Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany R.Ý.Garajaýewe podpolkownik harby adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Röwşen Ýazmuhammedowiç Garajaýewe onuň içerki gullugyň podpolkownigi ýörite adyny göz öňünde tutup, podpolkownik harby adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow