür ýagdaýyň gowulandyrylmagynyň, döwlet we hususy ulgamlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, sebitde ÝHHG-ä ynamyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm ýagdaýlar bolup durýandygy kesgitlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, söwda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýurtlary ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň ösüşine geçirilen seljerme soňky 20 ýylda olaryň hemmesiniň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyndan ep-esli utuş gazanandyklaryny görkezýär. Söwdanyň giňelmegi girdejileriň artmagyna hem-de bilelikde gülläp ösmäge ýardam berýän ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, ösüşi, aragatnaşygy hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň utgaşykly işlemegini üpjün etmekde ulag ulgamynyň orny nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň strategik ugurlary möhüm milli serişdeleriň biri bolan ýurduň üstaşyr geçirmek kuwwatyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, döwletimiziň çäklerinde bäsdeşlige ukyply ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegi içerki we daşarky ykdysady bähbitlere kybap gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetleriň hem-de sebit wekilhanalarynyň baştutanlary şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde ulanmaga berlen Halkara deňiz portunyň ähmiýetiniň, hakykatdan-da, milli çäklerden has alyslara çykýandygyny bellediler. Port Gara deňziň ýakalaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine çykmak üçin has amatly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolup durýar. Mundan başga-da, bu desganyň açylmagy Günbatar hem-de Gündogar ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň güýçli bazarlaryň döredilmegine, söwdanyň we maýa goýumlaryň höweslendirilmegine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna has-da goşulyşmagyna hemaýat bermegine hem-de düýpli ykdysady özgertmeleriň öňe ilerledilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Bu ýere ýygnananlar orta we uzakmöhletli geljek barada aýdyp, şu ýagdaýlaryň amatly görünýändigini nygtadylar. Çünki sebitiň tebigy we zähmet serişdelerine isleginiň artmagyna garaşylýar.

Şu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de söwda, gümrük amallary boýunça işleri utgaşdyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetleriň üstünlikli ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Umuman, nygtalyşy ýaly, şu maslahat döwrüň has möhüm meseleleri, hususan-da, innowasiýalar arkaly sebitde ÝHHG-niň ykdysady ösüşlere ýardam bermegi, adam maýasynyň ösdürilmegi hem-de degişli dolandyryş ýaly meseleler boýunça agza döwletleriň arasynda gepleşikleriň we netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedir.

Ertir ministrler derejesindäki maslahat öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde halkara bilermenleriň gatnaşmagynda “Ykdysady özara baglanyşyklylykda degişli dolandyryşy pugtalandyrmakda söwda işlerini ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleriň orny”, “Ulag ulgamyny howpsuz dolandyrmak üçin täze tehnologiýalar, innowasiýalar”, “Energetika düzümleri we durnukly ulag ulgamyndaky taslamalarda döwlet hem-de hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” diýen mowzuklarda mejlisleri geçirmek meýilleşdirildi.

Mahlasy, “Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk — ÝHHG-niň sebitinde öňdebaryjy amalyýet” atly maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi bu ugurda netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek ýolunda nobatdaky anyk ädimdir. Wekilçilikli duşuşygyň netijeleri sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny onuň köptaraply mümkinçiligine hem-de döredijilikli maksatlaryna kybap gelýän has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir.