Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler

Türkmenistanda galla oragynyň depginleri barha ýokarlanýar. 13-nji iýunda güýzlük däne oragyna Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler.

Şu ýyl demirgazyk welaýatda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Bu ýerde bereketli bugdaý hasyly kemala geldi. Bu ýerde altyn sünbüller gözüňi dokundyrýar. Hormatly ýaşulular emele gelen asylly däbe görä, Beýik Biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler. Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.

Demirgazyk welaýatyň galla meýdany 157 müň gektara deň bolup, ekerançylar olardan 300 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Ýolöten-3”, “Moskowskaýa”, “Batko”, “Irişka” we “Wassa” ýaly ýokary hasylly sortlaryny ekdiler.

2018-nji ýylyň orak möwsüminde “John Deere” (ABŞ) we “CLAAS” (Germaniýa) ýaly däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 363-si ulanylýar. Tehnikalara tejribeli mehanizatorlar erk edýärler, ýakynda ýurdumyza dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden täze, döwrebap maşynlaryň getirilmegi bilen baglylykda, olaryň köpüsi ýörite hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

Orak möwsüminde göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 108-si gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin şeýle ýagdaýlarda hökmany bolan zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirmeler geçirildi. Galla meýdanlarynyň ýanynda olar üçin degişli durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guralar.

Meýdanlardan ýygnalan dänäni kabul ediş nokatlarynyň 29-syna daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 2050-si üpjün eder. Guradylandan soň we deslapdan arassalanandan soň, dänäniň bir bölegi tohum üçin galdyrylar, galan bugdaý bolsa üweler, şeýle hem Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky etraplaryň elewatorlarynda saklanar. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary möwsüme doly taýýar edildi, onuň tejribeli hünärmenleri täze enjamlar arkaly meýdanlardan gelip gowuşýan gallanyň hilini barlarlar.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda bolsa, olaryň döwlet tarapyndan bellenilen meýilnamasy 120 müň tonna dänä deňdir. Günbatar sebitde güýzlük däne üçin 57 müň gektar ýer bölünip berildi, olaryň 47 müň 300 gektary Serdar we Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň oba hojalyk meýdanlarydyr. Bu ýerde bereketli hasyly ýetişdirmek üçin agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmeginden başlap, güýzlük dänelere ideg edilende ýerine ýetirilmeli işler amal edildi.

Galla oragynyň her bir gününi netijeli peýdalanmak üçin welaýatda zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirdiler. Meýdanlara däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 150-den gowragy çykaryldy, olaryň bökdençsiz işlemegi üçin awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy serişdeleri bilen üpjün edilen abatlaýyş-mehaniki toparlar döredildi, şeýle hem dänäni daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 825-si taýýar edildi.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna başlanmazdan öň, welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik okuw-maslahatlary geçirildi. Galla oragyny degişli derejede guramak, tutuş däne ýygnaýjy konweýeriň sazlaşykly işini üpjün etmek meseleleri ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.

Okuw-maslahatyna gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri barada edilýän yzygiderli alada, obasenagat toplumyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilip, üstünlikli geçirilýän özgertmeler, ata Watanymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň abadan durmuşda ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şanly waka — Watan harmanyna altynsow dänäniň ilkinji tonnasynyň getirilmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde galla meýdanlarynyň ýanynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi guraldy, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Toý lybasyna beslenen ak öýlerde dabara gatnaşyjylara toý tagamlary hödürlenildi. Welaýatlaryň estrada we halk aýdymçylary, tans we döredijilik toparlary gallaçylar üçin ajaýyp aýdym-saz sowgatlaryny taýýarladylar. Bu ýerde türgenler hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.