Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny musulman ymmatynyň uly şatlyk bilen belleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Adamzada merhemetliligiň we rehimliligiň belent gymmatlygyny bagyşlaýan Oraza aýynyň nurana günlerinde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Goý, ýagşylykdan doly mukaddes baýramçylyk günlerinde biziň agzybirligimiz we abadançylygymyz berkesin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti


* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Sizi ähli musulmanlaryň mukaddes baýramy — Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, adamkärçiligi, kanagatlylygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bu ruhy baýramçylyk biziň halklarymyza parahatçylyk, agzybirlik we durnuklylyk eçilsin!

Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý Žeenbekow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti


* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Şatlykly Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Goý, Gudraty güýçli Allatagala biziň ählimize saglyk, bagtyýarlyk we bolçulyk eçilsin!

Baýramyňyz gutly bolsun!

Abd Rabbu Mansur Hadi,
Ýemen Respublikasynyň Prezidenti


* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!


Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan şatlykly Oraza baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy iberýärin.

Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdulla II,
Iordaniýanyň Patyşasy


* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize saglyk we abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa ýagşylyk hem-de parahatçylyk dileg edýärin.

Iň oňat arzuwlar bilen,

Haýdar Al Abadi,
Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri


* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!


Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, onuň işgärleriniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň oňat arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlyklara we ösüşlere beslenmegini, ähli musulman ymmaty üçin parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy Gudraty güýçli Allatagaladan dileg edýäris.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýusuf bin Ahmad Al-Osaýmin,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary


* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!


Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we üstünlikleri arzuw edýärin.

Ramil Hasanow,
Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary.