«Sag­lyk — 2018» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra

Hor­mat­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly dost­lar, eziz myh­man­lar!


Si­zi Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nan «Sag­lyk — 2018» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň we yl­my mas­la­ha­tyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den mä­hir­li gut­la­ýa­ryn. «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len 2018-nji ýyl­da aja­ýyp hü­när baý­ra­my bo­lan Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ni da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry­myz bi­len da­ba­ra­ly gar­şy­la­mak mö­hüm wa­ka­dyr. Hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­naş­ýan da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar, eziz dost­lar, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy Türk­me­nis­ta­nyň gö­zel paý­tag­ty Aş­ga­ba­da hoş gel­di­ňiz! Şan­ly baý­ra­ma ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ryň, me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­riň siz­de şat­lyk­ly duý­gu­la­ry, tol­gun­dy­ry­jy tä­sir­le­ri, unu­dyl­ma­jak pur­sat­la­ry gal­dyr­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­rin!

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da adam jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de ata Wa­ta­ny­myz go­rag­ly­lyk ba­bat­da ýo­ka­ry dur­muş öl­çeg­le­ri­ni üp­jün ed­ýän döw­let hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Bi­ziň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­myz her bir şah­sy­ýe­tiň er­kin hem-de sag­dyn ös­me­gi­ne, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Şo­ňa gö­rä-de, döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni ga­zan­ma­gyň, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da­ky top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler bar­ha ro­waç­lan­ýar.

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na», «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na we beý­le­ki mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri düýp­li öz­ger­di­lip, maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy­nyň hyz­mat­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. Ra­ýat­lar üçin döw­let meý­le­tin sag­lyk äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy gi­ri­zil­di we kä­mil­leş­di­ril­di. Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän hä­zir­ki za­man ke­sel­le­ri anyk­la­ýyş-be­je­riş mer­kez­le­ri­ni, ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry, der­man se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­ny gur­mak ba­bat­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy.

Luk­man­çy­lyk yl­my­ny düýp­li ös­dür­mek, in­no­wa­sion iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, luk­­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni we el­ýe­ter­li­li­gi­ni hem-de hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, aý­ra­tyn-da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ro­waç­lan­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.

Bi­ziň ýur­du­myz sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da äh­lu­mu­my ösüş­le­riň, aba­dan­çy­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de hem-de gi­ňelt­mek­de oňyn tej­ri­be­le­ri top­la­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bo­lan Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy, Ça­ga­lar gaz­na­sy, Ilat gaz­na­sy, şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len bi­le­lik­de mö­hüm tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di.

Yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan hem-de dur­muş ugur­ly sag­lyk sy­ýa­sa­ty­my­zyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň se­ne­na­ma­sy­na aja­ýyp wa­ka­la­ryň en­çe­me­si ýa­zy­lyp, ýur­du­myz dra­kun­kul­ýoz, po­lio­mi­ýe­lit, gyz­zyr­ma, gy­za­myk we gy­zyl­ja ke­sel­le­ri­niň ýok edi­len­di­gi, unuň de­mir we fo­liý tur­şu­sy, du­zuň ýod bi­len baý­laş­dy­ry­lan­dy­gy ba­ra­da­ky hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ry­na my­na­syp bol­dy. Bu­la­ryň äh­li­si döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bi­len, dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny hem-de mer­te­be­si­ni hem tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­ýär!

Hor­mat­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!

Ýur­du­myz­da luk­man­çy­lyk yl­my­nyň örän çyl­şy­rym­ly na­no­luk­man­çy­lyk, na­no­bio­lo­gi­ýa, na­no­bio­teh­no­lo­gi­ýa, ge­no­mi­ka, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, öý­jük be­jer­gi­si, far­ma­ko­ge­no­mi­ka ýa­ly tä­ze ugur­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, ke­sel­le­ri anyk­la­mak we be­jer­mek üçin öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ni, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de te­le­luk­man­çy­ly­gy ulan­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, biz ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ugur­la­ry­ny has-da ös­dür­me­gi, tä­ze be­jer­gi hem-de der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­me­gi, ta­kyk anyk­la­ýyş we be­je­riş usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­gi, iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy örän mö­hüm we­zi­pe­ler ha­sap­la­ýa­rys.

Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň at-ab­ra­ýy­nyň, şan-şöh­ra­ty­nyň dün­ýä ýaň sal­ýan «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my­na ga­bat­la­nyp, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy­nyň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň we Ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy­nyň bi­na­la­ry­nyň açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na hem-de tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­niň yzy­gi­der­li gi­ňel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da­ky öz­gert­me­le­ri has-da çuň­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­nyň», «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2018 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­nyň» hem-de «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň psi­hi­ki sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2018 — 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­nyň» sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­na ýar­dam ber­mek bi­len, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin hem örän mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly dost­lar, eziz myh­man­lar!


Si­zi «Sag­lyk — 2018» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň we yl­my mas­la­ha­tyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Bu ser­gi­niň we mas­la­ha­tyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ýe­ten de­re­je­si bi­len ta­nyş­dyr­mak­da, öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da, şeý­le hem döw­re­bap bi­lim­le­ri we tej­ri­be­le­ri öz­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn.

Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, eg­sil­mez bagt, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak ýa­ly asyl­ly iş­le­ri­ňiz­de el­my­da­ma üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­rin!

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.