Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar.

Şol pur­sat­dan bir aý ge­çen­den soň, ABŞ-nyň ka­bul­ha­na­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy açyl­dy. 1994-nji ýyl­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň ABŞ-nyň Wa­şing­ton şä­he­rin­de il­çi­ha­na­sy açyl­dy. Iki ýur­duň dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry soň­lu­gy bi­len has ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam et­di. Hä­zir­ki wag­ta Türk­me­nis­tan bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy 59 res­mi­na­ma­dan yba­rat­dyr, şo­la­ryň 53-si döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra, 6-sy bol­sa pu­da­ga­ra yla­la­şyk­la­r­dyr.

Iki döw­let hem öza­ra gat­na­şyk bo­ýun­ça tej­ri­be top­lap hem-de onuň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­di­rip, dür­li pu­dak­lar­da iki ta­rap­da hem bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ni şert­len­dir­di.

Şu dö­wür­de Ame­ri­ka­nyň ne­bit­gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­ty, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, ulag hem-de ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da iş­le­ýän bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da “Boeing”, “Ge­ne­ral Eleсtriс”, “John Dee­re”, “Miсro­soft”, “Сater­pil­lar”, “Сoсa-Сola” we baş­ga-da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­lar bar.

2007-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýor­ka bo­lan sa­pa­ry türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ta­ry­hyn­da­ky mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şol ýer­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 62-nji mej­li­sin­de çy­kyş et­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­k bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki nuk­daý­na­zar­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri ýur­du­my­zyň ABŞ bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pre­zi­dent Jorj Buş bi­len du­şu­şy­gy öza­ra bäh­bit­le­riň iş ýü­zün­de mun­dan beý­läk-de ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň mö­hüm tap­gy­ry­na öw­rül­di.

Şol pur­sat­dan soň­ra mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ägirt uly ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy ýo­ka­ry gö­te­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry Kon­do­li­za Raýs bi­len du­şu­şy­gy mu­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­dy. K.Raý­syň bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz di­ňe bir ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne baý bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ry peý­da­lan­mak bo­ýun­ça örän bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi bi­len se­bi­ta­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni hem-de üs­ta­şyr ýol­la­ry dö­ret­mek ba­bat­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir.

Ame­ri­ka­nyň işe­wür to­par­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, olar Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ko­lum­bi­ýa uni­wer­si­te­tin­de bo­lan du­şu­şy­gy mu­ny tas­syk­la­dy. Şol ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ze ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­le­re go­şant ägirt uly go­şan­dy üçin Ösüp bar­ýan ba­zar­la­ryň aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hor­mat­ly aka­de­mi­gi­niň dip­lo­my gow­şu­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­li Rok­fel­ler mer­ke­zin­de ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy has-da äh­mi­ýet­li bol­dy. Du­şu­şy­ga ABŞ-nyň Hö­kü­me­ti­niň we­kil­le­ri­niň, kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we kon­sern­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­rynyň 300-e go­laýy gat­naş­dy. Du­şu­şyk­da eme­le ge­len hoş­ni­ýet­li ýag­daý, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň söh­bet­deş­le­ri­niň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga tiz­den-tiz gi­riş­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry türk­men ba­za­ry­nyň äh­li ugur­lar ba­bat­da örän özü­ne çe­ki­ji­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sy ke­pil­lik­ler, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy ba­ra­da aý­dan­la­ry hal­ka­ra işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň dur­nuk­ly we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­tan bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­dy.

Şol du­şu­şyk türk­men-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­ny baş­lan­gyç pur­sa­dyn­dan baş­lap, tä­ze hil bi­len ös­dür­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Umu­man, mil­li Li­de­ri­mi­ziň şol sa­pa­ry Ame­ri­ka bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ug­ru­na öw­rül­di. Mu­nuň özi äh­li halk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, yn­san­per­wer we gül­läp ösüş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ni wa­gyz ed­ýän ýur­duň sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry­nyň öze­ni­ni düz­ýär.

2008-nji ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Rok­fel­ler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi dö­re­dil­di.

Ştab-kwar­ti­ra­sy Wa­şing­ton­da ýer­leş­ýän ge­ňe­şiň baş we­zi­pe­si Türk­me­nis­tan bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­den yba­rat bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Nýu-Ýork­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­re ba­dal­ga be­ril­di. Ame­ri­ka­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len on­lar­ça iri kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Nýu-Ýor­ka 2009-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bo­lan sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ABŞ-nyň res­mi we­kil­le­ri we işe­wür to­par­la­ry, şeý­le hem Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry bi­len ge­çi­ren no­bat­da­ky du­şu­şy­gy bi­le­lik­dä­ki dü­zü­miň işi­niň tä­ze sa­hy­pa­sy­na öw­rül­di. Pi­kir alyş­ma­la­ryň bar­şyn­da oňa gat­na­şy­jy­la­ryň esa­sy üns be­ren tap­gyr­la­ry­nyň bi­ri bar bo­lan äh­lu­mu­my ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­ge ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni bol­dy. Mu­nuň özi ösü­şiň mil­li ug­ru­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Ýew­ro­pa tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň bi­ler­men­le­ri­niň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba­se­na­gat top­lu­my, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, ne­bit­hi­mi­ýa pu­da­gy, döw­re­bap ulag-ara­gat­na­şyk hem-de yk­dy­sa­dy-dur­muş dü­zü­mi­ni dö­ret­mek, gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze­çil usul­la­ra we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­na — nou-hau­la­ra aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Baş­lan­gyç pur­sat­da di­ňe me­ýil­na­ma hök­mün­de ga­ra­lan şol tas­la­ma­la­ryň hä­zir­ki dö­wür­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len anyk ne­ti­je­ler du­ýul­ýar. Ame­ri­ka­ly işe­wür­ler we döw­let dü­züm­le­ri kes­git­le­nen ägirt uly me­ýil­na­ma­lar­da anyk esas­la­ryň, yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­riň, iň esa­sy bol­sa, ola­ry ama­la aşyr­mak üçin sy­ýa­sy er­kiň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­di­ler.

Şon­dan bir aý ge­çen­den soň, ýag­ny 2009-njy ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň we­kil­le­ri­niň, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň baş­tu­tan­la­ry­nyň we Ame­ri­ka­nyň bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň top-me­ne­jer­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň no­bat­da­ky du­şu­şy­gy bol­dy.

Bu du­şu­şyk ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni teh­no­lo­gik taý­dan döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň we kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­me­giň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň tä­ze tap­gy­ry­na öw­rül­di. Şol döw­re çen­li Türk­me­nis­tan­da ABŞ-nyň 1,6 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak ba­ha­sy bo­lan ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­nyň 101-si bel­li­ge alyn­dy. Ta­rap­lar öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry, hu­su­san-da, ne­bit­gaz pu­da­gy, ener­ge­ti­ka, Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­mek, ara­gat­na­şyk hem-de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, se­na­gat we ulag dü­zü­mi ýa­ly ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň tä­ze ýol­la­ry­ny göz­läp baş­la­dy­lar.

2010-njy ýy­lyň 16-njy iýu­nyn­da Aş­ga­bat­da bir­ba­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň we Türk­men-ame­ri­kan işe­wür fo­ru­my­nyň mej­lis­le­ri ge­çi­ril­di. Işe­wür du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry, ABŞ-nyň Hö­kü­me­ti­niň we­ki­li­ýe­ti, Ame­ri­ka­nyň “Boeing”, “Еххоn Mo­bil”, “Сonoсo Phil­lips”, “Сhevron”, “Сase New Hol­land, In­ter­na­tio­nal SA”, “John Dee­re”, “Сater­pil­lar”, “Ge­ne­ral Eleсtriс”, “Ho­ney­well In­ter­na­tio­nal Inс” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da soň­ky ýyl­lar­da ge­ňe­şiň ag­za­la­ry­nyň sa­ny­nyň iki es­se ar­tan­dy­gy­ny bel­le­di we mu­nuň bi­ziň ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­ga Ame­ri­ka­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­tan­da ame­ri­kan ma­ýa go­ýu­my­nyň gat­naş­ma­gyn­da 63 kär­ha­na­nyň he­re­ket ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şert­na­ma­la­ryň umu­my sa­ny bol­sa 110-a ýet­di. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň di­ňe bir ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni çek­mä­ge däl, eý­sem, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýö­rel­ge­si­ni ugur edin­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Ýur­du­my­zyň mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy çig mal ug­rad­ýan döw­let bol­mak­dan dok­ma, hi­mi­ýa, azyk we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän ýur­da öw­rül­me­gi­ni şert­len­dir­di.

No­bat­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de 2011-nji ýy­lyň 19 — 20-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da gu­ra­lan ame­ri­kan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si ABŞ-nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň ba­za­ryn­da or­nu­ny gi­ňelt­me­gi göz öňün­de tut­ýan­dyk­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy bol­dy.

Ugur­daş pu­dak­lar­da dün­ýä­niň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň sa­na­wy­na gir­ýän işe­wür­le­riň 270-si we iri ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 60-dan gow­ra­gy ser­gi­de öz ha­ryt­la­ry­ny, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Göz­den ge­çi­riş ne­bit­gaz ul­ga­my­ny hem-de ener­ge­ti­ka­ny, prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni we mag­lu­mat­lar teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­ny hem-de ara­gat­na­şy­gy, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy­ny we ho­wa ula­gy­ny, azyk se­na­ga­ty­ny hem-de lo­gis­ti­ka­ny, bi­li­mi we beý­le­ki ugur­la­ry öz içi­ne al­dy.

Bu ABŞ-nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň köp­ san­ly­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ryş çä­re­si­dir, mu­nuň özi Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, ge­ňe­şiň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň bi­ri­dir.

Bu wa­ka­nyň de­re­je­si hem-de oňa ame­ri­kan ta­ra­py­nyň ber­ýän äh­mi­ýe­ti­ni ser­gi­niň açy­ly­şy­na iki ýur­duň hem Hö­kü­met­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, şol san­da ABŞ-nyň söw­da mi­nist­ri­niň kö­mek­çi­si­niň orun­ba­sa­ry Hu­an Wer­di­niň,

ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry­nyň kö­mek­çi­si­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Jeff­ri Peý­tiň we beý­le­ki­le­riň gat­naş­ma­gy äş­gär ed­ýär.

Bu ýer­de öz aý­dyň be­ýa­ny­ny ta­pan iş ugur­ly­ly­gy ser­gi­ni di­ňe bir ha­ryt­la­ryň gör­ke­zil­ýän meý­dan­ça­sy hök­mün­de däl, eý­sem, il­kin­ji no­bat­da, işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ýa-da ber­kit­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň, hyz­mat­daş­lyk tek­lip­le­ri­niň giň top­lu­my­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge, gel­je­gi has uly tas­la­ma­la­ry kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän işe­wür gat­na­şy­gy­nyň iş­jeň­le­şen ýe­ri hök­mün­de hem gör­kez­di.

Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň 30-dan gow­ra­gyn­dan res­mi adam­la­ryň hem-de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry­nyň 70-e go­la­ýy gu­ral­dy.

ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ikin­ji ser­gi­si 2012-nji ýy­lyň 3 — 5-nji ma­ýyn­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de gu­ral­dy. Bu sa­par ser­gä gat­na­şan­la­ryň sa­ny 100-den hem köp bol­dy. Ser­gä “Eххon Mo­bil”, “Сhevron”, “IHS”, “Ho­ney­well”, “Weat­her­ford”, “Сonoсo Phil­lips”, «Ar­gust”, “Ge­ne­ral Eleсtriс”, “Emer­son”, “IBM”, “Сisсo Sys­tems”, “Si­kors­ky”, “Boeing” ýa­ly at­la­ry dün­ýä bel­li uly kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­dy­lar.

Şu dö­wür­de Türk­me­nis­ta­na ge­ti­ril­ýän im­port ha­ryt­la­ry­nyň dü­zü­min­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gör­kez­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, en­jam­lar, teh­ni­ka­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar has ile­ri tu­tul­dy. Bu ýag­daý ser­gi­niň gu­ra­ly­şyn­da aý­ra­tyn ha­sa­ba alyn­dy. Ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi üçin ame­ri­kan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri iş­jeň ösü­şe eýe bo­lan türk­men işe­wür­li­gi bi­len gat­na­şyk­la­ryň gu­ral­ma­gy­na aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Şu ýer­de bo­lan bi­le­lik­dä­ki ara alyp mas­la­hat­laş­ma­lar­da tä­ze pi­kir­ler we tek­lip­ler dö­re­di. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi uly ugur­la­ry we usul­la­ry kes­git­le­nil­di.

Ser­gi­le­riň, mas­la­hat­la­ryň hem-de işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da hem eda­ra­lar de­re­je­sin­de iş­ler do­wam et­di. Hut şun­da teh­no­lo­gi­ýa­lar, nou-hau­lar sy­nag­dan ge­çi­ril­di, Türk­me­nis­ta­nyň şert­le­ri we ze­rur­lyk­la­ry na­za­ra al­nyp, önüm ön­dü­ri­ji­le­re tek­lip­ler be­ýan edil­di, top­lum­la­ýyn çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin beý­le­ki ul­gam­lar­dan hü­när­men­ler çe­kil­di.

Bu­la­ryň äh­li­si Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň gün ter­ti­bin­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy: onuň no­bat­da­ky mej­lis­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň we ABŞ-nyň yl­my to­par­la­rynyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da 2013-nji ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de we 12-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di.

Hu­su­san-da, ýaz­ky mej­lis, esa­san, ne­bit­gaz pu­da­gy we oba­se­na­gat top­lu­my ýa­ly, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nyl­dy. Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň işi­ne iki ýur­duň öň­de­ba­ry­jy ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bu hü­när­ler bo­ýun­ça oka­ýan türk­men ta­lyp­la­ry­nyň gat­na­şan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir.

Güýz­ki mej­li­siň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky yk­ly­ma­ra ge­çel­ge­le­riň çat­ry­gyn­da amat­ly ýer­de ýer­leş­ýän­di­gi ha­sa­ba al­nyp, ulag, mag­lu­mat­lar we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­si­ýa­lar ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­di.

Şeý­le­lik­de, Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi di­ňe bir hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak bi­len çäk­len­män, ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Iki ýur­duň yl­my bi­le­le­şi­gi­niň, gel­jek­ki hü­när­men­ler — şu gün­ki ta­lyp­la­ryň bu iş­le­re gat­naş­dy­ryl­ma­gy örän düýp­li çe­me­leş­me­le­ri hem-de uzak­ möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk me­ýil­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Gör­nü­şi ýa­ly, iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­ler ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan du­şu­şyk­lar, wag­tyň geç­me­gi bi­len, has anyk hä­si­ýe­te, bel­li bir ug­ra gö­nük­di­ril­me­gi­ne eýe bol­ýar, ola­ryň ýo­ka­ry we­kil­çi­li­gi bol­sa has gi­ňel­ýär, mu­nuň özi esa­sy me­se­le­le­re dür­li nuk­daý­na­zar­dan ga­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Se­na­gat top­lu­my­ny we oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­ny 2015-nji ýy­lyň 21 — 22-nji ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len türk­men-ame­ri­kan işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mas­la­ha­tyň işi­ne döw­let hem-de işe­wür­lik dü­züm­le­rin­den baş­ga-da, alym­lar we ma­li­ýe iş­gär­le­ri, gö­nü­den-gö­ni önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler gat­naş­dy­lar, ola­ryň öňün­de in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak we­zi­pe­si dur­ýar. Şeý­le hem mas­la­ha­tyň işi­ne ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar, öz no­ba­tyn­da, olar hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­ba­tyn­da bar­ha öz­ger­ýän me­ýil­ler­den ha­bar­dar bol­ma­ly­dyr.

2016-njy ýy­lyň 29-njy iýu­nun­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ha­sa­bat mej­li­si ge­çi­ril­di, onuň bar­şyn­da Erik Stýuart ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ryň we­zi­pe­si­ne hem-de “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy “Ge­ne­ral Eleсtriс” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne baş­lyk­lyk edi­ji hök­mün­de tä­ze möh­le­te gaý­ta­dan saý­la­nyl­dy. 2017-nji ýyl­da “Сoсa-Сola” kom­pa­ni­ýa­sy baş­lyk­lyk we­zi­pe­si­ni öz üs­tü­ne al­dy.

Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dü­zü­miň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart bi­len ge­çir­ýän iki­çäk du­şu­şyk­la­ryn­da yzy­gi­der­li ga­ral­ýar. Şeý­le du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň jem­le­ri we müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ýö­ri­te çä­re­ler kes­git­le­nil­ýär, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan umu­my gör­kez­me­ler be­ril­ýär we hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bel­le­nil­ýär.

2016-njy ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň her ýyl ge­çi­ril­ýän mej­li­si bol­dy, onuň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň — ener­ge­tik­le­riň, gaz­çy­la­ryň, ra­ýat awia­si­ýa­sy gul­lu­gy­nyň we­kil­le­ri­niň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di. Ame­ri­kan ta­ra­pyn­dan “Ge­ne­ral Eleсtriс” we “Ion­reх/Jar Сapi­tal” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri çy­kyş et­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň, Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem “John Dee­re”, “IMS/El­licot Dred­ges” we “CNH” kom­pa­ni­ýa­la­ryň hü­när­men­le­ri oba­se­na­gat top­lu­my we azyk se­na­ga­ty ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ba­ra­da öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Mun­dan baş­ga-da, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ra­da gür­rüň edil­di, şun­da tej­ri­be we ta­lyp­la­ry alyş­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy.

ABŞ-nyň işe­wür­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, şol san­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len hem bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di­ler, şon­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň hem-de çuň­laş­dyr­ma­gyň ugur­la­ry­na gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.

2017-nji ýy­lyň 10 — 11-nji iýu­lyn­da ABŞ-nyň paý­tag­ty Wa­şing­ton şä­he­rin­de türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän “Ar­gus Li­mi­ted”, “Boeing”, “CNH In­dust­rial”, “El­licott Dred­ges”, “Ge­ne­ral Electric”, “John Dee­re”, “Lind­sey”, “Micro­soft”, “Oxbow Ener­gy So­lu­tions”, “Cater­pil­lar”, “West­port Tra­ding Eu­ro­pe Li­mi­ted” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, bi­ler­men­le­ri hem-de hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar. Türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýol­baş­çy­la­ry gir­di.

Işe­wür­lik mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne söw­da-yk­dy­sa­dy ul­ga­m­da, ýan­gyç-ener­­ge­ti­ka top­lu­myn­da, ulag-ara­gat­­na­şyk pu­da­gyn­da, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ne­bit­gaz se­na­ga­ty, ma­şyn­gur­lu­şyk we oba ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.

Ne­ti­je­li gep­le­şik­ler 2017-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de do­wam et­di­ril­di. Onuň bar­şyn­da iş­jeň ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­le­ri sel­je­ril­di hem-de onuň däp bo­lan ugur­la­ry­nyň gel­jek­ki mak­sat­la­ry be­ýan edil­di, azyk önüm­çi­li­gi, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my ýa­ly gel­je­gi uly ugur­lar­da has ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy.

2018-nji ýy­lyň 4-nji ap­re­lin­de “John Dee­re” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­di, ony hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ka­bul et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man 25 ýyl­lyk iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň jem­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, bu hyz­mat­daş­ly­gy nus­ga­lyk di­ýip at­lan­dy­ryp bo­lar. Şeý­le hem sa­pa­ryň bar­şyn­da «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň hem-de Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da 2018 — 2021-nji ýyl­lar­da pu­dak üçin iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da üç ta­rap­la­ýyn Äht­na­ma gol çe­kil­di.

Şeý­le­lik­de, Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi dö­re­di­le­ni bä­ri ge­çen 10 ýy­lyň için­de özü­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but et­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ony dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň öz wagt­ynda we öňdengö­rü­ji­lik bilen öňe sürlendigini hem aň­lad­ýar.

Şu ýyl­la­ryň için­de uly we ba­tyr­gaý tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si ama­la aşy­ryl­dy. Şo­la­ryň için­de elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da “Ge­ne­ral Elect­ric” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da­ky tas­la­ma bar. Ra­ýat awia­si­ýa­sy ul­ga­myn­da bol­sa awia­gu­ru­jy “Boing” we beý­le­ki­ler bi­ziň he­mi­şe­lik hyz­mat­daş­la­ry­myz bol­du­lar.

2018-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da­ky ýag­da­ýa gö­rä, Türk­me­nis­tan­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­­my ba­ha­sy 2 mil­liard 573,43 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry we 0,3 mil­lion ýew­ro bo­lan tas­la­ma­la­ryň 156-sy bel­li­ge alyn­dy.

Bi­ziň ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt te­le­ke­çi­le­ri­niň iş­jeň iş­le­me­gi üçin dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy, şert­ler we ýe­ňil­lik­ler, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň hem-de se­na­gat pu­da­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň yzy­gi­der­li do­wam ed­ýän ýag­da­ýy ki­çi işe­wür­li­giň we hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň amala aşyrýan çä­re­le­ri ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ýyl-ýyl­dan yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ga­zan­ýar. Mu­nuň özi bol­sa ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek we bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin oňat ke­pil bo­lup dur­ýar.

Be­ýik Ýü­pek ýo­ly döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň mö­hüm bag­la­nyş­dy­ry­jy hal­ka­sy bol­dy. Yk­ly­ma­ra ugur­la­ry­nyň ulag çat­ry­gyn­da­ky bu işi bi­ziň ýur­du­myz hä­zir tä­ze ta­ry­hy şert­ler­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şun­da köp şa­ha­ly we köp gör­nüş­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyz­ma­ty ulu­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň mun­dan beý­läk­ki işi di­ňe bir iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, has giň yk­ly­ma­ra öl­çeg­le­r­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de sal­dam­ly go­şant bo­lup hyz­mat eder.