Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şweýsariýaly telekeçiler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Ermenistandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna elektron we kompýuter enjamlaryny, nah ýüplügi, portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 43 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 12 million 91 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.