Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.

Milli Liderimiz ir säher bilen öňde boljak ralliniň geçjek ugrunyň jemleýji böleginiň başlanýan ýerine geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Milli Liderimiz olar bilen salamlaşyp, öňde boljak ýaryşlaryň halkara ähmiýetini belledi. “Amul — Hazar 2018” awtorallisi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm, taryhy waka bolmak bilen, dünýä giňişliginde ata Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ralliniň ugurlary şekillendirilen kartanyň kömegi bilen ýoluň aýratynlyklary we has çylşyrymly bölekleri barada gürrüň berdi, sebitleriň her birinde ýaryşyň tapgyrlarynyň tebigy özboluşlylygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Birinji sowal halkara awtorallisiniň ähmiýeti we onuň milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda geçirilýän, halkymyzyň buýsanýan sport syýasaty bilen özara baglanyşygy hakynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanarys. Biziň sport babatda gazanýan üstünliklerimiz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz munuň şaýatlary bolup durýarys. Türkmenler dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli halkdyr, munuň şeýledigini ähli yklymlarda bilýärler. Geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçirildi, ony gerimi boýunça Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdirmek bolar. “Aziada — 2017” tutuş dünýäde uly seslenme döretdi. Biziň sagdyn neslimiz — biziň geljegimiz diýip hasaplaýaryn, hut şolar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Awtoralliniň ýoly, şol sanda Garagumuň altynsow çägeli giňişliginden geçýän ýol hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ýoldan geçmegi baradaky sowala jogap bermek bilen, milli Liderimiz onuň özi üçin täze ýol bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hem-de hem teoretik, hem praktik diýlişi ýaly, ýoly geçmek üçin oňaýly çözgütleri tapmak üçin ony ilki jikme-jik öwrenýär. Döwlet Baştutanymyz kartanyň kömegi bilen ýoluň bu tapgyrynyň tebigy aýratynlyklardan gelip çykýan çylşyrymlylyklaryny düşündirdi. Ýol Hazaryň kenaryndan geçýär hem-de birnäçe çylşyrymly öwrümlere eýe bolup durýar, şolaryň biri pellehana golaý ýerde ýerleşýär. Munuň üçin bir tekeriň deňziň içinde, bir tekeriň bolsa çölüň içinde bolmaly bolýar. 18 kilometr menzili geçmeli. Mahlasy, ähli zat diňe ýolda aýdyň bolar.

Indiki sowal bu ýerde tanyşdyrylan täze awtoulagyň häsiýetnamalary hakynda boldy. Şunda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar milli Liderimiziň ýaryş awtoulaglaryna ussatlyk bilen erk edişine haýran galýarlar we ondan görelde alýarlar, munuň şeýledigine habar beriş serişdeleriniň redaksiýalaryna gelip gowuşýan telefon jaňlary we hatlar şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp zady ilki bilen okap, öwrenýändigini, şondan soň netije çykarýandygyny ýene bir gezek belledi. Bu Germaniýanyň ulagydyr. Bu kysmy ulag “Dakar” rallisine gatnaşyp, iki-üç gezek birinji orny alan ulag.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ulagyny ýasamak pikiri baradaky sowala jogap bermek bilen, ony çägede synap göreninde düzetmeli bolan käbir tehniki meseleleriň bardygyny aýtdy.

Birinjiden-ä, hereketlendiriji biziň howamyzda berk gyzýar, diýmek, sowadyjy ulgamy kämilleşdirmek gerek, ol motory gyzmakdan gorar. Ikinjiden, çägede batmaz ýaly, ýene-de bir zat oýlap tapmaly. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ulagyň tehniki talaplaryny nazara almak bilen, eminler ol heniz ýaryş ýoluna çykmaga taýýar däl diýip hasapladylar. Ýöne ol aňyrsy bir — bir ýarym aýdan çykar. Sebäbi ulagyň mümkinçilikleri örän gowy. Çünki biziň çägelerimizi okgunly böwsüp geçmäge ukyply ýokary tizlikli awtoulagyň täze gurluşynyň ilkinji çyzgylaryny çyzmak bilen, ähli möhüm ölçegler — ýerleriň çylşyrymlylygy, ýoluň ugry we beýlekiler hasaba alyndy. Ähli arifmetiki we geometriki hasaplamalar we tehniki işler geçirilenden soň, çölüň ýollaryna uýgunlaşan awtoulag emele geldi.

Žurnalistleriň indiki sowaly milli Liderimiziň işjeň häsiýetli dynç almagy bilen bagly boldy. Ine, häzir hem zähmet rugsadynda bolýandygyna garamazdan, hormatly Prezidentimiz öz boş wagtyny döwlet işleri bilen utgaşdyryp, ähli wagtyny halkymyz, sport, ýaşlar, ýurdumyzyň geljegi hakynda aladalara bagyşlaýar. Türkmenistanlylar “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň täsirini her gün we her sagatda duýup, ata Watanymyzyň ýyl ýazgysyna täze sahypalary ýazýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adam elmydama hereketde bolmaly, dynç hem almaly, iş bilen hem meşgul bolmaly, şonda durmuşyň gyzygy bolar. Türkmene paýhaslylyk, parasatlylyk, zähmetsöýerlik mahsusdyr. “Ir turan işinden dynar” diýen nakyl hem ýöne ýerden dörän däldir. Adam ýaşlygyndan zähmete uýsa, şonda durmuşyň gadyr-gymmatyny biler. Mysal üçin, biz çagakak oba gidip, ir bilen elimize pil alyp, ýer depmegi gowy görýärdik, şonuň üçin zähmeti dynç almak bilen utgaşdyrmak uly bagtdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň nobatdaky sowalynda “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň halkara ähmiýeti gozgaldy, bu ýaryşdan öň, 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat awtomobil ýaryşy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu sport wakalarynyň yzygiderliligi barada sowal berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak ralliniň beýleki halkara ýaryşlaryndan, şol sanda Dakar tapgyryndan tapawudy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň, ilki bilen, “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de ekologiýa ugruna ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasy, şol sanda ony senagatlaşdyrmak meýilnamalary hut şonuň bilen gös-göni bagly bolup durýar. Sintetiki benzini – ekologiýanyň nukdaýnazaryndan örän arassa ýangyjy çykarýan täze zawody gurmagyň taslamasy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksadyny gazanmaga gönükdirilendir.

Häzir elektronika hem uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçin elektromobilleriň gurakçylyk şertlerinde, aýratyn-da, Türkmenistanyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, özlerini alyp barşyny synamak üçin wagt gerek bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, degişli ylmy-tehnologik barlaglary geçirmegiň zerurdygy barada ençeme gezek aýdyldy, şolaryň netijelerini biz ýurdumyzyň şertlerinde iş ýüzünde ulanyp bilerdik. Hormatly Prezidentimiz geljegiň ekologiýa gös-göni baglydygyny nygtap, “Amul — Hazar 2018” rallisiniň hut şu nukdaýnazardan geçirilmeginiň ekologiýa ýagdaýynyň hemme çäreler, şol sanda awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlary bilen hem möhüm arabaglanyşygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Umuman, öňde boljak ýaryşlaryň eko-ralli-reýd diýlip atlandyrylmagy munuň şeýledigini tassyklaýar.

Munuň özi milli Liderimiziň Garagumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakyndaky öňe süren başlangyçlary bilen baglylykda hem möhüm bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa abadançylygy hem-de Hazaryň biosferasyny gowulandyrmak baradaky mesele hem ähmiýetli bolup durýar. Bu mesele 12-nji awgustda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylar. Biziň rallimiziň hut Hazar deňziniň kenarynda tamamlanýandygyny hem bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi tamamlandan soň, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň jemleýji we çylşyrymly bölekleriniň biri boýunça geçmäge taýýarlanyp, awtomobil sportunyň her bir sürüjiden düýpli we jogapkärli garaýşy talap edýändigini belledi. Bu ýerde ähli zat, şol sanda ýaryş ýolunyň kartasyny jikme-jik öwrenmek, ýaryşa gatnaşyjylaryň egin-eşikleriniň ykjamlygy hem-de beýleki zerur serişdeleriň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmegi, bellenilen düzgünleriň takyk ýerine ýetirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Milli Liderimiz awtoulaga münmezden ozal, sport aýakgabyny süpürdi. Döwlet Baştutanymyz ýaryş ulagyna münüp, howpsuzlyk kemerini dakyndy hem-de dolandyryş, nawigasiýa we aragatnaşyk ulgamynyň işleýşini barlady. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz, ähli işlerinde we başlangyçlarynda bolşy ýaly, esasly we toplumlaýyn çemeleşmesini görkezdi.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize ýoly üstünlikli geçmegi arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bat almazdan öň, Türkmenistanyň IIM-niň awtoulaglar merkeziniň sürüjisini öňe geçirendigini bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoly boýunça awtorallini geçirmek pikirini öňe süren milli Liderimiz onuň durmuşa geçirilişine, guramaçylyk meselelerinden başlap, anyk işlere çenli ähli zatlara hut özüniň gözegçilik edýändigini hem bellemeli. Elbetde, bu özüne çekiji ýaryşlaryň diňe Watanymyzyň durmuşynda däl-de, eýsem, şu ýylyň halkara sport möwsüminiň senenamasynda şanly waka öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Garagumuň içinden geçjek bu ýaryşa gatnaşmaga birnäçe ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň gyzyklanma bildirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz tejribeli türgen hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, şunda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Ine, bu gezek hem milli Liderimiz sport awtoulagyny dolandyrmagyň ajaýyp endiklerini görkezdi: Gahryman Arkadagymyzyň ussatlygynda geçirijilik ukyby ýokary bolan awtoulag ýol bilen ýüzin salyp, tizligini barha artdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda awtomobil ýaryşlarynyň badalga meýdançasynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýoluň başlangyç böleginde synag tapgyryny geçdi hem-de onuň tebigy päsgelçiliklerinden ussatlarça geçmegi başardy.

Maý aýynda bolsa döwlet Baştutanymyz saýlama ýaryşlaryna gatnaşdy, şonda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistana wekilçilik etjek toparlar kesgitlenildi. Milli Liderimiz olara ak pata bermek bilen çäklenmän, eýsem, sport awtoulagyny dolandyrmakda nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýoly geçende ýaryş awtoulagyny dolandyrýan sürüjiniň erki, çydamlylygy, maksada okgunlylygy hem-de ünsüni doly jemlemegi üstünligiň möhüm şertleri bolup durýar. Şeýle hem şonda döwlet Baştutanymyz ýaryş ýolunyň gurluşy we beýleki ýagdaýlary bilen içgin tanyşdy.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleri birleşdirýän iri abraýly ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Elbetde, häzir eýýämden “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekmek bilen, milli sporty ösdürmäge täze itergi berip, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň, sport döwleti hökmünde abraýynyň artmagyna ýardam eder.

Balkan welaýatynyň çäginden geçýän ýaryş ýolunyň jemleýji bölegini gurşap alan tebigatyň özboluşlylygyny bellemek gerek. Onuň ugry ajaýyp ýerlerden geçip, bu ýerde Hazaryň kenarynyň hem-de deňiz giňişliginiň gözelligi sazlaşykly utgaşýar. Ruhubelentligiňi artdyrýan şeýle täsin tebigy sazlaşyk ýaryşa gatnaşyjylar üçin ruhlandyryjy şert bolup durýar. Milli Liderimiziň dolandyrýan, öňe sary okdurylyp barýan sport awtoulagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň ýolunda täze üstünliklere tarap ynamly hereketini alamatlandyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, hünärmenler dürli görnüşli ösümlikleri we haýwanlary bolan tebigatyň bu künjeginiň ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýaryşa taýýarlyk görlende, tebigaty goramak ugruna uly ähmiýet berilýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi ençeme asyr mundan ozal, Aziýany we Ýewropany diňe söwda däl-de, eýsem, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran, ady rowaýata öwrülen taryhy ýoly häzirki döwürde dikeltmäge mynasyp goşant bolar.

…Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny ýokary tizlik bilen ussatlarça dolandyryp, pellehana birinji bolup geldi hem-de bu ýerde birnäçe aýlaw etdi. Bu ýerde milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. 18 kilometr aralygy 14 minut 30 sekuntda geçen hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagyndan düşüp, ýoluň özboluşlylygyna ýene bir gezek ünsi çekdi, munuň özi ýoluň geçýän çäginiň tebigy aýratynlyklary, şol sanda Garagum çöli bilen şertlendirilendir. Bu bolsa ýoluň ol ýa beýleki tapgyrlarynda çylşyrymlylygyň dürli derejesini döredýär, munuň özi sürüjilerden ýokary ussatlygy hem-de ýaryşlara toplumlaýyn taýýarlygy talap edýär.

Soňra milli Liderimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan sergi bilen tanyşdy. Bu ýerde içeri işler ministri I.Mulikow degişli hasabat bilen çykyş etdi.

Sergide mahabat bannerleriniň we pannolaryň görnüşleri, ýaryşlaryň nyşanlary, türgenleriň, meýletinçileriň hem-de hyzmat edýän işgärleriň egin-eşikleriniň nusgalary, dürli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri, ýurdumyzyň dokmaçylarynyň taýýarlan dürli görnüşli dokma önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyza Türkmenabat şäherinde awtoralliniň badalga alýan ýeriniň çyzgylary, sport ýaryş awtoulaglarynyň görnüşleri we tehniki häsiýetnamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän, dürli ulaglar şekillendirilen plakatlar görkezildi.

Şeýle hem bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine ýörite bagyşlanyp taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, halkara awtorallisine gabatlanyp çykaryljak önümleriň hili bilen bir hatarda, şolaryň bezegi hem-de özboluşlylygy, milli bezeg önümlerini döwrebap dizaýner işleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp peýdalanmak ýaly ugurlara uly üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ugurda işler degişli guramaçylyk meselelerini çözmek bilen birlikde amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we içeri işler ministrine hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, degişli ýolbaşçylara ralliniň geçjek ýolunyň ugrunda hem-de jemleýji böleginde duralgalarda medeni çäreleri guramak barada anyk görkezmeleri berdi. Şolarda şanly wakanyň dünýä derejesindäki ähmiýeti, ýurdumyzyň sportunyň gazananlary öz beýanyny tapmalydyr.

Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň çykarýan sport lybaslary hem-de sowgatlyk önümleri barada aýdylanda bolsa, şolar hem milli öwüşginlere eýe bolmalydyr. Şolaryň bezelişinde türkmen topragynyň gözelligini hem-de tebigy ajaýyplyklaryny, şol sanda Garagumuň we Hazaryň kenarynyň gözelliklerini şöhlelendirýän zatlar ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Özboluşly sowgatlyklar bolsa biziň myhmanlarymyz üçin Türkmenistan hem-de öňde boljak uly sport baýramçylygy hakynda ýatdan çykmajak zatlara öwrülmelidir.

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu çärä taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek bilen bagly bolan ähli meselelere örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, bu halkara ýaryşlarynyň ýatdan çykmajak, şanly waka bolmagy üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, alyp barýan işlerinde hem-de öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

***

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Hazar deňziniň giňişlikleri boýunça “Galkynyş” atly häzirki zaman gämisinde gezelenç etdi. Gäminiň kapitany milli Liderimize gäminiň ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi.

Ak guw ýaly gämi tolkunlary böwsüp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaýylyp ýatan gözel kenaryň ugry bilen ýüzüşe başlady. Dynç alyş zolagy saglygyňy dikeltmek we berkitmek, göwnejaý hem-de işjeň dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin zerur bolan ähli şertlere we mümkinçiliklere eýedir. Halkara derejeli deňiz şypahanasyny kemala getirmek we abadanlaşdyrmak, onuň düzümini ösdürmek hem-de deňiz ýakasynyň ägirt uly sagaldyş kuwwatyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler gerimi we pikiri boýunça bu ajaýyp taslamanyň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Mundan başga-da, dynç alyş zolagynyň amatly ekologiýa ýagdaýyny hem-de ajaýyp tebigy şertlerini — arassa howasyny, altynsow çägeli kenaryny, deňizde suwa düşülmegini we Gün wannasynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Hazaryň ajaýyp görnüşi has-da ruhlandyryp, asyl bolşy üýtgemedik gözelligi bilen akylyňy haýran edýär. Bularyň hemmesi ajaýyp dynç alynmagyny kepillendirýär, ruhubelentligiňi artdyrýar, gowy duýgularyň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýär. Her ýyl bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem ýurdumyzyň myhmanlary dynç almaga gelýärler. Amatly şertleriň, ýokary hilli hyzmatlaryň we medeniýetli dynç almagyň bu ýerde diňe tomusda däl-de, eýsem, “mahmal möwsümi” diýlip atlandyrylýan döwürde, umuman, tutuş ýylyň dowamynda kepillendirilýändigini bellemek gerek.

Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport merkezi derejesine ynamly eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara häsiýetli dürli çäreleriň geçirilýän ýerine hem öwrüldi.

Häzir Hazaryň kenarýakasynda okgunly ösýän, ýokary amatlyklary bolan deňiz dynç alyş zolagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünlikli bolmagynyň nyşany hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeler bu täzeçil durmuş-ykdysady strategiýanyň gös-göni netijeleri bolup, ekologiýa ugry hem olaryň aýrylmaz we möhüm bölegidir.

Gäminiň üstünden “Awazanyň” binagärlik toplumynyň ajaýyp görnüşi açylýar, şolaryň hatarynda ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej şäherjikleri, saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary bar. Syýahatçylyk zolagynyň düzümini has-da giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu şypahana merjeniniň desgalary ýerli tebigat aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşyp, ony döretmek taslamasynyň esasynda innowasion çemeleşme we öňdebaryjy çözgütler goýuldy. Her binanyň hem-de desganyň bolsa özboluşly nusgasy we dizaýny bar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu ýerde tomus döwri üçin häsiýetli bolan köpçülikleýin zähmet rugsatlary möwsümi bilen bagly goşmaça guramaçylyk çäreleri görüldi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana ulgamy kämilleşdirilýär, dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri artýar. Bu ýerde ulularyň hem-de çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirip bilmegi üçin şertler döredildi. Degişli enjamlary bilen üpjün edilen çagalar oýun meýdançalary hem-de dürli güýmenjeleri bolan seýilgäh-dynç alyş toplumlary çagalaryň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüldi.

Deňizde gämili gezelenjiň barşynda döwlet Baştutanymyz öz agtyklary bilen behişdi mekany, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrülen Awazanyň gözel keşbini synlady.

Şol wagt bu ýerde bolup geçen şanly wakalaryň hormatyna deňziň kenarynda sungat ussatlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandy. Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar Hazaryň giňişligi boýunça ýoluny dowam edip barýan ak guw ýaly gäminiň üstünde duran Arkadag Prezidentimizi mähirli we tüýs ýürekden mübäreklediler. Çykyşlar tamamlanandan soň, Awazanyň agşamky asmanyna feýerwerkiň dürli öwüşginleri şugla saçdy.